SALAMLAŞMAK [sala:mlaşmak], işl. Birine
salam bermek, salamyny almak; saglyk-amanlyk
soraşmak.
SALAMLAŞMAZLYK [sala:mlaşmazlyk], iş
ady. Salam alyşmazlyk, sag-gurgunlyk soraşmazlyk.
SALAMLAŞYBERMEK
[sala:mlaşyvermek],
işl. Salamlaşyp başlamak. Sen ol otagdakylar bilen
salamlaşyber, menem häzir yzyňdan bararyn.
SALAMLAŞYŞ
[sala:mlaşyş],
iş
ady.
Salamlaşmak ýagdaýy.
SALAMNAMA [sala:mna:ma], at, k.d., ser.
Salam: salam haty. Mejnunyň atasy oňa salamnama
ýazdyrdy we ony bir adamdan iberdiler (
Leýli –
Mejnun
).
SALATY, syp. Ýurtýykan, bozuk, ýaramaz (aýal
hakynda).
SALATYN [sala:tyn], at, kön.s. Soltan, patyşa;
hökümdar, hakim.
◊ Salatyn boýly uzyn, görmegeý, syratly. Bir
salatyn boýlym sallanyp geldi (
Saýatly – Hemra
).
SALAWAT [salowa:t], at. 1. Alkyş. Münen aty
ýer böwsen, Geýen dony gül öwsen, Gidende çapar
233
atly, Gelende salawatly (Halk döredijiliginden). 2.
Oglana dakylýan at.
SALAWMALEÝKIM [salowma:leýkim], at.
Erkek adamlaryň biri-birine duşanda berýän salamy.
Diňe Nurulla golaý gelip: – Salawmaleýkim,
Magtymguly aga! – diýip, ýylgyryp, elini uzadandan
soň, tanyş sypat huşuna geldi (G. Kulyýew).
SALÇY [sa:lçy], at. Sal sürýän adam.
SALDAM [sallam], at. 1. El bilen göterilip
görlende duýulýan agram, agyrlyk. Daşyna solak
gyzyl gülli çit çekilen galyň kitap ellerine saldam
berip dur (N. Saryhanow). 2. Agyrlygyň öz-özünden
salýan agramy. Agyr gozalar öz saldamyna yranýardy
(B. Kerbabaýew).
◊ Saldamyna goýbermek öz ugruna, öz badyna,
öz hereketine goýbermek. Sen byçgyny öz saldamyna
goýbereňok! (B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |