Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet417/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   413   414   415   416   417   418   419   420   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SANLY [sa:nly] syp. 1. San bilen işleýän, san 
bilen aňladylýan. Sanly telewideniýe. 2. Käbir wagt 
aňladýan sözler bilen gelip

sähel, azajyk, az

manysynda ulanylýan söz. Uçar sanly sagatda 
Aşgabada gelip gondy.  
Az sanly san taýdan az. Az sanly adam.
SANMA [sa:nma], iş ady. Sanmak ýagdaýy. 
SANMAK [sa:nmak], işl. 1. kön.s. Bir zadyň 
deregine hasap etmek, bir zadyň hasabynda görmek, 
saýmak, hasaplamak. Gulzumy gyr sanyp, kyrk ýol 
geçer men, Eger ki meýl etse, ýar bizim sary 
(Magtymguly). 2. Ýetmek, barmak, bolmak. Gün 
öýlä sananda, ol sürümiň hilini barlamak üçin jaryň 
ilersinde işleýänleriň ýanyna gitmekçi boldy (R. 
Allanazarow). 
SANMAKLYK [sa:nmaklyk], iş ady. Sanmak 
ýagdaýy. 
SANMA-SAN [sa:nma-sa:n], hal. Sany boýunça, 
sanyna laýyk, sanyna görä, ýeke-ýekeden sanamak 
arkaly. Senden alan zatlarymy sanma-san yzyna 
gaýtaryp bererin
SANMAZLYK [sa:nmazlyk], işl. Bir zadyň 
deregine hasap etmezlik. Görüň, messana basyp
bizleri sanmaz gelin (Kemine). 
SAN-SAJAK [sa:n-sa:jak]: san-sajagy ýok örän 
köp, san taýdan gaty köp, sansyz. Akylyň gözbaşy 
ylym ojagy, Ýok munda okaýanyň sany-sajagy (A. 
Kekilow).
SAN-SALA [sa:n-sala:], at. Sylanyşyk, hormat. 
San-sala goýmadyň, ömrüm kül etdiň, Ýarym ýyldan 
geçdi, bendi – gul etdiň (Baýly şahyr).
SANSYZ [sa:nsyz], çal. 1. Biçak köp, örän köp, 
ummasyz. Ýetime-ýesire dözseň, mal berseň, Sansyz 
sogap dörär barsaň yzyndan (Magtymguly). 2
göç.m. Adam sanyna geçmeýän, hiz zat oňarmaýan, 
elinden iş gelmeýän. Obada jeň tapsa, sansyz 
bidöwlet, Mert oglunyň depesinden muş döker 
(Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   413   414   415   416   417   418   419   420   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling