Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SÜPLEÝIŞ [süplöýüş], iş ady. Süplemek  ýagdaýy.  SÜPLÄBERMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet493/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   489   490   491   492   493   494   495   496   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÜPLEÝIŞ [süplöýüş], iş ady. Süplemek 
ýagdaýy. 
SÜPLÄBERMEK [süplä:vermek], işl. Süpläp 
ugramak; süplemegi dowam etdirmek. 
SÜPLÜK, at. Süpürilip, toplanyp goýlan ownuk 
çöp-çalam, saman-sepir. Daş işigindäki ojaga süplük 
döküp ot berýär. Onuň aýaly süplükleri syryşdyryp 
ýördi. 
SÜP-SÜÝJI [süp-süýjü], syp. Örän süýji. 
SÜPÜGRÄK [süpüğürä:k], syp. Azda-kände 
süpük. 
SÜPÜK, syp., gepl.d. Araga ýa-da neşä özüni 
aldyran, arak içmän ýa-da nese etmän oňup bilmeýän. 
Süpük arakkeş 
SÜPÜRIBERMEK [süpürüvermek], işl.Süpürip 
başlamak; süpürmegi dowam etdirmek.  
SÜPÜRILMEK [süpürülmök], işl. 1. Öýüň içi, 
daşary sübse bilen arassalanmak, tämizlenmek. 
Howlynyň içi suwlangy, süpürilgidi. 2. Der, ýaş ýaly 
zatlar syrylyp aýrylmak.  
SÜPÜRINMEK [süpürünmök], işl. Öz el-ýüzüňi, 
endamyňy we ş.m. süpürmek.  
SÜPÜRIŞ [süpürüş], iş ady. Süpürmek ýagdaýy. 
SÜPÜRIŞDIRMEK 
[süpürüşdürmök], 
işl. 
Birnäçe ýeri ýa-da birnäçe zady süpürip, tämizläp, 
arassalap çykmak, birnäçe gezek süpürmek. Içerini-
daşaryny süpürişdirdi. 
SÜPÜRIŞMEK 
[süpürüşmök], 
işl. 
1
Süpürmäge kömek etmek. Gyzy ejesine içerini 
süpürişdi. 2. Bile süpürmek. Iki jora daşaryny 
süpürişdirip ýör
SÜPÜRME [süpürmö], iş ady. Süpürmek 
ýagdaýy. 
SÜPÜRMEK [süpürmök], işl. 1. Öýüň içini-
daşyny sübseläp arassalamak. Jaýyň içini süpürip 
çykdy. 2. Der, ýaş ýaly zatlarý syryp aýyrmak. Ol 
elýaglygy bilen gözlerini süpürdi. 
SÜPÜRMEKLIK [süpürmöklük], iş ady. 
Süpürmek ýagdaýy. 
SÜPÜRMEZLIK [süpürmözlük], iş ady. 
Süpürmek işini etmezlik. 
SÜPÜRTMEK [süpürtmök], işl. Süpürmek işini 
başga birine etdirmek. Howlyny süpürtmek. 
SÜRBE-SÜR [sürvö-sür], hal, gepl.d. Bir zadyň 
yzy bilen, yzysüre, bada-bat. Sürbe-sür onuň yzyna 
düşdi. 
SÜRÇEGRÄK [sürçöğrä:k], syp. Azda-kände 
sürçek. 
SÜRÇEK [sürçök], syp. 1. Gar eräp, ýagyş 
ýagyp doňan, taýgak, typançak (ýer). Ol aýagyny 
sürçek ýere basanda taýyp gitdi2. Ýylmanak, ýüzi 
aýna ýaly. Sürçek gara daş.  
Sürçegi çykmak ulanylyp, geýlip haýy 
gaçmak, ýylmanyp, sürlüp könelip gitmek. Sürçegi 
çykan teker. Sürçegi çykan köwüş. 
SÜRÇEKLIK [sürçöklük], at. Hemme ýer 
sürçek ýagdaýda bolmaklyk. 
SÜRDÜRMEK [sürdürmök], işl. 1. Sürmek işini 
başga birine etdirmek, sürmek üçin mümkinçilik 
bermek. Kaka, maşyny maňa sürdürseňem bolar, 
menem sürüjilik okuwyny okadym ahyry2göç.m. 
Derman içip, içiňi ýörär ýaly etmek. Içiňi 
sürdürmek
SÜRE [sürö], at. Gurhanyň aýry-aýry bölekleri. 
SÜREK [sürök] I, at, gepl.d. Belli bir 
mukdardaky ölçegli wagt, ahyrky pelle, möhlet. 
Başlyklyk süregi doldy. 
Süregiňe ýetdirmek beren ähdiň, wadaň we 
ş.m. gutarmak. Ýalan sözläp, süreklerine ýetdirdiler. 
SÜREK [sürök] IIat. Bir ýerden ikinji bir ýere 
kireýine sürülýän satlyk mal, ownuk janly, dowar. 
SÜREKÇI [sürökçü], at. Bir ýerden ikinji bir 
ýere kireýine satlyk mal, ownuk janly sürüp barýan 
adam. Sürekçä näme berdiň? 
SÜREKÇILIK [sürökçülük], at. Sürekçiniň 
ýagdaýy, käri. 
SÜREN [sürön], at. 1. Tilki, şagal ýaly 
haýwanlaryň ýer gazyp ýaşaýan hini. Kerwenler hem 
hälki gulpy döwük küýzelerini tilkiniň süreniniň 
agzynda taşlap gidenler (

Türkmen halk ertekileri

). 
2göç.m. Ýasalýan öý, tünek. 
SÜRESOKMA [sürösokmo], syp. Gaty gür, 
ýazylýan harplar, tikilýän tikinler biri-birine ýakyn, 
üst-üste. 
SÜRGI [sürğü] Iat, ser. Sürgüç I 
SÜRGI [sürğü] IIat. Iç sürýän derman. 
SÜRGI [sürğü] IIIat. Guşlary (esasan, käkiligi) 
aldap tutmak üçin, ýüzüne dürli reňkli mata 
bölejikleri tikilen tuty, perde. Awçynyň sürgüsi. 
SÜRGÜÇ [sürğüç] Iat.
Agaç ýonmak üçin boýy 
70-80 sm. bolan ýörite gural, ýonguç, rende. 
SÜRGÜÇ [sürğüç] IIat. Aňsatlyk bilen ereýän 
we doňýan, möhür basmak, çüýşe ýapmak we ş.m. 
üçin ulanylýan reňkli şepbik madda. Möhürlemek 
üçin sürgüç taýýarlandy. 
SÜRGÜÇLEME 
[sürğüşlömö], 
iş 
ady. 
Sürgüçlemek ýagdaýy. 
SÜRGÜÇLEMEK [sürğüşlömök] I, işl. Sürgüç 
bilen ýonmak, ýylmamak, rendelemek. Piliň sapyny 
sürgüçläp ýylmamak. 
SÜRGÜÇLEMEK [sürğüşlömök] IIişl. Reňkli 
şepbik pisint jisimiň üstüne möhürçe basyp 
berkitmek. Hat bukjasynyň üç ýerinden sürgüçläp 
berkitdi. 
SÜRGÜÇLEMEZLIK [sürğuşlömözlük] I, iş 
ady.. Sürgüç bilen ýonmazlyk, ýylmamazlyk, 
rendelemezlik. 
SÜRGÜÇLEMEZLIK [sürğüşlömözlük] II, iş 
ady. Reňkli şepbik pisint jisimiň üstünden möhürçe 
basyp berkitmezlik. 
SÜRGÜÇLENMEK [sürğüşlönmök] I, işl. 
Sürgüç bilen ýonulmak, ýylmanmak, rendelenmek. 


294 
SÜRGÜÇLENMEK [sürğüşlönmök] II, işl. 
Sürgüçlemek işi amal edilmek. 
SÜRGÜÇLEŞMEK [sürğüşlöşmök] I, II, işl. 1
Sürgüçlemäge 
kömek 
etmek. 
2
Bilelikde 
sürgüçlemek. 
SÜRGÜÇLETMEK [sürğüşlötmök] I, II, işl. 
Sürgüçlemek işini başga birine etdirmek. Pil sapyny 
sürgüçledip ýylmatmak. Bukjany sürgüçletmek. 
SÜRGÜÇLEÝIŞ [sürğüşlöýüş] I, II, iş ady. 
Sürgüçlemek ýagdaýy. 
SÜRGÜN [sürğün], at. Jezasyny çekdirmek üçin 
uzak ýere iberip, jeza möhletini geçirtmegiň bir 
görnüşi. 
 Sürgün etmek sürgüne ibermek. 
SÜRGÜNÇI [sürğünçü], at. Sürgüne iberilen 
adam. 
SÜRGÜNÇILIK [sürğünçülük], at. Sürgünde 
geçirilen döwür; gürgündäki ýagdaý.  
SÜRI [sürü], at. Bile gezýän birmeňzeş 
haýwanlaryň, guşlaryň we ş.m. uly topary. Meniň 
hemme döwletimde bolan atlarymyň we hemme ýylky 
sürülerimiň 
ygtyýaryny 
seniň 
eliňe 
berdim 
(

Görogly

).  
 Sürä goşmak idedip, terbiýeläp ulaltmak, adam 
hataryna goşmak. Bir süri (zat, adam)gepl.d. gaty 
köp (zat, adam). Ogluňa bir süri zat getiräýipsiň-le, 
ony gaty gowy görýäň öýdýän. Ýol bilen bir süri 
oglan geçip gitdi. 
SÜRI-SÜRI [sürü-sürü], syp. 1. Birnäçe sürüden 
ybarat. 
Ummasyz 
giň 
örülerde 
süri-süri 
goýunlarymyz bakylýar. 2. Topar-topar, toplum-
toplüm. Guşlar sürisüri bolup uçýar. 
SÜRKEMEK [sürkömök], işl., ser. Sürtmek
SÜRLENDIRMEK [sürlönnürmök], işl. Bir ýere 
toplamak, üýşürmek, bir ýere jemlemek. 
SÜRLENIBERMEK [sürlönüvermek], işl. Bir 
ýere 
toplanybermek, 
üýşübermek, 
bir 
ýere 
jemlenibermek. 
SÜRLENIŞ [sürlönüş], iş ady. Sürlenmek 
ýagdaýy. 
SÜRLENIŞMEK [sürlönüşmök], işl. Bir ýere 
toplanyşmak, üýşüşmek, bir ýere jemlenişmek. 
Towuklar sürlenişip ýer peşeýärler. 
SÜRLENME [sürlönmö], iş ady. Sürlenmek 
ýagdaýy. 
SÜRLENMEK [sürlönmök], işl. Bir ýere 
toplanmak, üýşmek, bir ýere jemlenmek. Çöllerde köl 
döräp guşlar sürlendi (

Edebiýat we sungat

). 
SÜRLENMEKLIK [sürlönmöklük], iş ady. 
Sürlenmek ýagdaýy. 
SÜRME [sürmö] I, at. Deňziň has çuň ýerinde 
tor gurmak üçin ulanylýan enjam. 
SÜRME [sürmö] II, at. Gaşy, kirpigi we ş.m. 
reňklemek, garaltmak üçin boýag. Sürme çalyp gara 
göze, Bizden ki uýat eýleýir (Magtymguly). Gözüňe 
sürme ýaraşar, Biliňe tirme ýaraşar (Seýdi). 
Gözüne sürme çekilmek görüp durmaly zady 
görmäniňde, basmasyz zady basyp geçeniňde 
aýdylýan sögünç häsiýetli aňlatma. Gözüňe sürme 
çekildimi, demli çäýnegi ýykyp geçýäň.
SÜRME [sürmö] III,iş ady. Sürmek ýagdaýy. 
SÜRMEK [sürmök], işl. 1. Ýöredip herekete 
getirmek (maşyn, uçar, otly, tigir we ş.m. hakynda). 
Maşyn sürmekOtly sürmekTigir sürmek2. Sürüsi 
bilen bir ugra kowup alyp gitmek. Olar mallary 
sürüp äkitdiler. 3. Dogduk mekandan zorluk bilen 
alyp gitmek. Ikinji Jahan urşunda nemes 
basybalyjylary işe ýaraýan adamlary Germaniýa 
sürüpdirler. 4. Itip ýerine eltmek, itip süýşürmek; 
oklamak. Tüpeňe ok sürmek. 5. Ekin ekmek üçin 
topragyň ýokarky gatlagyny azal we ş.m. bilen 
agdaryp ekişe taýýarlamak. Gowaça ekiljek ýerleriň 
hemmesini sürdüler. 6. gepl.d. Biri bolmajak nädogry 
zat aýdan ýagdaýynda 

ugra şu ýerden

diýen 
manyda düýp işlik şekilinde ulanylýan söz (ser. 
Araba: arabaňy daşda sür (tigirle!). – Seni gözüm 
görmesin, sür! – Sürsene-aý, aýdýan zatlaryň ýapa 
degenok ahyry.
SÜRMEKI [sürmökü], syp. Bir gezek berilýän 
tagt suwundan soň, sürlüp joýasyz ekilýän (esasan, 
gawun, garpyz hakynda). Sürmeki gawun 
SÜRMEKLIK [sürmöklük], iş ady. Sürmek 
ýagdaýy. 
SÜRMELEME 
[sürmölömö], 
iş 
ady. 
Sürmelemek ýagdaýy. 
SÜRMELEMEK [sürmölömök], işl. Sürme bilen 
boýamak, reňklemek, sürme çalmak. Göz-gaşyňy 
sürmelemek. 
SÜRMELEMEKLIK [sürmölömöklük], iş ady. 
Sürmelemek ýagdaýy. 
SÜRMELENMEK [sürmölönmök], işl. Sürme 
bilen boýanmak, reňklenmek, sürme çalynmak. 
Sürmelenen gaş. 
SÜRMELEŞMEK [sürmölöşmök], işl. 1. Birine 
sürme çalyşmak. 2. Bilelikde sürmelemek. Ýaş 
gelinler gaşlaryny, kirpiklerini sürmeleşip otyrdylar
SÜRMELETMEK [sürmölötmök], işl. Sürme 
bilen boýatmak, reňkletmek, sürme çaldyrmak. Gytyk 
gaşyny sürmeletmäge oturany-da şoldy weli, bir 
gopgun turdy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   489   490   491   492   493   494   495   496   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling