Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SOÝULMAK [soýulmok], işl. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet481/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   477   478   479   480   481   482   483   484   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SOÝULMAK [soýulmok], işl. 1. Daşynyň derisi, 
gabygy aýrylmak. Deri soýulmak. Sogan soýulmak
2. Bedeniň, teniň bir ýeri sypjyrylmak, ýaralanmak, 
hamynyň bir bölek ýeri goparylmak. 3. Mal 
öldürilmek. Goýun soýulmak. 4göç.m. Talap, aldap 
biriniň ýanyndaky puly, gymmatly zatlary alynmak. 
SOÝUM-SOÝUM, syp.Teniniň ençeme ýeri 
soýlan, oýuk-soýuk. Soýum-soýum bolmak. Soýum-
soýum etmek. 
SOÝUNMAK [soýunmok], işl. 1. kön.s. 
Eşikleriňi aýyrmak, çykarynmak. 
Şol wagt 
Garamelegiň gyzy gyzlar bilen howuz başynda 
soýnup suwa girdi (

Asly – Kerem

). 2. Maly özüň 
üçin öldürmek. Goýun soýunmak. 
SOÝUŞ,iş ady. Soýmak ýagdaýy. 
SOÝUŞMAK [soýuşmok], işl. 1. Soýmaga 
kömekleşmek. 2. Bilelikde soýmak. Gassaplar goýun 
soýşup durdular
SOZAN [sozon] Iat. Tüpeň. 
SOZAN [sozon] II, at. Halta, köwüş tikilýän 
temen. 
SOZANGUÝRUK [sozonğuýruk]:sozanguýruk 
bolmak biri-biriniň yzyndan tirkeşip gitmek, uzyn 
hatar bolup gitmek. Atlylar sozanguýruk bolup, ýola 
düşdüler. 
SOZDURMAK [sozzurmok], işl. Bir zady 
süýndürtmek, uzaltdyrmak.
SOZMA [sozmo] I1iş ady. Sozmak ýagdaýy. 2
syp. Gowy we aňsatlyk bilen sozulýan. Sozma polat. 
SOZMA [sozmo] IIat. Keltejik içmek. 
SOZMAK [sozmok], işl. 1. Bir zady çekip, ýenjip 
süýndürmek, uzaltmak, süýmek. Biri çekijiniň 
astynda sozýan bolsa, beýlekisi oňa taýýarlan 
poladyny berýär. 2. gepl.d. Sözleri çekip, süýndürip,
süýkdürip aýtmak. 
SOZMAKLYK [sozmokluk], iş ady. Sozmak 
ýagdaýy. 
SOZUBERMEK [sozuvermek], işl. Sozup 
başlamak, sozup ugramak. 
SOZULMAK [sozulmok], işl. 1. Bir zat çekilip, 
ýenjilip süýndürilmek, uzaldylmak. Ussa çekijini 
uranda, demir sozulýardy. 2.Sözleri süýndürilip 
aýdylmak. Sesiň sozulyp çykýar-la? 
SOZUŞiş ady. Sozmak ýagdaýy. 
SOZUŞMAK [sozuşmok], işl. 1. Sozmaga 
kömek
etmek. 2. Bilelikde sozmak.
SÖBÜK [so:vük], at. Ökjäniň ýokarsyndaky 
ýogyn damaryň duran ýeri. 
Söbügine münmek (düşmek) biriniň yzyndan 
kowmak, kowalamak. 
SÖBÜKBASAR [sö:vükbasar], at, gepl.d. 
Orunbasar (ýaňsa almak üçin aýdylýar). 
SÖGDÜRMEK [sö:ğdürmek], işl. 1. Birine hapa
paýyş söz diýdirmek, sögüp durmagyna ýol bermek. 
Özüňe sögdürip durma.
SÖGME [sö:ğmö], iş ady. Sögmek ýagdaýy. 
SÖGMEK [sö:ğmök], işl. 1. Birine hapa, paýyş 
söz aýtmak. 2. Birine gaharly käýemek.
SÖGMEKLIK [sö:ğmöklük], iş ady. Sögmek 
ýagdaýy. 
SÖGMEZLIK [sö:ğmözlük], iş ady. Sögüp 
durmazlyk, gaharly käýemezlik. 
SÖGÜBERMEK [sö:ğüvermek], işl. Sögüp 
ugramak, dowamly, yzyny üzmän sögmek. 
SÖGÜLMEK [sö:ğülmök], işl. 1. Birine hapa, 
paýyş söz aýdylmak. 2. Birine gaharly käýelmek.
Sögüleniň bilen sökülmezlik sögüleniň bilen 
hiç zat bolmaz. Sögüleniň bilen sökülmersiň, oňa 
gynanyp oturma
SÖGÜNÇ [sö:ğünç], at. Sögülip aýdylýan hapa, 
paýyş söz. 
SÖGÜNJEŇ [sö:günjöň], syp. Hapa, paýyş 
sözleri aýtmaga endik eden, sögegen. Ol sögünjeň 
adamdy. 
SÖGÜNJEŇLIK [sö:ğünjöňlük], at. Sögünjeň 
bolmaklyk, sögegenlik. Sen sögünjeňlik gylygyňy 
goý! 
SÖGÜNJIREME [sö:ğünjürömö], iş ady. 
Sögünjiremek ýagdaýy. 
SÖGÜNJIREMEK [sö:ğünjürömök], işl. Öz 
ýanyňdan çalaja sögünmek. 
SÖGÜNJIREMEKLIK [sö:ğünjürömöklük], iş 
ady. Sögünjiremek ýagdaýy. 
SÖGÜNJIREMEZLIK [sö:ğünjürömözlük], iş 
ady. Öz ýanyňdan çalaja sögünmezlik. 
SÖGÜNJIREŞMEK [sö:ğünjüröşmök], işl. Biri-
biriňe sögünjiremek. 
SÖGÜNJIREÝIŞ [sö:ğünjüröýüş], iş ady. 
Sögünjiremek ýagdaýy. 
SÖGÜNJIRÄBERMEK 
[sö:ğünjürä:vermek], 
işl. Sögünjiräp başlamak. 
SÖGÜNMEK [sö:ğünmök], işl. Öz ýanyňdan
hüňürdäp gargynmak, bir zatdan zeýrenip käýinmek. 


279 
SÖGÜŞ [sö:ğüş], iş ady. Sögmek ýagdaýy. 
SÖGÜŞMEK [sö:ğüşmök], işl. Biri-biriňe hapa, 
paýyş söz diýmek, biri-biriňe göwne degiji söz 
aýtmak, käýişmek, tersleşmek. Uruş, sögüş, emma 
ýaraşmaga ýer goý (Atalar sözi). Beýdip ikiňiz 
sögüşip durmaň! 
SÖHBET [söhvöt], at. 1. Biriniň edýän gürrüňi. 
Halypanyň söhbeti uzaga çekdi 

Edebiýat we 
sungat

). 2. Oglana dakylýan at. 
Söhbet açmak (gurmak) gürrüň edip 
başlamak, gürrüň etmek. Döredijilik barada söhbet 
açylanda, morta bir zat aýtmagam kyn (

Edebiýat we 
sungat

). 
SÖHBETDEŞ [söhvötdöş], at. Söhbete, gürrüňe 
gatnaşýan adamlaryň her biri, söhbet edişýän adam, 
gürrüňdeş. Söhbetdeşimiň ýüz-gözi ýagtyldy. 
SÖHBETDEŞLIK [söhvötdöşlük], at. Birnäçe 
bolup, üýşülip edilýän gürrüňdeşlik, üýşüp pikir 
alyşmaklyk.
SÖK, at. Gawun-garpyzyň çigidi aýrylan lötüne 
gowrulan un goşulyp, köp wagtlap gaýnadylyp 
taýýarlanylýan önüm. Sök gaýnatmak. 
SÖKDÜRMEK [sökdürmök], işl. 1. Gurulgy 
abat zady bozdurmak, bölek-bölek etdirmek. Ol çig 
kerpiçden salnan haýatyny sökdürip, bişen kerpiçden 
saldyrdy. 2.Tikilen zadyň tikinini sogrup aýyrtmak. 
Köýneginiň ýakasyny sökdürip, täzeden bejertdi. 3
Köpýyllyk ekinleriň ýerini sürüp agdartmak. Ýorunja 
ýerlerini sökdürip, pagta ekdirdi. 4. Köp agtartmak, 
gözledip köp ýerleri aýlandyrmak. Bütin obany 
sökdürdi, emma ol tapdyrmady. 5. hukuk. Bir işi 
täzeden derňewe ibertmek, täzeden garatmak. Ol 
özüniň işini sökdürdi. 
SÖKEL [sököl], syp. Sag däl, näsag, ýarawsyz, 
nähoş. Men bilmedim sökeldigim, sagdygym, Kişi 
bilmez näçagdygym, çagdygym (Seýdi). 
SÖKELEME [sökölömö], iş ady. Sökelemek 
ýagdaýy. 
SÖKELEMEK [sökölömök], işl. Külterlenen 
ýüpi, 
saralan 
ýumagy 
çözlemek. 
Dokma 
ýüwürdýänler mäşirigi sökeläp başladylar. 
SÖKELEMEKLIK [sökölömöklük], iş ady. 
Sökelemek ýagdaýy. 
SÖKELEMEZLIK [sökölömözlük], iş ady. 
Külterlenen ýüpi, saralan ýumagy çözlemezlik. 
SÖKELENMEK [sökölönmök] işl. Külterlenen 
ýüp, saralan ýumak çözlenmek. Mäşirik togalanyp, 
sökelenip gitdi. 
SÖKELEŞDIRMEK 
[sökölöşdürmök], 
işl. 
Külterlenen ýüpleri, ýumaklary çözleşdirip çykmak. 
SÖKELEŞMEK [sökölöşmök], işl. Sökelemäge 
kömekleşmek. 
SÖKELETMEK [sökölötmök], işl. Sökelemek 
işini başga birine etdirmek. 
SÖKELEÝIŞ [sökölöýüş], iş ady. Sökelemek 
ýagdaýy. 
SÖKELÄBERMEK 
[sökölä:vermek], 
işl. 
Sökeläp başlamak; dowamly sökelemek. 
SÖKELRÄK [sökölürä:k], syp. Keselbendräk, 
ýarawsyzrak, biraz nähoşrak. 
SÖKME [sökmö], iş ady. Sökmek ýagdaýy. 
SÖKMEK [sökmök], işl. 1. Gurulgy abat zady 
bozmak, böleklere bölmek. Şu oturgyjy sökeli. 2
Tikilen zadyň tikinini sogrup çykmak. Köýnegiň 
ýeňini sökmek. 3. Köpýyllyk ekinleriň ýerini sürüp 
agdarmak, bozmak. Şu gyş ýorunjalarymyzy sökmeli. 
4. Köp ýerlere aýlanyp, gözläp çykmak, agtaryp, 
uzak ýollary geçmek. Buhara barýança söküpsiň 
baryn, Bizlere mynasyp bir ýar gördüňmi? (Baýly 
şahyr). Ýol sökmek. 5. hukuk. Bir işe täzeden 
garamak, seretmek, barlamak. 6. Endamyňy 
gowşatmak, goram-gowşak ýagdaýda bolmak. Meni 
şypahananyň güýçli suwy sökdi öýdýän. 
SÖKMEK [sö:kmök], işl., ser. Sögmek. Ýat 
illerde aýraçylyk çekenden, Ursa, sökse, horlasa-da, 
il ýagşy (Magtymguly). 
SÖKMEKLIK [sökmöklük], iş ady. Sökmek 
ýagdaýy. 
SÖKMEZLIK [sökmözlük], iş ady. Sökmek işini 
amal etmezlik. 
SÖKÜBERMEK [söküvermek] işl. Söküp 
başlamak, sökmegi dowam etdirmek. 
SÖKÜLMEK [sökülmök], işl. 1. Gurulgy abat 
zat bozulmak. 2. Tikilen zadyň tikini gitmek. Ýeňiň 
tikinleri sökülip gidipdir. 3. Köpýyllyk ekinleriň ýeri 
sürülmek, agdarylmak. Ýorunja ýeri sökülip, pagta 
ekilipdir. 4. Köp ýerlere aýlanyp çykylmak, uzak ýol 
geçilmek. Sökülip çykylmadyk ýer galmady, emma ol 
tapylmady. 5. hukuk. Bir işe täzeden garalmak, 
seredilmek, barlanmak. 
SÖKÜŞiş ady. Sökmek ýagdaýy. 
SÖKÜŞDIRMEK [söküşdürmök], işl. 1. Bir 
ýanyndan söküp başlamak, söküp çykmak. Gara öýi 
söküşdirdiler. Ýorunja ýerlerimizi söküşdirdik. 2
Uzak ýollary geçmek. Uzak ýoly söküşdirip, ahyry 
daglyga ýetdik. 
SÖKÜŞMEK [sökuşmök], işl. 1. Sökmäge 
kömek etmek. 2. Bilelikde sökmek. Maşyn söküşmek. 
SÖLITE 
[sölüýtö], 
syp. 
Iş oňarmaýan, 
başarnyksyz, gowşak (adam). Sölite hatyndan, 
betlagam ärden, Eýesine yssy haýwan ýagşydyr 
(Zelili). 
SÖLITELIK [sölüýtölük], at. Sölitäniň ýagdaýy, 
sölite bolmaklyk. 
SÖLITERÄK [sölüýtörä:k], syp. Az-kem sölite. 
SÖLPI [sölpü], syp. Sölpüldäp ýören, özüni 
oňarmaýan, nalajedeýin. 
SÖLP-SÖLP [sölp-sölp], s.ş.aňl.söz. Sölpüldäp 
ýörelende emele gelýän şekil. 
SÖLPÜRÄK [sölpürä:k], syp. Azda-kände sölpi. 
SÖLPÜLDEME 
[sölpüllömö], 
iş 
ady. 
Sölpüldemek ýagdaýy. 
SÖLPÜLDEMEK 
[sölpüllömök], 
işl. 
1
Bedeniňi gataltman gowşak ýöremek, sölp-sölp edip 
ýöremek. 2. göç.m. Belli bir işiň başyny tutman, 
bikär gezmek. Bäş-alty günden sölpüldäp, yzyňa 
gelersiň. 
SÖLPÜLDEMEKLIK [sölpüllömöklük], iş ady. 
Sölpüldemek ýagdaýy. 


280 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   477   478   479   480   481   482   483   484   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling