Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SUGŞURYŞ [suğşuruş], iş ady. Sugşurmak  ýagdaýy.  SUGŞURYŞDYRMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet487/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   483   484   485   486   487   488   489   490   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SUGŞURYŞ [suğşuruş], iş ady. Sugşurmak 
ýagdaýy. 
SUGŞURYŞDYRMAK [suğşuruşdurmok], işl
Yzly-yzyna sugşurmak, sugşuryp çykmak. Jaýdar 
setirleri sugşuryşdyrdy.  
SUGUN 
[su:ğun], 
at. 
Süýdemdirijiler 
maşgalasyndan bolan gäwüşeýän, goşa toýnakly, 
şahlak haýwan.
SUGUNÇY [su:ğunçy], at. Sugunlary ösdürip 
ýetişdirýän adam. 
SUGUNÇYLYK 
[su:ğunçuluk], 
at. 
Maldarçylygyň sugunlary ösdürip ýetişdirmek bilen 
meşgul bolýan pudagy. 
SUHAN [su:han / suho:n], at, k.d. 1. Aýdylýan 
çeper söz, edilýan süýji gürrüň. Sözlegende, hoş 
suhandyr bilbili-şeýda ýigit (Mollanepes). 2. Oglana 
dakylýan at. 
SUHANGÖÝ [su:hanğöý], syp., k.d, ser. 
SuhanwerOny meniň kimin suhangöý, jadygöý alyp 
geler (

Görogly

). Suhangöýler – märekede, 
jomartlar aşda bellidir (Zelili). 
SUHANWER [suhanwör], syp., k.d. Söze çeper, 
dilewar. 

Suhanwer men

diýen köpdür jahanda 
(Magtymguly). 
SUHLABERMEK [suhla:vermek], işl. Bir 
ýanyndan suhlap başlamak.
SUHLAMA [suhlomo], iş ady. Suhlamak 
ýagdaýy. 
SUHLAMAK [suhlomok], işl., gepl.d. 1. Sowuk 
ýarag bilen urup ýaralamak, pyçaklamak, sowuk 
ýaragy çümdürmek, bir ýerinden sokmak. 2. Eli 
bilen, köplenç, gapdalyňdan gaýta-gaýta itmek, 
basmak. – Bir zat aýtjak bolsaň, her gezek 
böwrümden suhlap dursuň, men ker däl-ä, ýöne 
aýdyber.
SUHLAMAKLYK [suhlomokluk], iş ady. 
Suhlamak ýagdaýy.  
SUHLATMAK 
[suhlotmok], 
işl. 
Biriniň 
suhlamagyna ýol bermek, mümkinçilik döretmek. 
SUHLAÝYŞ [suhloýuş], iş ady. Suhlamak 
ýagdaýy. 
SUKUM, at, gepl.d. Bir agyz, bir azajyk. Ýene 
bir sukumjyk iýsene. 
Bir sukum azajyk zadyň möçberini aňladýan 
ölçeg (palaw, dograma we ş.m. nahar hakynda). 


285 
SULBAT [sulvot], at, k.d., ser. Sulp. Adam 
atanyň sulbaty ýedi ýeriň topragydyr (Magtymguly). 
SULBA [sulvo], at. Ýyrtyk-ýirik egin-eşik, 
eleşan geýim. Egni ýyrtyk sulbaly.
SULH: sulhuň almak birini ýa-da bir zady 
(mysal üçin, zenany) halamak, gowy görmek, 
ýüregiň almak. Sulhuň alyşmak gylyk-häsiýetleri 
gabat gelip, birek-biregi ýüregiň almak, biri 
beýlekisine ýaramak. Onuň bilen sulhumyz alşyp 
gitdi. 
SULP, at, k.d. 1. Bil, bil oňurgasy. Owal ataň 
sulbundan, Eneň mährine geldiň (Zelili). 2. Biriniň 
asly, nesli. 
SULUHMAK [suluhmok], işl. Halys bolmak, 
ýadamak. Ol sulhup durdy. 
SULUW, syp., kön.s.Owadan, görmegeý, gözel. 
Her kim suluw men diýr, ygtybar bolmaz, Sünbül 
saçy gylça bili bolmasa (Magtymguly). 
SULUWLYK [suluwluk], at, kön.s.Owadanlyk, 
görmegeýlik, gözellik. Owadanlykda onuň taýy 
ýokdur, suluwlykda, hüýrlükde oňa hiç bir perizat 
ýetmez (Şabende). 
SUMAT [suma:t]: sumat bolmak bir ýana 
ýitirim bolmak, gürüm-jürüm bolup gözden ýitmek, 
ýok bolmak. Olar sumat boldular. 
SUNGAT [sunğot], at. 1. Başarnygy, ussatlygy 
talap edýän inçe el işi. 2. Durmuşy, hakykaty çeper 
suratkeşlik arkaly döredijilikli şöhlelendirmeklik. 
Söz sungaty. Şekillendiriş sungaty. Sahna sungaty. 
SUNMAK [sunmok], işl., kön.s. 1. Uzatmak, 
hödürlemek, bermek. Pyýala dolduryp, döwre 
berdiler, Maňa ýetgeç golum sundum, ýaranlar 
(Magtymguly). Leblerim teşne galdy, bir posa 
sunmaz gelin (Kemine). 2. Egmek, boýun egmek, 
buýrugy ýerine ýetirmek. Allanyň emrine sunup 
boýnuny (Magtymguly). 
SUŇŞURMAK 
Agaç 
önümleriň 
ownuk 
böleklerini biri-birine laýyk kesip, oýup, jebis getirip 
geýdirmek. (suňşurylan bölekler agaç ýa-da demir 
çüý bilen çüýlenýär ýa-da ýelimlenýär). Susagyň 
sapy käbir ýagdaýda aýratyn ýasalyp, susagyň arka 
ýüzüne kertilip suňşurylýar.
SUPRA [supuro], at.  Saçak. Jomart ogly supra 
ýaýyp, aş döker (Magtymguly). Ýoklukda kem bolsa 
suprada nany, Goç ýigit gam çeker mydama, begler 
(Kätibi).  
SUR [su:r] I, syp. Goňur ýa-da çalymtyk altyn 
reňk öwüsýän gymmat baha bagana. Sur bagana. 
SUR [su:r] II, at, k.d. Şahdan ýasalan surnaý. 
Ysrafyl suruny çalsa gerekdir (Magtymguly). 
SURAT [su:rot], at. 1. Biriniň, bir zadyň çekilen 
ýa-da surat düşürilýän guralda alnan şekili. Ol 
diwardaky surata seretdi. 2. Göz öňüne getirilýän 
şekil, waka we ş.m. zat. Şol surat onuň göz öňüne 
geldi. 
◊ Surat ýaly owadan, gelşikli. Surat ýaly çaga. 
SURATÇY [su:rotçy], at. Surat almak, surat 
çekmek bilen meşgullanýan adam. 
SURATÇYLYK [su:rotçuluk], at. Sungatyň 
surat çekmek ugry.Suratçylyk sergisi. 
SURATDA [su:rotdo], hal. Ýagdaýda, görnüşde. 
Oňa gyssagly suratda çykyşyny taýýarlamak 
tabşyryldy

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   483   484   485   486   487   488   489   490   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling