Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- SANAMA
- SANATMAK
- SANAWÇY
- SANÇMAKLYK
SANAGLY [sa:nağly] II, at. Adama berlen ömür.
◊ Sanaglysy dolmak ömür tanapy kesilmek, ajaly ýetmek, ölmeli wagty gelmek. SANALGY [sa:nalğy], at. 1. Öňden sanalyp goýlan, hasaby çykarylan, sany belli edilen. 2. ser. Sanly 1. SANALMAK [sa:nalmak], işl. Sany sanamak arkaly belli edilmek, anyklanmak. Onuň bakýan sürüsi sanaldy. SANAMA [sa:nama], 1. iş ady. Sanamak ýagdaýy. 2.ser. Sanawaç 2. SANAMAK [sa:namak], işl. Bir zadyň sanyny, mukdaryny, jemini hasaplap bilmek, hasaplamak. SANAMAKLYK [sa:namaklyk], iş ady. Sanamak ýagdaýy. SANAMAZLYK [sa:namazlyk], iş ady. Bir zadyň sanyny, mukdaryny hasaplamazlyk. SANAŞDYRMAK [sa:naşdyrmak], işl. 1. Birnäçe zady sanap çykmak. 2. Birnäçe zadyň adyny, sanyny yzly-yzyna aýtmak, diýmek. Ol bir topar zatlaryň adyny sanaşdyryp başlady (J. Akyýew). SANAŞMAK [sa:naşmak], işl. 1. Bir topar zady sanap çykmak. 2. Biri bilen bir zadyň jemini hasaplamak. – Iň gowusy, ýaş sanaşalyň, kimiň ýaşy uly bolsa, şol iýmeli – diýip, bir maslahat tapan ( Türkmen halk ertekileri ). 3. göç.m. Biri bilen gygyryşmak, sögüşmek, sene-mene edişmek. Meniň bilen sanaşmaga geldiňmi ýa-da başga ýumşuň barmy? (B. Seýtäkow). SANAŞYK [sa:naşyk], at, taryh. Ýer, suw paýlanyşygynda sanawa girizmek düzgüni. Suw sanaşygynda, hada paýlanyşygynda, nobat aýlanyşygynda, seniň, asyl köpiňiziň agzyňyz mumly ýaly (B. Kerbabaýew). SANATMAK [sa:natmak], işl. Bir zadyň sanyny birine hasaplatmak. Şolary bir-birden sanatdym. SANAW [sa:now], at. Bir zadyň sany, jemi, möçberi, mukdary hakynda maglumat. SANAWAÇ [sa:nowa:ç], at, edeb. Oýunda eşekçini, döwçini, kimiň çykyp, kimiň galýandygyny belli etmek üçin sanalýan, ýerine ýetirilýän şahyrana halk döredijiliginiň bir görnüşi. – Ogul ýaşy uzyn bolsun! – diýip, tükeniksiz sanawaçlar sanarlar (A. Gowşudow). 239 SANAWÇY [sa:nowçy], at, mat., ser. Sanawjy. SANAWJY [sa:nowjy], at, mat. Drobuň üstündäki bölünýän san. SANAÝYŞ [sa:naýyş], iş ady. Sanamak ýagdaýy. SANÇDYRMAK [sanyşdyrmak], işl. 1. Sanjym etdirmek. 2. Ujy ýiti bir zady biriniň kömegi bilen dürtmek. 3. Agaç nahalyny ekdirmek, şitili oturtdyrmak. 4. lukmanç. Keseliň öňüni almak üçin, ýörite iňňe bilen derman goýbertmek. SANÇGY [sançğy] I, at, lukmanç., ser. Sanjym. SANÇGY [sançğy] II, at. Balygy sanjyp tutmak üçin ujuna üç sany demir çiş berkidilen uzyn taýak. SANÇMA, iş ady. Sançmak ýagdaýy. SANÇMAK, işl. 1. Ujy ýiti çişi, iňňäni we ş.m. bir zada çümdürmek, dürtmek, sokmak. 2. Agaç nahalyny ekmek, şitil oturtmak. Ýere sanjan zadyň hasyl berer. 3. lukmanç. Bedene ýörite iňňe arkaly derman goýbermek. Towuklaryň bir ýanyndan ählisini sanjyp çykmak Şüküre iki-üç gün iş boldy (T. Gurbanow). SANÇMAKLYK, iş ady. Sançmak ýagdaýy. SANÇMAZLYK, işl. Sançmak işini etmezlik. SANDAL [sannal], at. Demir, kümüş ussalarynyň üstünde demir we ş.m. süýmek, ýençmek üçin aýratyn görnüşli uly demir ýassygy. Ýekedaban bolsaň – urmak ýaraşar, Sandal bolsaň – çydap durmak ýaraşar (K. Gurbannepesow). SANDAŞ [sa:nnaş], syp. San taýdan deň. Orta boýly bugdaýyň içinde egri oragy aýlap salýan orakçylar, selçeň gögeren günebakar bilen sandaşdy (B. Kerbabaýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling