Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


STANSIÝA [ysta:nsyýa], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet485/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   481   482   483   484   485   486   487   488   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

STANSIÝA [ysta:nsyýa], at. 1. Demir ýollarda 
desgalary hem-de gulluklary öz içine alýan otly
duralgasy. Aşgabat demir ýol stansiýasy. 2. Ýörite 
maksatly käbir edaralaryň, kärhanalaryň ady. Telefon 
stansiýasy. 
Elektrik 
stansiýasy. 
Tohumçylyk 
stansiýasy. Ulaglara ýangyç guýýan stansiýa. 
STATISTIKA [ystati:stika], at. Jemgyýetçilik 
önümçiliginiň we jemgyýetiň ösüşiniň, olaryň özara 


284 
gatnaşygynyň hem-de özgerişlikleriniň mukdar 
görkezijilerini 
işleýän 
we 
öwrenýän 
ylym; 
köpçülikleýin hadysalary mukdar taýdan hasaba alyş. 
STATISTIK [ystati:stik], syp. Statistika degişli, 
statistikanyň kanunlaryndan gelip çykýan. Statistik
maglumatlara salgylanmasaň hem ak mermerli 
Aşgabadyň keşbini görüp, haýran galýarsyň 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, 
Garaşsyzlyga 
guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). 
STATUS [ysta:tus], at, ser. Hukuk: hukuk 
ýagdaýy
STIL [isti:l], at, dil b. 1. Haýsydyr bir ýazyja, 
edebi esere, ugra, žanra häsiýetli bolan dil 
serişdeleriniň ulanylyş tärleriniň, usullarynyň jemi, 
uslyp. 
Romantik 
stil
On dokuzynjy asyryň 
ortalaryndaky rus romanlarynyň stili. 2. Edebi diliň 
kadalaryna laýyklykda sözleýşiň gurluşy, söz arkaly 
beýan etmegiň usuly. Ýokary stil. Aralyk stil. Pes
stil. 3. Edebi diliň funksional görnüşi. Resmi-iş stili. 
Gepleşik stili. Ylmy stil. Publisistik stil. 4. Bir işiň 
usuly, täri, ugry. Edaranyň ýolbaşçydynyň işleýiş 
stili. 
STOL [ysto:l], at. Aýaklarynyň üstünde durýan
giňden tekiz tagta görnüşli mebel. Dörtburç stol. 
Tegelek stol. Nahar stoly.
 
Ýazuw stoly. Iş stoly. Stoluň 
başyna geçmek. Stoluň başyndan turmak. Otaga 
giren ýeriňde üsti ak örtgi ýapylan stol dur (A. 
Gowşudow). Ýigit dolanyp öýe girdi-de, stoluň 
başynda ornaşykly oturdy (B. Soltannyýazow). Onuň 
gözüne ak mata bilen örtülgi tegelek stoluň üstünde 
duran owadan güldandaky bir desse çemen seçelenip 
göründi (N. Pomma). 
STUL [ystu:l / ysdu:l ], at. Bir adam oturar ýaly 
dört aýakly we arkasy ýaplanar ýaly oturgyç, mebeliň 
bir görnüşi.  Okuwçylaryň stuly

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   481   482   483   484   485   486   487   488   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling