Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÜRMELEÝIŞ  [sürmölöýüş],  iş  ady.  Sürmelemek ýagdaýy.  SÜRMELÄBERMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet494/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   490   491   492   493   494   495   496   497   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜRMELEÝIŞ 
[sürmölöýüş], 
iş 
ady. 
Sürmelemek ýagdaýy. 
SÜRMELÄBERMEK [sürmölä:vermek], işl. 
Sürme bilen boýabermek, reňkläbermek, sürme 
çalybermek.  
SÜRMEZLIK [sürmözlük], iş ady. Sürmek işini 
etmezlik. 
SÜRNÜBERMEK [sürnüvermek], işl. Sürnüp 
ugramak, sürnüp başlamak. 
SÜRNÜBILMEK [sürnüvilmek], işl. Sürünmegi 
başarmak.  
SÜRNÜŞMEK [sürnüşmek], işl. Birnäçe bolup, 
bilelikde sürünmek (ser. sürünmek 2). 
SÜRPEK [sürpök], at. Aşyk oýnunda dikilgi 
oturan aşyklary sürpäp alyp gitmek üçin jikgesi we 
dükgesi sürpelen kenek, aşyk ýa-da ýylmanak daş. 
Sürpegi çykmak köp ulanmak, sürtülmek 
netijesinde könelip gitmek. Sürpegi çykan aýakgap. 


295 
SÜRPELMEK [sürpölmök], işl. 1. Ýere degrip 
süýremek (geýim, aýakgap we ş.m. hakynda). 2. Daşa 
we ş.m. sürtüp, sürpek edilmek, ýylmanak bolmak. 
SÜRPEME [sürpömö], iş ady. Sürpemek 
ýagdaýy. 
SÜRPEMEK [sürpömök], işl. 1. Ýere degrip 
süýremek (geýim, aýakgap we ş.m. hakynda). Ädigini 
sürpäp, yzyna dolandy. 2. Daşa we ş.m. sürtüp, 
sürpek etmek, ýylmanak etmek. Oglanlar aşyklaryny 
daşa sürpeýärdiler. 
SÜRPEMEKLIK 
[sürpömöklük], 
iş 
ady. 
Sürpemek ýagdaýy. 
SÜRPEMEZLIK [sürpömözlük], iş ady. Sürpäp 
durmazlyk, sürpäp ýörmezlik. 
SÜRPENÇEK [sürpönçök], syp., ser. Sürçek.
Sürpençek ýer. 
SÜRPENMEK [sürpönmök], işl. 1. Süýkenmek, 
degmek. Araba käbir ýerde haýatlara sürpenip 
geçýärdi. 2.Özüň üçin daşa we ş.m. sürtüp, sürpek 
etmek, ýylmanak etmek. Kenek sürpenmek. 
SÜRPEŞMEK [sürpöşmök], işl. 1. Birnäçe adam 
köwüşleriniň aşagyny ýere degrip süýremek (aýakgap 
we ş.m. hakynda). Oglanlar ýörite edýän ýaly bolup, 
köwüşlerini sürpeşip barýardylar. 2. Aşygy daşa we 
ş.m. sürtüp sürpek etmäge, ýylmanak etmäge 
kömekleşmek. Kenek sürpeşmek. 
SÜRPETMEK [sürpötmök], işl. 1. Ýere degrip 
süýretmek (geýim, aýakgap we ş.m. hakynda). 2
Daşa we ş.m. sürtdürip sürpek etdirmek, ýylmanak 
etdirmek. 
SÜRPEÝIŞ [sürpöýüş], iş ady. Sürpemek 
ýagdaýy. 
SÜRPÄBERMEK [sürpä:vermek], işl. Sürpäp 
başlamak, sürpemegi dowam etmek. 
SÜRREKLEMEK [sürröklömök], işl., gepl. d, 
ser. Südürlemek
SÜRREKLEŞMEK [sürröklöşmök], işl. Bir ýere 
bir topar bolup gitmek. Sürrekleşip ýörmegiň geregi 
ýok. 
SÜRRENEKLEŞMEK [sürrönöklöşmök], işl. 
Birnäçe bolup surrekläp gezmek, ýöremek, ylgamak, 
itenek-de-çomanak bolmak. Sürrenekleşip nireden 
gelýäňiz?
SÜRTDÜRMEK [sürtdürmök], işl. Sürtmek 
işini başga birine etdirmek.
SÜRTEÇ [sürtöç], at. Gap-gaç we ş.m. ýuwmak 
üçin sürteç kädiniň daşy arassalanan hasyly. Gazany 
sürteç bilen ýuwaýmasaň, arassalanar ýaly däl. 2
Otluçöpüň sürtülýän ýeri.  
Sürteç kädi çyrmaşyp ösýän uly ýaprakly 
ösümligiň süýri uzyn hasyly (gabygy aýrylandan soň 
sürteç hökmünde ulanylýar). 
SÜRTEÇLEME 
[sürtöşlömö], 
iş 
ady. 
Sürteçlemek ýagdaýy. 
SÜRTEÇLEMEK [sürtöşlömök], işl. Sürteç we 
ş.m. bilen sürtüp arassalamak. Sürteçläp ýuwmak. 
SÜRTEÇLEMEKLIK [sürtöşlömöklük], iş ady. 
Sürteçlemek ýagdaýy. 
SÜRTEÇLEMEZLIK [sürtöşlömözlük], iş ady. 
Sürteç bilen arassalamazlyk. 
SÜRTEÇLENMEK [sürtöşlönmök], işl. Sürteç 
bilen sürtülip arassalanmak. 
SÜRTEÇLEŞMEK [sürtöşlöşmök], işl. Sürteç 
bilen arassalamaga kömekleşmek. 
SÜRTEÇLETMEK [sürtöşlötmök], işl. Başga 
birine 
sürteç 
bilen 
arassalatmak. 
Gazany 
sürteçletmek. 
SÜRTEÇLEÝIŞ 
[sürtöşlöýüş], 
iş 
ady. 
Sürteçlemek ýagdaýy. 
SÜRTEÇLÄBERMEK [sürtöşlä:vermek], işl. 
Sürteç bilen arassalap başlamak; sürteçlemegi 
dowam etmek. Gazanlary şeýt-de sürteçläber. 
SÜRTENIBERMEK 
[sürtönüvermek], 
işl. 
Sürtenip ugramak. 
SÜRTENIŞ [sürtönüş], iş ady. Sürtenmek 
ýagdaýy. 
SÜRTENME [sürtönmö], iş ady. Sürtenmek 
ýagdaýy. 
SÜRTENMEK [sürtönmök], işl. 1. Bir ýere 
egniňi, bedeniňi degirmek, sürtmek, oýkamak. 
Diwara sürtenseň, ak eder! 2. göç.m. Birine
bolgusyz, gyjytly söz aýtmak. 
SÜRTENMEKLIK [sürtönmöklük], iş ady. 
Sürtenmek ýagdaýy. 
SÜRTEWAÇ [sürtöwa:ç], at, gepl.d. Sürteç. 
SÜRTME [sürtmö], iş ady. Sürtmek ýagdaýy. 
SÜRTMEK [sürtmök], işl. 1. Bir zady ikinji bir 
zada süýkemek, süýkäp çalmak. Ol şol tapan gara 
köpügini gözüne sürtüpdir weli, gözi gutulypdyr, 
endamyna sürtüpdir weli, endamy hem goturlykdan 
saplanypdyr (

Türkmen halk ertekileri

). 2. Süýkäp 
ýakmak (otluçöp, çakmak we ş.m. hakynda). Otluçöp 
sürtmek. Ol çakmak daşyny sürtüp ýakdy. 3. Öz 
gazananyňy özüňe harç etmek. Gazanjyňy ýeke özüňe 
sürtmek dogrumyka? 
SÜRTMEKLIK [sürtmöklük], iş ady. Sürtmek 
ýagdaýy. 
SÜRTMEZLIK [sürtmözlük], iş ady. Sürtmek 
işini ýerine ýetirmezlik; sürtmek hereketini etmezlik. 
SÜRTÜBERMEK [sürtüvermek], işl. Sürtüp 
başlamak; sürtmek işini dowam etdirmek. 
SÜRTÜLMEK [sürtülmök], işl. 1. Bir zat başga 
zadyň ýüzüne süýkelmek. 2. Otluçöp, çakmak ýaly 
zatlar sürtülip ýakylmak. 
SÜRTÜŞ, iş ady. Sürtmek ýagdaýy. 
SÜRTÜŞMEK [sürtüşmök], işl. 1. Sürtmäge 
kömekleşmek. 2. Bilelikde sürtmek. 
SÜRÜBERMEK [sürüvermek], işl. Sürüp 
başlamak, sürmek işini dowam etdirmek. 
SÜRÜJI [sürüjü], at. Traktory, kombaýny, 
maşyny ýöredýän, işledýän adam. Olar ökde sürüji 
bolup ýetişdiler. 
SÜRÜLMEK [sürülmök], işl. 1. Ýöredilip 
herekete getirilmek (maşyn, uçar, otly, tigir we ş.m. 
hakynda). Maşyn sürmekOtly sürmekTigir sürmek.
2. Birnäçe, birtopar mal, süri duran ýerinden başga 
ýere kowlup äkidilmek. Bir süri goýun guma süruldi
3. Dogduk mekandan zorluk bilen paý-pyýada alnyp 
gidilmek. Sürüldiler il barysy eňşeşip (Zelili). 4. Itip 
ýerine eltilmek, itip süýşürilmek. 5. Ekin ekmek üçin 


296 
topragyň ýokarky gatlagy azal bilen agdarylmak. 
Sürlen ýerden bir tokga kesegi alyp owradyp gördi. 6
Sürtülip ýukalmak. Nagşy sürlen torba. Köwşümiň 
ökjesi sürlüpdir.
SÜRÜM, at. Ekin ýerini sürüş, agdaryp bejeriş. 
Sürüm wagty ýetip geldi. 
SÜRÜMÇI [sürümçü], at. Ýer sürýän daýhan, 
sürüm işine gatnaşýan adam. Sürümçiler sürüm işini 
gutardylar. 
SÜRÜNMEK [sürünmök], işl. 1. Özüň üçin 
sürmek (ekin ýeri hakynda). 2. Öňe tarap omzamak, 
öňe hereket etmek. Sürnüp gelýänleriň hatary barha 
azalýardy. 3. göç.m. Biriniň üstüne haýbat atmak, 
çöwjemek, haýbatly hereket etmek. Onuň üstüne 
sürnüp durarmyň indi? 
SÜRÜŞiş ady. Sürmek ýagdaýy. 
SÜRÜŞDIRMEK [sürüşdürmök], işl. 1. Birnäçe 
ýeri sürüp çykmak. Gowaçadyr ýorunja ýerlerini 
sürüşdirip goýduk. 2.Birnäçe zady pil we ş.m. bilen 
bir tarapa iteleşdirmek, itişdirmek. Ol guýynyň 
düýbündäki süňkleri bir ýana sürüşdiripdir 
(

Myraly

). 
SÜRÜŞMEK [sürüşmök], işl. 1. Sürmäge kömek 
etmek. Goýun sürüşmek. 2. Bilelikde sürmek. 
Çopanlar goýunlaryny otly-suwly ýerlere sürşüp 
barýardy. 3. gepl.d. Aýagyň taýyp gitmek, typmak, 
büdremek, ýykylyp-sürüşmek. Çakan atyň gözi güne 
bolman, kä ýerde büdräp, kä ýerde sürşüp galyberdi 
(

Görogly

). 
SÜSDÜRMEK [süssürmök], işl. 1. Bir zady 
başga zat bilen kakdyrmak, çakyşdyrmak. 2. Eltip bir 
ýere sokmak, çykmaz ýaly ýa-da görünmez ýaly 
etmek, salmak. Tüňçäni oduň içine süsdürdi. 3
göç.m. Para bermek, pul sokmak. 
Ýere süsdürmek ýere sokmak, ýere gömmek. 
Ýaňky sözüňi ýene bir gezek gaýtalasaň, menden gaty 
görme, ýere süsdürerin
SÜSDÜRILMEK [süssürülmök], işl. Biriniň 
gaşyna, öňüne has golaý barmak. Süssürilip gelme-
de, duran ýeriňde duruber.  
SÜSEGRÄK [süsöğrä:k], syp. Birneme süsek. 
SÜSEK [süsök], syp. Süsmäge endik eden, 
süsýän, süsegen (mal hakynda). Süsek sygyr. 
SÜSEKLIK [süsöklük], syp. Süsek bolmaklyk,
süsek häsiýetlilik, süsegenlik (mal hakynda). 
SÜSME [süsmö], iş ady. Süsmek ýagdaýy. 
SÜSMEK [süsmök], işl. 1. Şahy, kellesi bilen bir 
zady batly urmak. Göle ony süsdi, ol meniň ýanyma 
aglap gaýtdy (

Edebiýat we sungat

). 2. Baryp bir 
zady batly urmak. Badyny saklap bilmän, sütüni 
süsdi. 
SÜSMEKLIK [süsmöklük], iş ady. Süsmek 
ýagdaýy. 
SÜSMEZLIK [süsmözlük], iş ady. Süsmek 
hereketiniamal etmezlik . 
SÜSŇEME [süsňömö], iş ady. Süsňemek 
ýagdaýy. 
SÜSŇEMEK [süsňömök], işl. 1. Iki bölek ýeriň 
arasyndaky serhetden, aralyk çäkden az-owlak 
geçmek; öňe çykyp durmak. Aralyga basan bedaň 
ýerimize süsňäp duran ýaly-la? 2. Bir ýere batly 
sokulyp girmek, sümülmek, dykylmak. Ol batly 
gelşine märekäň içine süsňäp urdy. 2.Bir tarapa 
uzalyp baryp diremek ýa-da içine sokulyp gitmek. 
Deňiz kä ýerde kiçijik aýlagy, kä ýerde bolsa süsňäp, 
çyrpynyp ýatan äpet aýlagy emele getirýär 
(

Edebiýat we sungat

). 
SÜSŇEMEKLIK [süsňömöklük], iş ady. 
Süsňemek ýagdaýy. 
SÜSŇETMEK [süsňötmök], işl. Öňe çykarmak. 
Dyzlaryny ilerik süsňedip oturdy.  
SÜSŇEÝIŞ [süsňöýüş], iş ady. Süsňemek 
ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   490   491   492   493   494   495   496   497   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling