Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SURATKEŞ [su:rotkeş], at. Galam ýa-da dürli ýagly reňkler, akwarel we ş.m. bilen surat çekýän adam. SURATKEŞLIK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SURATKEŞ [su:rotkeş], at. Galam ýa-da dürli
ýagly reňkler, akwarel we ş.m. bilen surat çekýän adam. SURATKEŞLIK [su:rotkeşlik], at. 1. Suratkeşiň käri, ýagdaýy. Köňül gözgüsine ýaryň adyny, Suratkeşlik edip çyzmaly boldum (Magtymguly). 2. Surat çekmek hünärine degişli. Suratkeşlik mekdebi. SURATLANDYRMA [su:rotlonnurmo], iş ady. Suratlandyrmak ýagdaýy. SURATLANDYRMAK [su:rotlonnurmok], işl. Çeper dil bilen suratyny çekmek, obrazly şekillendirmek. SURATLANDYRMAKLYK [su:rotlannurmokluk], iş ady. Suratlandyrmak ýagdaýy. SURATLANDYRMAZLYK [su:rotIonnurmozluk], iş ady. Çeper dil bilen suratyny çekmezlik, obrazly şekillendirmezlik; görkezmezlik. SURATLANDYRYBERMEK [su:rotlonnuruvermek], işl. Suratlandyryp, görkezip başlamak. SURATLANDYRYLMAK [su:rotlonnurulmok], işl. Çeper dil bilen suraty çekilmek, obrazly şekillendirilmek; görkezilmek. Bu hadysa Magtymgulynyň birnäçe goşgusynda aýdyň suratlandyrylýar ( Edebiýat we sungat ). SURATLANDYRYŞ [su:rotlonnuruş], iş ady. Suratlandyrmak ýagdaýy. SURAÝY [sura:ýy], at, k.d. Suw, şerap guýulýan uzyn bokurdakly owadan gap. Suraýy gerdende, bykynda, bilde (Kemine). SURNAÝ [surna:ý / surnoý], at. Turba görnüşli, ýogyn sesli, misden ýasalan saz guraly. Surnaý çalyp, nagra kakyp şadyýan, Dokuz gündür döwran sürdi köşgünde (Mollanepes). SURNAÝÇY [surna:ýçy / surnoýçy], at. Surnaý çalýan adam. Öňde barýan surnaýçy we deprekçi ýöriş sazyny çalýardy SURNUGYBERMEK [surnuğuvermek], işl. Surnugyp başlamak. SURNUGYŞ [surnuğuş], iş ady. Surnukmak ýagdaýy. SURNUGYŞMAK [surnuğuşmak], işl. Birnäçe adam surnukmak. Uzak ýoldan surnugyşyp gelmek. SURNUKDYRMAK [surnukdurmok], işl. Surnukmak katdyna ýetirmek, surnukmaga mejbur etmek. Uzak ýol, ine-gana iýip-içip bilmezligimiz bizi gaty surnukdyrdy. SURNUKDYRYJY [surnukdurujy], syp. Halys ediji, gaty ýadadyjy, güýçden gaçyrýan. SURNUKMA [surnukmo], iş ady. Surnukmak ýagdaýy. SURNUKMAK [surnukmok], işl. Aç-suwsuz halys bolmak. SURNUKMAKLYK [surnukmokluk], iş ady. Surnukmak ýagdaýy. 286 SURNUKMAZLYK [surnukmozluk], iş ady. Gaty ýadamazlyk, halys bolmazlyk. SUST, syp. 1. Göwnüçökgün, keýpsiz, gamgyn, tukat. Sen sust görünýärsiň. 2. göç.m. Sesini-üýnüni çykarman, ýuwaş, hiç zat täsir etmeýän görnüşde. Ol sust görünýärdi. ◊ Sustuň basylmak ruhy taýdan basyş astynda bolmak, gaty çekinmek. Köpçülikden susty basylany üçin, sesini çykarman otyrdy. Işden sustuň basylmak. SUSAK [susok], at. Söwüt, garagaç ýaly gaty agaçlardan ýonulyp ýasalýan uzyn saply, uly çemçe görnüşli gural (suwuk nahar guýmak, susup almak üçin ulanylýar). ◊ Susagyň sapy ýetmek bir zadyň hojaýyny bolmak, erk-ygtyýaryny eliňe almak. SUSAKLABERMEK [susokla:vermek], işl. Susak bilen susup alybermek, susak bilen susup guýubermek. SUSAKLAMA [susoklomo], iş ady. Susaklamak ýagdaýy. SUSAKLAMAK [susoklomok], işl. Susak bilen susup almak; susak bilen susup guýmak. Çemçeläp ýygnanymy susaklap dökmeli boldy. SUSAKLAMAKLYK [susoklomokluk], iş ady. Susaklamak ýagdaýy. SUSAKLAŞMAK[susokloşmok], işl. Birnäçe bolup susaklap almak, susak bilen almak. SUSAKLATMAK [susoklotmok], işl. Susak bilen susup aldyrmak, susak bilen susup guýdurmak. Suwy susakladyp guýdurdym. SUSAKLAÝYŞ [susokloýuş], iş ady. Susaklamak ýagdaýy. SUSAWAÇ [susowa:ç], at, gepl.d., ser. Susguç. SUSDURMAK[sussurmok], işl. Susak, susguç bilen susup aldyrmak. SUSGUÇ [susğuç], at. 1. Galla, un ýaly zatlary susup almak üçin tüneke demirden agaç sap oturdylyp ýasalýan enjam. 2. teh. Her hili mehanizmlerde susup almak üçin uly gap. Ekskowatoryň susgujy. SUSGUÇLABERMEK [susğuşla:vermek], işl. Susguç bilen susup alybermek. SUSGUÇLAMA [susğuşlomo], iş ady. Susguçlamak ýagdaýy. SUSGUÇLAMAK [susğuşlomok], işl. Susguç bilen susup almak. SUSGUÇLAMAKLYK [susğuşlomokluk], iş ady. Susguçlamak ýagdaýy. SUSGUÇLAÝYŞ [susğuşloýuş], iş ady. Susguçlamak ýagdaýy. SUSLAÇ [susloç], syp. Birneme sus, keýpsiz görünýän, gamgyn, tukat. Ol suslaç seslendi. SUSLANMAK [suslonmok], işl. Çökgün göwünli bolmak, keýpsizlenmek, tukatlanmak. Ol suslandy. ◊ Suslanan ýaly bolmak bar zadyň sesi galmak, dym-dyrslyk aralaşmak. Töwerek suslanan ýaly boldy. SUSLAŞMAK [susloşmok], işl. 1. Belli bir derejede susluk aralaşmak, keýpiň gaçyp başlamak, tukatlyk aralaşmak. 2. göç.m. Ýuwaşap başlamak. Biraz suslaşan hereket gaýnap başlady. SUSLUK, at. Sus ýagdaýda bolmaklyk (sus sözüniň 1-nji, 2-nji manylary boýunça). SUSMA [susmo], iş ady. Susmak ýagdaýy. SUSMAK [susmok], işl. Susak, susguç bilen susup almak. SUSMAKLYK [susmokluk], işl. Susmak ýagdaýy. SUSMAZLYK [susmozluk], iş ady. Susup almazlyk. SUSRAK [susura:k], syp. Birneme sus, azda- kände sus. Göwnüme bolmasa, goýnumyz susrak görünýär. SUSSUPES, syp. Göwni çökgün, şähdaçyk däl, keýpsiz, gamgyn, tukat. SUSSUPESLIK, at. Sussupes ýagdaýly bolmaklyk. Hiç mahal sussupeslik etmäň. SUSUBERMEK [susuvermek], işl. Susup ugramak, susup başlamak. SUSULMAK [susulmok], işl. Susak, susguç bilen susmak arkaly alynmak. Gazandan iki ýola susulyp alnan nahar jamy doldurdy. SUSUŞ, iş ady. Susmak ýagdaýy. SUSUŞMAK [susuşmok], işl. Birnäçe bolup susmak. SUW, at. 1. Wodorodyň we kislorodyň himiki birleşmesi, reňksiz dury suwuklyk. Suw akar, daş galar, ýat gider – garyndaş galar (Atalar sozi). 2. Gök önümlerden, miwelerden sykylyp alynýan suwuklyk. Alma suwy. Käşiriň suwy. Üzümiň suwy. Hyýaryň suwy. Şugundyryň suwy. ◊ Suwa girip, suwdan gury çykmak her bir zatdan baş alyp çykyp bilmek. Suwa salma etmek pugta ýençmek, urmak. Suwa söýenmek biderek adama bil baglamak, ynanmak. Suw bermek pyçak, gylyç ýaly sowuk ýaraglar ýasalanda, taplananda olaryň berk bolmagy üçin gyzdyryp suwa, ýaga taşlamak usuly. Suw içen ýaly ökde. Suw içim salym (wagt) örän az wagt, sähelçe wagt. Suw içim salym geçmänkä, yzymyza dolandyk. Suw ogurlamak ýara azyp, içine iriň ýygnanmak, beterlemek. Suw seňrikden agmak boljak iş bolmak, bolup gutarmak. Suw sepilen ýaly bolmak galmagal, gürrüň birden ýatmak. Suwuna degmek 1) birine pugta käýemek, birini ýençmek, urmak. Ol Geldiniň suwuna degdi. 2) seýislemek maksady bilen aty suwa ýakyp, uzak bolmadyk aralyga çapdyrmak. Suwuny almak öň suw berlip ýasalan zady otda gyzdyryp ýumşadyp, soň işlemek, bejermek. Suwy düzgün etmek suwy pellere, joýalara akar ýaly etmek. Suwy süýjemek bişip ugramak. Suwy süýjän üzüm. Suwy ters akdyrmak ökde, sowatly bolmak. Suw ýaly çaga örän ýaşajyk çaga. Suw ýaly okamak sakynman, örän gowy okap bilmek. Suw ýaly ýarag örän göni hem oňat atýan ýarag, hiç kemi bolmadyk ýarag. Üzümiň suwy ýaly ser. Üzüm. SUWABERMEK [suwa:vermek], işl. Suwap başlamak. 287 SUWAG [suwoğ], at. Saman, topur we ş.m. suw bilen garylyp, diwaryň ýüzüne çalynýan palçyk. Tama suwag çekdi. Gara suwag. Şire suwag. SUWAGÇY [suwoğçy], at. Suwag işi bilen meşgullanýan gurluşykçy ussa. SUWALMAK [suwolmok], işl. Diwaryň, jaýyň we ş.m. ýüzüne suwag çekilmek. SUWAMA [suwomo], iş ady. Suwamak ýagdaýy. SUWAMAK [suwomok] I , işl. Diwaryň, jaýyň we ş.m. ýüzüne suwag çekmek. Ussadiwary gilmala bilen suwaýar. SUWAMAK [suwomok] II, işl., ser. Suwgarmak. Suwuk ýagdaýa geçmek, goýulygyny ýitirmek. Ýarma suwapdyr. SUWAMAKLYK [suwomokluk], iş ady. Suwamak ýagdaýy. SUWAMAZLYK [suwomozluk], iş ady. Suwamak işi ýerine ýetirilmezlik. SUWARA [suwa:ra], syp. Gowy bilýän, ökde (dil hakynda). SUWARMA [suwormo], iş ady. Suwarmak ýagdaýy. SUWARMAK [suwormok], işl. 1. Ýere, ekine suw tutmak, suw goýbermek, suwa ýakmak. 2. Polatdan gyzdyrylyp ýasalýan pyçak, päki, palta, teşe ýaly zatlar taýýar bolandan soň, ýüzi gaýtmazlyk üçin olary ýokary derejede gyzdyryp, sowuk suwa ýa-da ýaga salyp goýmak. SUWARMAKLYK [suwormokluk], iş ady. Suwarmak ýagdaýy. SUWARMAZLYK [suwormozluk], iş ady. Suwarmak işini ýerine ýetirmezlik. SUWARTMAK [suwortmok], işl. Suwarmak işini başga birine etdirmek. SUWARYBERMEK [suworuvermek], işl. Suwaryp başlamak. SUWARYLMAK [suworulmok], işl. Suw tutulmak, suw berilmek. Suwarylan ekin. Suwarylan joýa. SUWARYM [suworum], at. Suwa ýakylma, suw berilme, suw goýberilme (ýer hakynda). Şu tutýan suwuň gowaçanyň näçenji suwarymy? SUWARYMLY [suworumly], syp. Suwarylyp ekin ekilýän. Suwarymly ýerler. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling