Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SARABERMEK [sara:vermek], işl. Sarap  başlamak. Indi ýumaklary sarabermeli.  SARAG


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet424/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   420   421   422   423   424   425   426   427   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SARABERMEK [sara:vermek], işl. Sarap 
başlamak. Indi ýumaklary sarabermeli. 
SARAG [sarağ], at, gepl.d. Ýara ýa-da başga bir 
zadyň daşyna saramak üçin zolak mata, sargy, daňy. 
Çapany bar egri dyzdan, Saragy bar gara bizden (Ç. 
Aşyrow). 
SARALDYBERMEK [sa:raldyvermek], işl. 
Saraldyp başlamak, saraldyp ugramak. 
SARALDYLMAK [sa:raldylmak], işl. Reňki 
sary edilmek.
SARALMAiş ady. Saralmak ýagdaýy. 


244 
SARALMA [sa:ralma], iş ady. Saralmak 
ýagdaýy. 
SARALMAKişl. Bir zadyň (naýçanyň, tütäniň, 
dükjäniň we ş.m.) daşyna oralmak. Gazanlarda 
bökjekleýän pileler tutguçlaryň kömegi bilen, göze 
çala ilýän sapaga öwrülip, beýle ýüzdäki leklekilere 
saralyp dur (

Edebiýat we sungat

). 
SARALMAK [sa:ralmak], işl. 1. Sary reňke 
öwrülmek, sary bolmak. Garamtyl murtunyň 
towlanyp duran ujy biraz saralypdyr. 2. göç.m. Belli 
bir sebäbe görä reňkiň üýtgäp horlanmak. Ol çöp 
ýaly boldy, reňki saraldy, gözleri hanasynyň içine 
gitdi (B. Seýtäkow).
SARALMAKLYK [sa:ralmaklyk], iş ady. 
Saralmak ýagdaýy. 
SARALTMAK [sa:raltmak], işl. 1. Sary reňke 
öwürmek, sary etmek. Ýüpi boýap saraltmak. 2. Belli 
bir sebäbe görä horlatmak, igletmek. Ilki Zylyhany 
ejesiniň ölümi saraltdy, soňam pahyr öýden ulukjyn 
aldy (

Edebiýat we sungat

). 
SARALY [sa:ra:ly], at. Garaly ýaly miwe 
getirýän agaç we onuň sary miwesi, saryluw. Şu ýyl 
saralydyr garaly agaçlarynyň hasyly gowy boldy. 
SARALYP-SOLMAK [sa:ralyp-solmok], işl. 
Biriniň ýa-da bir zadyň gaýgysyny, aladasyny edip 
horlanmak. 
SARALYŞ, iş ady. Saralmak ýagdaýy. 
SARALYŞ [sa:ralyş], iş ady. Sary bolmak 
ýagdaýy. 
SARALYŞMAK [sa:ralyşmak], işl. Sary reňke 
öwrülişmek, saralyp başlamak. Agaçlaryň saralyşan 
ýapraklary ýere döküldi. 
SARAMA, 
iş 
ady. 
Saramak 
ýagdaýy. 
Türkmenlerde bukjanyň daşyny alaja bilen sarama 
däbi bar. 
SARAMAK, işl. 1. Bir zadyň daşyna ýüp, sargy 
we ş.m. oramak, orap daňmak. 2. Ýüpi, ýüplügi bir 
zadyň daşyna oramak. On barmaga synym düşdi, 
Naýça ýüpek sarap durka (K. Gurbannepesow).
SARANMAK, işl. 1. Bir ýeriňi sargy bilen 
saramak, daňmak. 2. Özüň üçin sapak saramak. 
SARAŞDYRMAK, işl. 1. Sargy bilen sarap, orap 
çykmak, oraşdyrmak, daňyşdyrmak. Kim gamyş 
baglaryny, kim söýe baglaryny saraşdyrýardy 
(

Edebiýat we sungat

). 2. Ýüplükdir sapak ýaly 
zatlary ýumaga sarap çykmak..Asman eje ýüplügini, 
Mäşirigine saraşdyrdy (K. Gurbannepesow).  
SARAŞMAK, işl. 1. Saramaga kömekleşmek. 2
Bilelikde saramak. Iki sany gelin çarhda naýçalara 
argaçlyk ýüplükleri saraşyp otyrdy. 
SARATMAK, işl. Saramak işini başga birine 
etdirmek. Ýumak saratmak. Naýça saratmak. Tüte 
saratmak. 
SARAÝ, at. 1. k.d. Köşk. 2. Içinde mal-gara 
daňylýan, saklanýan giden giň howly. Saraýda atyny 
baglap, şanyň ýanyna salama bardy (

Nejep oglan

). 
Ol jaýyň içi edil saraýyň içi ýaly giňdi hem şaglap 
duran salkyndy (A. Gowşudow). 3. gepl.d. Mal 
bazary. 
SARAÝJY, at. Kärhanalarda ýüpek, sapak 
saramak işini ýerine ýetirýän (işçi, gural we ş. m 
hakynda). Ol saraýjy bolup işleýär. 
SARAÝMAN [saraýma:n], at, kön.s.Saraý 
sakçysy, saraý garawuly. Saraýmanyň ogly bu guly 
äkidip, patyşanyň gyzyna alty ýüz teňňä satdy 
(

Türkmen halk ertekileri

).
SARAÝYŞ,iş ady. Saramak ýagdaýy. Garry 
enäniň ýumak saraýşyna ünsli seret, şeýtseň özüňem 
öwrenersiň
SARÇ, syp. Adama, ele öwrenişmedik, tez. Sarç 
at onuň bilen gaty bir ugurdaşam gopaýmady (Ý. 
Mämmediýew).
SARÇLYK [sarşlyk], at. Sarç malyň ýagdaýy, 
tezlik. 
SARDOBA [sardo:vo], at. Çöl içinde ýagyş-
ýagmyryň suwy ýygnalyp saklanýan üsti ýapyk 
howuz. 
SARGALMAK [sarğalmak], işl. 1. Bir ýumşy 
bitirtmek üçin haýyş edilmek, sargyt edilmek, ýumuş 
buýrulmak, sarylmak.  
SARGAMA [sarğama], iş ady. Sargamak 
ýagdaýy. 
SARGAMAK [sarğamak], işl. 1. Birine bir zady 
berk tabşyrmak. 

Geläýse bazara barsyn

diýip 
sargap gaýdan ekeniň (H. Derýaýew). Atasy 
ogullaryna hemişe: 

Eliňizden gelse, adama ýagsylyk 
ediň

diýip sargardy. 2. gepl.d. Biriniň bir zat alyp 
gelmegini sargyt etmek, sarmak. Tapmadym men 
bazardan, Seniň sargan armydyň (K. Taňrygulyýew).
SARGAMAKLYK [sarğamaklyk], iş ady. 
Sargamak ýagdaýy. Gazet sargamaklyk üçin geldim. 
SARGAMAZLYK [sarğamazlyk], iş ady. Sargyt 
etmezlik. 
SARGAN [sarğan], at. Owuz süýdünden bişirilip 
taýýarlanýan önüm. Süýdünden sargan bolar, 
Ýüňünden urgan bolar (Halk döredijiliginden). Ak 
goýun süýdünden edilýän sary sarganyň tagamy 
nähili! (B. Hudaýnazarow). 
SARGARMAK [sarğarmak], işl., k.d. Saralmak. 
Sepil boldum, jümle jahany ýörüp, Gapyl galdym, 
gam öýünde sargaryp (Magtymguly). 
SARGARYP-SOLMAK [sarğaryp-solmok], işl., 
ser. Saralyp-solmak. Seniň hasratyňdan sargaryp-
soldum, Jebri-tygyň bilen bagrymy dildiň (Halk 
aýdymyndan). 
SARGAÝYŞ [sarğaýyş], iş ady. Sargamak 
ýagdaýy. 
SARGY [sarğy], at. 1. Ýara ýapylýan bejergi 
daňysy. Ol ýaramyň sargysyny täzeledi. 2. Atyň 
keçesiniň üstünden bilini saramak üçin öýdüme bilen 
owunjak nagyşlar salnyp dokalýan insizje zolak. 3. 
Dokmanyň kiçijik kelep ýaly edilip saralan argaçlyk 
ýüpi. 
SARGYLT [sa:rğylt], syp. Sary öwüsýän, 
sarymtyl. Ol enaýy saýraýan sargylt bilbili görmek 
niýeti bilen, ondan-oňa ylgaýardy (B. Kerbabaýew).
SARGYT [sarğyt], at. 1. Biriniň başga birine bir 
zady aýtmagy, tabşyrmagy, ýerine ýetirmegi hakynda 
edilýän haýyş, tabşyryk. 2. Bir ýerden haryt, önüm 


245 
we ş.m. almak üçin edilýän tabşyryk, buýurma 
ýumuş. 
SARKDYRMAK [sarykdyrmak],işl. Syrykdyryp 
akdyrmak, syrykdyrmak. Iýmek isleýärdi öwrenen 
garyn, Gyllygyn sarkdyrýar süýt içen erin (P. 
Körpäýew). Ganyny sarkdyrmak.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   420   421   422   423   424   425   426   427   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling