SOWAŞMAK [sowoşmok], işl. 1. Kem-kemden
sowamak, sowap başlamak. Azat sowaşan çaýyny bir
bada başyna çekdi (G. Kulyýew). 2. göç.m. Bir zada
bolan höwesiň gaçyp başlamak, yhlassyz bolup
başlamak. Ol bu işden eýýäm sowaşyp gidipdi. 3.
göç.m. Birneme ynjalmak, gaharyň gaçmak,
rahatlanmak. Aýgülüň gyjydyndan ýaňyjyk sowaşan
Nurjahany ejesiniň hüjümi has-da basmarlady (B.
Kerbabaýew).
SOWAŞYK [sowoşuk], syp. Biri-birine gabat däl,
gabatma-gabat, ugurma-ugur bolmadyk, sowa. Ol
penjireden biraz sowaşyk ýere geçip oturdy.
◊ Ýoluň sowaşyk düşmek ýolda-yzda biri-biriňe
gabat gelmezlik.
SOWAT [sowot] I, at. Okalyp alynýan bilim,
okuw, ýazyp-okap bilmeklik. Altyn gowy gyz, emma
sowady azrak (A. Durdyýew).
◊ Sowadyny çykmak okap, ýazyp bilmegi
öwrenmek.
SOWAT [sowot] II, at. Şäht, keýp.
◊ Sowady açylmak şähdi açylmak, keýpi
kökelmek. Ol sowady açylyp, gyzykly gürrüňler edip
ugrady.
SOWATDYRMAK [sowotdurmok], işl. Sowuk
hala getirtmek.
SOWATLY [sowotly], syp. Ýazmagy we
okamagy öwrenen, ýazyp, okap bilýän, bilimli.
SOWATLYLYK [sowotluluk], at. Hatly-sowatly
bolmaklyk, sowady barlyk, sowatsyz dällik, ýazyp,
okap bilmeklik.
SOWATMAK [sowotmok], işl. 1. Gyzgyn zady
sowuk etmek, gyzgynlyk derejesini aşaklatmak.
Diýdi: – bagt toýy gutlanýan mahal, Sowatmaň
nahary, käseler galsyn (R. Seýidow).
◊ Eliňi işden sowatmak işlemek höwesiňi
gaçyrmak(El: eliňi işden sowamak). Şeýle
ýagdaýdaka Watanyň – Iliň, Niçik bor sowatsaň
işiňden eliň? (A. Kekilow).
SOWATSYZ [sowossuz], syp. Okap, ýazyp
bilmeýän, hat-sowady bolmadyk, bilimsiz. Annaguly
ýaly sowatsyzlary sowatly etmäge jan edýärdiler (A.
Durdyýew).
SOWATSYZLYK [sowossuzluk], at. Ýazyp-
okap bilmezlik, hat-sowady ýokluk, hatly-sowatly
dällik. Özüniň sowatsyzlygyny ýok etmek üçin okaýar
(A. Durdyýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |