SATLYK, syp. 1. Satmak üçin niýetlenen,
satmaga çykarylan, satmaga degişli. Satlyk haryt.
Satlyk goýun. 2. göç.m. Pula tutulan, pula satylan.
Satlyk adam. 3. Oglana dakylýan at.
SATMA, iş ady. Satmak ýagdaýy. Sagyp oturan
sygryny satmasy bolanok.
SATMAK, işl. 1. Harydy degişli bahasyna
ýerlemek. Hindistana bezirgenlik kylanlar, Malyn
satyp geldi, bular gelmedi (Magtymguly). 2. göç.m.
Kimdir birini başga birine ýamanlamak, şugullamak;
dönüklik etmek.
SATMAKLYK, iş ady. Satmak ýagdaýy.
SATMAZLYK, işl. 1. Harydy satlyga çykaryp
ýerlemezlik. 2. goç. m. Birini başga birine
ýamanlamazlyk, şugullamazlyk;dönüklik etmezlik.
SATUW, at. Öndürilen önümleri satmaklyk,
satyş. Satuwa çykarmak. Bölek satuw.
SATYBERMEK [satyvermek], işl. Satmaga
başlamak, satyp ugramak; satmagy dowam etdirmek.
Pomidorlary, hyýarlary ak bazaryň göteren ýerinden
satyber.
SATYJY, at. Dükanlarda alyjylara haryt satýan
söwda işgäri. Mata dükanynyň satyjysy.
SATYJYLYK, at. Satyjynyň käri, ýagdaýy.
SATYLMAK, işl. 1.Belli bir möçberdäki pula
berilmek. 2-3 sagadyň içinde 100 müň manatlyk
önüm satyldy. 2. göç.m. Dönüklik edip, biriniň
tarapyna geçmek, haýynlyk etmek. Arman, bularyň
bupirimini Mirhaýdara satylan Gaharguly han
duşmana paş edipdir (N. Pomma).
SATYN: satyn almak zat, pul berip, eýe bolmak.
SATYP-SOWMAK [satyp-sowmok], işl. Satyp
ýoklamak, satyp harçlamak.
SATYŞ, iş ady. Satmak ýagdaýy.
SATYŞMAK, işl. 1. Satmaga kömekleşmek. Men
agama dowar satyşdym.2. Bilelikde satmak. Ol
gawun satyşyp duran adamlaryň her haýsynyň
gawunyny bahaladyp gördi.
Do'stlaringiz bilan baham: |