Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SÖLPÜLDEŞMEK[sölpüllöşmök], işl. Birnäçe
bolup, sölpüldäp ýörmek. SÖLPÜLDEÝIŞ [sölpüllöýüş], iş ady. Sölpüldemek ýagdaýy. SÖLPÜLDÄBERMEK [sölpüllä:vermek], işl. Belli bir işiň başyny tutman, bikär sölpüldäp gezip ýörmek. SÖLTÜK, syp. Daş görnüşi gowşak, nalajedeýin, sölpi. Garaýagyz, söltük görnüşli biri ileri omzady. SÖM [sö:m], hal, gepl.d. Dik, dim-dik, somalyp duran. SÖMELIŞMEK [sömölüşmök] işl., ser. Somalyşmak. Näme beýdip sömelişip dursuňyz? SÖMELMEK [sömölmök], işl., ser Somalmak. Sömelmeli bolmak. Sömelip durmak. SÖMELTMEK [sömöltmök], işl., ser. Somaltmak. SÖMMEGRÄK [sömmöğürä:k], syp. Sömmeribräk duran, depesi çürüräk. SÖMMEK [sömmök], syp. Depesi dik, ýokarsy çüri, sömelip duran, zömmek. Sömmek ak keçe telpek. SÖMMERIŞ [sömmörüş], iş ady. Sömmermek ýagdaýy. SÖMMERME [sömmörmö], iş ady. Sömmermek ýagdaýy. SÖMMERMEK [sömmörmök], işl. Somalyp görünmek. Uzyn inçejik diň sömmerip durdy. SÖMMERTMEK [sömmörtmök], işl. Somalyp görner ýaly etmek. Köne telpegini sömmerdip sögünip otyr ( Görogly ). SÖMPI [sömpü], syp.,ser. Sölpi. Ol bir nalajedeýin sömpi bolsa nätjek. SÖMPÜLDEMEK [sömpüllömök], işl., ser. Sölpüldemek. Ýene sömpüldäp, boş baraýmalymy? SÖMPÜLDEŞMEK [sömpüllöşmök], işl. Birnäçe bolup sölpüldäp ýörmek. SÖNDÜRILMEK [sönnürülmök], işl. Öçürilip goýulmak. Ýangyn söndürildi. Ot söndürilmek. Çyra söndürildimikä? SÖNDÜRIŞDIRMEK [sönnürüşdirmök], işl. Bir ýan ujundan söndürip çykmak. Ojaklarda sönmedik ot bar bolsa, hemmesini söndürişdiriň. SÖNDÜRIŞMEK [sönnürüşmök], işl. 1. Ýanyp duran ody söndürmäge kömekleşmek. Ýangyny söndürişmek. 2. Birnäçe bolup, bilelikde söndürmek. Ýangyn söndürişip durmak. SÖNDÜRMEK [sönnürmök], işl. Ýanyp duran ot, çyra we ş.m. zady öçürmek. Çyrany söndürmek. Işläp duran maşyny söndürmek. SÖNDÜRTMEK [sönnürtmök], işl. Söndürmek işini başga birine etdirmek, söndürmäge mejbur etmek.Ýangyn söndürijilere ody söndürtmek. SÖNEŇKIRLEMEK [sönöňkürlömök], işl. Sönüp barmak, sönmäge ýakynlamak, öçübermek. SÖNME [sönmö], iş ady. Sönmek ýagdaýy. SÖNMEK [sönmök], işl. 1. Ot, çyra we ş.m. zat ýanmagyny bes etmek, öçmek. Tamdyrlar eýýäm sowapdy, ojaklar sönüpdi ( Edebiýat we sungat ). 2. Bir zada bolan hyjuwyň, meýliň, arzuwyň öçmegi, sowamagy. SÖNMEKLIK [sönmöklük], iş ady. Sönmek ýagdaýy. SÖNMEZLIK [sönmözlük], iş ady. Sönmän durmak, öçmezlik. SÖNÜBERMEK [sönüvermek], işl. Kem- kemden sönüp ugramak, öçübermek. SÖNÜŞ, iş ady. Sönmek ýagdaýy. SÖNÜŞMEK [sönüşmök], işl. Kem-kemden sönmek(köp zat hakynda). SÖP, at, haýwanat d. Süýnmek kelleli, ownuk torçly balyk. SÖRTÜK,at. Gündogar tarapdan öwüsýän ýakymsyz gyzgyn ýa-da sowuk şemal. Sörtük şemal ösýärdi. SÖW, at. Käriz guýularynyň suwunyň akyp geçýän ýoly. ◊ Söw sürmek käriziň guýularyny birikdirmek üçin, olaryň arasyny keseligine gazmak. SÖWDA [söwda:] I, at. Almak we satmak esasynda geçirilýän haryt dolanyşygy. ◊ Söwda etmek her hili hojalyk harytlaryny satmak, sowda-satyk bilen meşgullanmak. Söwdany gyzdyrmak öňünden dilleşip, biriniň aljak bolýan zadyna ýalandan hyrydar bolmak, özüňi şol harydy aljak ýaly ýagdaýda görkezmek. SÖWDA [söwda:] II, Derdeserli waka, alada; söýgi, yşk. Ne hasap, ne hesip, ne belli san bar, Kişi bilmez, ne söwdaýa sataşdym (Magtymguly). Bilmen niçik gamdyr, bilmen ne söwda, Hazan urdy, bag- bossanym gelmedi (Andalyp). SÖWDAGÄR [söwda:ğä:r / söwdöğä:r], at. Zat alyp, zat satýan, söwda bilen meşgul bolýan adam. SÖWDAGÄRÇILIK [söwda:ğä:rçilik / söwdöğä:rçilik], at, ser. Söwdagärlik. Bütin ömrüni diýen ýaly söwdagärçilik edip geçiripdi. SÖWDAGÄRLIK [söwda:ğä:rlik / söwdöğä:rlik], at. Hususy söwda bilen meşgullyk, alyp satyjylyk, söwda-satyk, alyş-çalyş edijilik. SÖWDALAŞDYRMAK [söwda:laşdyrmak], işl. Satýan bilen alýan adamyň harydyň nyrhy hakda ylalaşmagyny gazanmak. SÖWDALAŞMA [söwda:laşma], iş ady. Söwdalaşmak ýagdaýy. SÖWDALAŞMAK [söwda:laşmak], işl. Harydyň bahasy hakda gepleşip, belli bir nyrha gelmek. Satyjy bilen alyjy söwdalaşyp bilmediler. SÖWDALAŞMAKLYK [söwda:laşmaklyk], iş ady. Söwdalaşmak ýagdaýy. SÖWDALAŞMAZLYK [söwda:laşmazlyk], iş ady. Söwdalaşyp bilmezlik. SÖWDALAŞYBERMEK [söwda:laşyvermek], işl. Söwdalaşyp başlamak. SÖWDALAŞYLMAK [söwda:laşylmak], işl. Harydyň bahasy hakda gepleşilmek, belli bir nyrha gelinmek. SÖWDALAŞYŞ [söwda:laşyş], iş ady. Söwdalaşmak ýagdaýy. 281 SÖWDALY [söwda:ly], syp. Galmagally, aladaly. Men bilmenem ne söwdaly başyň bar, Ýyldyz dagy, neçün gitmez dumanyň ( Görogly ). SÖWDA-SATYK [söwda:-satyk], at. Zat alyp, zat satma, aluw-satuw. Söwda-satyk işi. SÖWDEK [söwdök], at. Gumda bitýän kiçijik baldakly ot. SÖWDÜGIM [söwdüğüm], at, gepl.d. Ezizim, söýenim, söýgülim. Söwdügim, takdyry-hakdyr aýyrgan bizden seni. Eý söwdügim, Soňudagy, dagdanlydyr biliň seniň (Magtymguly). SÖWEDEŇ [söwödöň], syp. Uzyn, tagaşyksyz, çemesiz (adam). Söwedeň pyýada. SÖWEDEŇLEME [söwödöňlömö], iş ady. Söwedeňlemek ýagdaýy. SÖWEDEŇLEMEK [söwödöňlömökj, işl. Söw- söw edip ýörmek, boş aýlanyp ýörmek, işsiz ygyp ýörmek. Söwedeňläp ýörmek. SÖWEDEŇLEŞMEK [söwödöňlöşmök], işl. Birnäçe bolup söw-söw syryp ýörmek, boş aýlanyşyp ýörmek, işsiz ygyşyp ýörmek. Söwedeňleşip ýörmäň- de, bir käriň başyny tutuň! SÖWEDEŇLEÝIŞ [söwödöňlöýüş], iş ady. Söwedeňlemek hereketi. SÖWEDEŇLÄBERMEK [söwödöňlä:vermek], işl. Söw-söw edip başlamak. SÖWELIŞ [söwölüş], iş ady. Söwelmek ýagdaýy. SÖWELIŞMEK [söwölüşmök], işl. Dikelişip durmak, birnäçe bolup işsiz gezişip ýörmek. Söwelişip durmaň-da, işiňiz bilen boluň! SÖWELME [söwölmö], iş ady. Söwelmek ýagdaýy. SÖWELMEK [söwölmök], işl. Dikelip durmak. Näme söwelip dursuň? SÖWELMEKLIK [söwölmöklük], iş ady. Söwelmek ýagdaýy. SÖWELTMEK [söwöltmök] işl. Dik duruzmak. Men ony seniň öňünde söwelderin. SÖWER [söwör], syp. 1. Iň gowy görülýän, söýgüli, eziz. Aýyrdy söwer balamdan, Ýüregimni ýara kyldy (Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at. SÖWEŞ [söwöş], at, harby. Biri-birine garşy iki tarapyň ýaragly çaknyşygy, uruş, jeň. SÖWEŞDEŞ [söwöşdöş], syp. Bilelikde söweş eden, söweşde bile bolan. Söweşdeş ýoldaş. SÖWEŞIBERMEK [söwöşüvermek], işl. Söweş edibermek, söweş alyp barybermek, urşubermek. SÖWEŞILMEK [söwöşülmök], işl. Söweş alyp barylmak, söweş edilmek, urşulmak. SÖWEŞIŞ [söwöşüş], iş ady. Söweşmek ýagdaýy. SÖWEŞJEŇ [söwöşşöň], syp. 1. Bir zat ugrunda jan aýaman söweşýän, göreşýän, jan çekýän. Şol zamananyň söweşjeň ýigitleri kasam etdiler. 2. göç.m. Möhüm, wajyp ähmiýetli. SÖWEŞJEŇLIK [söwöşşöňlük], syp. Söweşjeň bolmaklyk, göreşjeňlik. SÖWEŞME [söwöşmö], iş ady. Söweşmek ýagdaýy. SÖWEŞMEK [söwöşmök], işl. 1. Söweş etmek, söweş alyp barmak, uruşmak 2. göç.m. Durmuşda, işde bir zatdan üstün çykjak bolup çalyşmak, göreşmek. Gaý bilen söweşmek. SÖWEŞMEKLIK [söwöşmöklük] iş ady. Söweşmek ýagdaýy. SÖWEŞMEZLIK [söwöşmözlük], iş ady. Söweş alyp barmazlyk. SÖWEÝIN [söwöýün]: gözüňe söweýin bir zat gowy ýa-da erbet görlen wagtynda içki joşgunyňy ýüze çykarmak üçin aýdylýan aňlatma. SÖW-SÖW: söw-söw syryp ýörmek ser. Söwedeňlemek. Söw-söw syryp ýörmek saňa gelişýän zat däl. SÖWÜŞ, at. Gelen myhmanyň hatyrasy üçin soýulýan mal, edilýän hormat. Söwüş üçin baggoýun soýuldy. ◊ Söwüş etmek mal soýup, hormat etmek. Maňa söwüş edermisiňiz! ( Myraly ). Söwüş goýny gelin edinýän adamyň toý üçin gyz öýüne eltip berýän goýny. SÖWÜŞLIK [söwüşlük], syp. Söwüş üçin niýetlenen (mal). Bazardan söwüşlik alyp geldik. SÖWÜT, at. Insiz süýri çal ýaprakly, çeýe şahaly agaç, tal. SÖWÜTLIK [söwütlük], at. Söwüt agajynyň köp biten, gögerip oturan ýeri. Söwütlikde salkynja şemal öwüsýär. SÖÝ, at. 1. kön.s. Söz. Ýüzün sowup, gep alyşmaz çyn ärler, Bir söý bilen ýagşy dosty çep bolsa (Magtymguly). 2.Saý-sebäp, sebäp. Bir söý bilen bärik sowulmaly bolduk. SÖÝDÜRMEK [söýdürmök], işl. Birinde özüňe söýgi döretmek, özüňi halatmak. SÖÝE [söýö], at. 1. Gapynyň aşaky we ýokarky işiklerini (bosagalaryny) birikdirýän we gabsa berkidilýän iki dik agaç. Ol söýä ýaplanyp durdy. 2. göç.m. Daýanç, arkadaýanç, arka. SÖÝEBAG [söýöva:ğ], at. Işigiň söýesi bilen tärimi birleşdirýän ýüp, bag. SÖÝEG [söýöğ], at. 1. Bir zady diräp saklamak üçin söýelip goýulýan direg, paýa. Söýeg bilen duran ýerleri ýan bermedi. 2. ser. Söýe 2. 3. Oglana dakylýan at. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling