Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SUWARYŞ [suworuş], iş ady. Suwarmak  ýagdaýy.   SUWARYŞMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet489/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   485   486   487   488   489   490   491   492   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SUWARYŞ [suworuş], iş ady. Suwarmak 
ýagdaýy.  
SUWARYŞMAK 
[suworuşmok], 
işl. 
1
Suwarmaga kömek etmek. Ol kakasyna kärende 
ýerini suwaryşdy. 2. Bilelikde suwarmak. Olar 
ýerlerini suwaryşyp ýör. 
SUWAŞDYRMAK [suwoşdurmok], işl. Birnäçe 
ýerini suwap çykmak. Haýatyň ýykylan ýerlerini 
suwaşdyrmak. 
SUWAŞMAK [suwoşmok], işl. 1. Birine 
suwamaga 
kömekleşmek. 
Jaýyň 
diwarlaryny 
suwaşmak. 2.Bilelikde suwamak. Adamlar jaýyň 
daşyny suwaşyp durdular
SUWATMAK [suwotmok], işl. Suwamak işini 
başga birine etdirmek. Indi jaýyň diwarlaryny 
suwatmak galdy. 
SUWAÝYŞ [suwoýuş], iş ady. Suwamak 
ýagdaýy. 
SUWBURÇY [suwvurçy], at. Dag eteklerinde 
we derýa ýakalarynda ösýän, dermanlyk ösümlik. 
SUWÇY, at. 1. Ýer suwarmak bilen meşgul 
bolýan adam. 2gepl.d. Suw getirip berýän kömekçi. 
Esli wagt traktorçynyň suwçusy bolup işledim 
(

Edebiýat we sungat

). 3. gepl.d. Agyz suwuny 
getirip satýan adam. Bize-de suw getireweri, suwçy. 
SUWÇULYK [suwçuluk], at. Suw tutýanyň, 
suwçynyň käri, ýagdaýy. Men ýylyň başyndan 
aýagyna çenli suwçulyk edýärin. 
SUWGARMAK 
[suwğormok], 
işl. 
Goýy 
görnüşden suwuk hala geçmek, suwuk bolmak. 
SUWGUŞY [suwğuşy], at. Petekesi akja, uzyn 
inçe aýakly, suwda ýaşaýan guş. 
SUWJARMA [suwjormo], iş ady. Suwjarmak 
ýagdaýy. 
SUWJARMAK [suwjormok], işl. 1. Sähelçe 
suwuklyk, nem çykyp durmak. Ýarasy suwjaryp dur. 
2. göç.m. Suwjuklyk etmek, batnyksyz bolmak. Uly 
adam suwjaryp dursa, gaty gelşiksiz görünýär
SUWJARMAKLYK [suwjormokluk], iş ady. 
Suwjarmak ýagdaýy. 
SUWJARMAZLYK [suwjormozluk], iş ady. 
Suwjaryp durmazlyk. 
SUWJARTMAK [suwjortmok], işl. Suwjuklyk, 
suwumsyzlyk etdirmek, batnyksyz boldurmak. Sen 
gürrüňiňi gaty bir suwjartmasana. 
SUWJARYBERMEK [suwjoruvermek], işl. 
Suwjaryp başlamak. 
SUWJARYLMAK 
[suwjorulmok], 
işl. 
Suwjuklyk, suwumsyzlyk edilmek, batnyksyz 
bolunmak. Suwjarylmak bilen işiň bitmeýändigini siz 
menden gowurak bilýänsiňiz. 
SUWJARYŞ [suwjoruş], iş ady. Suwjarmak 
ýagdaýy. 
SUWJUGRAK [suwjuğra:k], syp. Kilçigräk, 
batnyksyzrak. Suwjugrak söz. 
SUWJUK,syp. 
Kilçik, batnyksyz. 
Suwjuk 
geplemek. Suwjuk adam. 
SUWJUKLYK [suwjukluk], at. Suwjugyň 
ýagdaýy, suwumsyzlyk, kilçiklik. Onda ne galmagal 
bar, ne-de suwjuklyk (

Edebiýat we sungat

). 
SUWKESER, at. Gäminiň, uly gaýygyň baş 
tamazyna ýüzi ýukaldylyp, dik berkidilen tagta. 
SUWKÄDI [suwkä:di], at. Içine suw guýulýan
kädi.Gadym wagtlarda gyzlar suwkädisini egnine 
göterip, suwa gider ekenler
SUWKÜÝZE [suwküýzö], at. Suw guýmak üçin 
ulanylýan uly bolmadyk küýze. Kerwenler üç 
günigeçirip, dördünji güni gitmekçi bolanlarynda, 
olaryň bir suwküýzeleriniň gulpy döwlüpdir 
(

Türkmen halk ertekileri

). 
SUWLABERMEK [suwla:vermek], işl. Suwlap 
başlamak, dowamly suwlamak. Eliňe bedräni al-da, 
gapyny suwlaber. 
SUWLAK [suwlok], at, kön.s.Suwly, çeşmeli 
ýer. Hem suwlagym, şikärgähim sen idiň (

Ýusup – 
Ahmet

). 


288 
SUWLAMA [suwlomo], iş ady. Suwlamak 
ýagdaýy. 
SUWLAMAK [suwlomok], işl. 1. Suw sepip 
öllemek, suw sepmek. Töweregi suwladyk. 2. şahyr. 
Suw içmek. Serhowuzdan suwlamadan galypsyň, 
Hasabyň bolupdyr demden, araby (Baýly şahyr). 
SUWLAMAKLYK [suwlomokluk], iş ady. 
Suwlamak ýagdaýy. 
SUWLAMAZLYK [suwlomozluk], iş ady. Suw 
sepip öllemezlik, suw sepmezlik. 
SUWLANMAK [suwlonmok], işl. 1. Suw sepip 
öllenmek, suw sepilmek. Gündizden suwlanyp, 
howlynyň meýdançasy arassalanypdyr. 2. göç.m. 
Birneme daýanmak, ýüzi reňkine gelmek. Onuň ýüzi 
suwlanana meňzeýär. 3. Suw içip ganmak, suw 
içmek. Aždarhadyr, marlarydyr güwlener, Aýrak, 
goç, ak maral munda suwlanar (Misgingylyç). Ýaz 
paslynda bezenersiň al-elwan, Suwlanar çeşmäňde 
ýüz dürli haýwan (Baýly şahyr). 
SUWLAŇ [suwloň], syp. 1. Suwuk (nahar 
hakda). Nahar suwlaň bolupdyr. 2. Heniz eti-gany 
berkäp ýetişmedik, suw ýaly (çaga hakda). Suwlaň 
çaga. 
SUWLAŇJA [suwloňjo], syp. Ýaşajyk, näzijek. 
Başy ýaglykly, garagözelek, suwlaňja gyza gözi düşdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
SUWLAŇRAK [suwloňura:k], syp. Suwugrak 
(nahar hakda). 
SUWLAŞMAK [suwloşmok], işl. 1. Suwlamaga 
kömek etmek. 2. Birnäçe bolup suwlamak. Gelinler 
daşaryny suwlaşyp ýörler
SUWLATMAK [suwlotmok], işl. Suwlamak 
işini başga birine etdirmek. Bagyň aşagyny 
suwlatmak. 
SUWLAÝYŞ [suwloýuş], iş ady. Suwlamak 
ýagdaýy. 
SUWLUGYBERMEK [suwluğuvermek], işl. 
Ýeriň üstki gatlagynyň içi bilen süýnüp gidibermek 
(azal, plug hakynda). 
SUWLUGYŞ [suwluğuş], iş ady. Suwlukmak 
ýagdaýy. 
SUWLUK I,syp. Suwy bol, suwy köp, bol suwly. 
Olaryň ýurdy suwluk ýurt. 
SUWLUK II, at. Uýanyň atyň agzyna salynýan 
halkaly demri, agyzzyryk. Meniň atymyň suwlugy 
çykypdyr (

Görogly

). 
SUWLUKMA [suwlukmo], iş ady. Suwlukmak 
ýagdaýy. 
SUWLUKMAK [suwlukmok], işl. Ýeriň üstki 
gatlagynyň içi bilen süýnüp, ýumlugyp gitmek (azal, 
plug hakynda). Suwlugyp barşyna, ýeri aňsatlyk 
bilen agdaryşyna guwandy. 
SUWLUKMAKLYK [suwlukmokluk], iş ady. 
Suwlukmak ýagdaýy. 
SUWLUKTORBA [suwlukto:rvo], at. Içine iýer-
içer ýaly zatlar we ş.m. salnyp, ýanyň bilen 
göterilýän torba. 
SUWLUKÝOL [suwlukýo:l], at, gepl.d. Uzak 
ýola gidilende – suw içmek üçin düşlenýän iki 
düşelgäniň aralygyny aňladýan aralyk, uzaklygyň 
takmyn ölçegi. 
SUWLULANDYRMAK [suwlulonnurmok], işl. 
Ýap, howdan we ş.m. arkaly ýerlere suw eltmek, suw 
bermek, 
suw 
bilen 
üpjün 
etmek. 
Etraby 
suwlulandyrmak hakynda edilen iş bijaý köp. 
SUWLULANDYRMAZLYK 
[suwlulonnurmozluk], iş ady. Ýap, howdan we ş.m. 
arkaly ýerlere suw eltmezlik, suw bermezlik, suw 
bilen üpjün etmezlik. 
SUWLURAK [suwlura:k], syp. Düzüminde suwy 
köpräk. Şu almalaryň-a öňkülerden suwlurak. 
SUWLUŞ, iş ady. Suwulmak ýagdaýy. 
SUWLYsyp. 1. Düzümindaki suwy ýeterlik, ter. 
Hyýar örän ter, hem suwly bolýar. 2. göç.m. Sowuk 
ýarag we ş.m. ýasalandan soň gyzdyrylyp, berk 
bolmagy üçin gyzgynlygyna sowuk suwa, ýaga
batyrylyp taplanan, suw berlen. 
Suwly äkidip, suwsuz getirmek hilegärlik 
etmek, mekirlik edip, gaty aldamak, aldap işiňi 
görmek. 
SUWOTY, at. Suwluk ýerlerde gögerýän uzyn 
inçe ýaprakly, başy seçelenip duran däneli ösümlik. 
SUWÖLÇEÝJI [suwölçöýjü], at. Harçlanýan 
suwuň mukdaryny ýa-da onuň akyş derejesini 
ölçemek üçin ulanylýan gural. 
SUWSABERMEK [suwsa:vermek], işl. Suwsap 
başlamak, suwsap ugramak. 
SUWSALMAK [suwsolmok], işl. Suw içesiň 
gelmek, suwsuzlygyň, teşneligiň duýulmak. 
SUWSAMA [suwsomo], iş ady. Suwsamak 
ýagdaýy. 
SUWSAMAK [suwsomok], işl. 1. Suw içesiň 
gelmek, suwsuzlygyňy duýmak, teşneligiňi duýmak. 
2. Suwy kem bolmak, suw ýetmezlik etmek (ösümlik, 
ekin hakda). 
SUWSAMAKLYK [suwsomokluk], iş ady. 
Suwsamak ýagdaýy. 
SUWSAMAZLYK [suwsomozluk], iş ady. 1
Suw içesiň gelmezlik, suwsuzlygyňy duýmazlyk, 
teşneligiňi duýmazlyk. 2. Suwy kem bolmazlyk, suw 
ýetmezlik etmezlik (ösümlik, ekin hakynda). 
SUWSAŞMAK [suwsoşmok], işl. 1. Bile 
suwsamak. Olar meýdandan suwsaşyp geldiler. 2
Suwy kem 
bolmak, suw ýetmezlik etmek (ösümlikler, ekinler 
hakda). 
SUWSATMAK [suwsotmok], işl. 1Suwsar ýaly 
etmek, suwsamak derejesine ýetirmek. Gawun-
garpyz pazyllaryny düwünçege durmazyndan öň az-
kem suwsatsaň, hasyly gowy bolýar. 
SUWSAÝYŞ [suwsoýuş], iş ady. Suwsamak 
ýagdaýy. 
SUW-SIL [suw-si:l], hal. Bütin töwerege 
ýaýraýan bol suw. Birdenem asman ähli suwuny 
döken ýaly, dünýäni suw-sil edip, çabga geldi... 
(Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer). 
Ýagan ýagyş töweregi suw-sil etdi.  
SUW-SÖL, at, gepl.d. Suw.Öýde suw-sölem ýok 
eken. 
SUWSURAMAK [suwsuromok], işl., ser. 
Suwsamak. 
Gawun 
pazyllary 
suwsurap, 
ýapraklaryny sallaşyp otyrlar. 


289 
SUWSUZsyp. 1. Düzüminde suwy, şiresi az, ter 
däl. Suwsuz alma. 2. Suwsaýan, suw isleýän. Özüniň 
açdygyna, suwsuzdygyna garaman, ökjesi ýeňledi 
(

Edebiýat we sungat

). 3. Suw içmän, suwa 
ýakylman, teşne. Düýe bir hepdeläp suwsuz oňup 
bilýär. 4. Suw akmaýan, guran. Suwsuz ýap. Suwsuz 
guýy. 
SUWSUZLYK [suwsuzluk], at. Suw ýetmezlik, 
suwsamaklyk. 
SUWSUZRAK [suwsuzura:k], syp. Azda-kände 
suwsuz. 
SUWUDYLMAK [suwudulmok], işl. Goýy 
halyndan suwuk halyna getirilmek, suwly edilmek, 
suwgardylmak. 
SUWUDYŞ [suwuduş], iş ady. Suwutmak 
ýagdaýy. 
SUWUDYŞMAK [suwuduşmok], işl. Goýy 
halyndan suwuk halyna getirişmek, suw ýaly 
edişmek. 
SUWUGRAK [suwğura:k], syp. Иolmalysyndan 
suwy köpräk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   485   486   487   488   489   490   491   492   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling