Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet484/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   480   481   482   483   484   485   486   487   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SÖZLÜKLIK 
[sözlüklük], 
at. 
Sözlüge 
girizilmeli edilen sözleri öz içine alýan sanaw, 
sözlügiň süňňi. 
SÖZME-SÖZ [sözmö-söz], hal. Her bir sözüň 
manysyny laýyk getirip. Goşgyny sözme-söz terjime 
etmek. 
SÖZSOŇY [sössoňy], at, edeb. Köplenç, çeper, 
ylmy, jemgyýetçilik eserleriniň soňunda şol eseriň 
umumy mazmuny, ähmiýeti we ş.m. barada ýa-da 
eseriň awtory hakynda goşmaça maglumatlar berýän 
ýazgy. 
Sözsoňy kömekçiler degişli sözlerine täze 
many berýän sözler. Meselem: üçin, kimin, ýaly, görä 
we ş.m. 
SPARTAKIADA 
[yspartakyýa:da], 
at
Köpçülikleýin häsiýete eýe bolan toplumlaýyn sport 
ýaryşlary. Bu Spartakiadanyň yglan edilmeginiň düýp 
maksady Türkmenistanda sporty ösdürmekden, 
halkymyzy köpçülikleýin sporta çekmekden, sagdyn, 
edepli hem arassa ahlakly nesil terbiýeläp 
ýetişdirmekden, çyn zehinleri ýüze çykaryp, olardan 
ussat türgenleri ýetişdirmekden hem-de sagdyn 
jemgyýeti kemale getirmekden ybarat (

Saglyk

). 
SPIRT [ispi:rt], at. Düzuminde gant ýa-da 
krahmal bolan jisimleriň bugundan alynýan
suwuklyk. 
SPIRTLI [ispi:rtli], syp. Düzüminde spirt bar 
bolan. Spirtli içgiler
SPORT [yspo:rt], at. 1. Bedenterbiýäniň düzüm 
bölegi bolup, adam organizmini ösdürmegi we 
berkitmegi, ony ahlak taýdan terbiýelemegi we 
ýaryşlarda onuň ýokary netijeler gazanmagyny 
maksat edinýän fiziki maşklar toplumy. – Sport – 
munuň özi gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň 
we progresiň belentliklerine tarap ymtylyşyň janly 
beýanydyr (Gurbanguly Berdimuhamedow). 2. Şu 
maşklaryň toplumy boýunça ýaryşlary we okuw-
türgenleşik 
sapaklaryny 
guramagyň 
hem-de 
geçirmegiň ulgamy. Sport mekdebi
STADION [ystadiýo:n], at. Futbol we beýleki 
sport ýaryşlary, türgenleşik işleri üçin dürli 
meýdançalary, tomaşaçylar üçin tribunalary, goşmaça 
desgalary hem-de jaýlary bolan sport toplumy.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   480   481   482   483   484   485   486   487   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling