SARYÇÖP [sa:ryçöp], at, ösüml.d. Boýag üçin
ulanylýan dagda bitýän ot.
SARYÇYRMAŞYK
[sa:ryçyrmaşyk],
at,
ösüml.d.Inçe sary baldak görnüşinde beýleki
ösümliklere çyrmaşyp, ýelmeşip, olaryň hasabyna
ösýän ot.
SARYÇÝAN [sa:ryçýa:n], at. Halynyň gyrasyna
we beýleki el işlerine salynýan köp aýlawly nagyş.
SARYDIŞ [sa:rydi:ş], syp. Ýaşy bir çene baran,
gartaşan (aýal maşgala hakynda). Alsaň bir sarydiş
garry aýaly, Oýnaşyp gülüşseň sapasy bolmaz
(Magtymguly).
SARYGANAT
[sa:ryğa:nat],
at.
Halynyň
älemine salynýan ortasy goçakly, ganat şekilli nagyş.
SARYGARYNJA [saryğarynja], at. Topar-topar
bolup ýeriň üstünde we aşagynda, agaçlarda öýjük
gurnup ýaşaýan we jaýlara, agaçlara uly zyýan
ýetirýän garynja meňzeşräk mör-möjek (onuň iň köp
ýaýran ýeri subtropik we tropik howaly ýerlerdir).
Öýüň üstüne goýlan pürsleri sarygarynja iýipdir.
SARYGAÝMA [sa:ryğaýma], at. Tahýanyň
depesine salynýan dört sany üçburç, sary nagyş.
SARYGETIRME [sa:ryğetirme], at, lukmanç.
Endamyňa sary ornamak, reňkiň saralmak bilen ýüze
çykýan howply bagyr keseli.
SARYGOÇAK [sa:ryğoçok], at. Nagşyň bir
görnüşiniň ady.
SARYGULAK
[sa:ryğulok],
at.
Aýal
geýimlerine keşde bilen salynýan, içi dört bölege
bölünýän, aralary ownuk nagyşly tegelek bejergi.
SARYGÜL [sa:ryğül], at. 1. ösüml.d.Boýy 30-80
sm bolan, açyk sary reňkli gülli ösümlük. 2. Gyza
dakylýan at.
SARYGYBERMEK
[saryğyvermek],
işl.
Sarygyp başlamak.
SARYGYŞMAK [saryğyşmak], işl. Suwy
çekilip, birneme guraşmak, çalygyşmak. Öýlerine
baryp, olaryň her haýsy bilen aýratyn maslahatlaşýar
we ýerler sarygyşan badyna etmeli işlerini
tabşyryşdyrýar (A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |