Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SUBUT [suvu:t]: subut etmek


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet486/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   482   483   484   485   486   487   488   489   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SUBUT [suvu:t]: subut etmek bir zadyň dogry 
ýa-da nädogrudygyny tassyklap görkezmek.
SUBUTNAMA [suvu:tna:ma], at. Bir zady 
tassyklaýan esas, delil. 
SUBUTSYZ [suvu:ssuz], syp. Esassyz, delilsiz. 
SUBYTLY [suvuýtly / suwuýtly], syp., gepl.d. 
Derekli, derde ýarar ýaly, oňly. Ýöne olaryň içinde 
subytly zat ýok öýdýän. 
SUBÝEKT [subýe:kit], atfilos., logika1. Belli 
bir zada, ýagny obýekte göz ýetirýän, pikir edýän we 
hereket edýän şahs; aň ýetirişiň obýekti bolan daşky 
dünýä garşy durýan mahluk; özi hakynda haýsydyr 
bir zat tassyklanýan ýa-da inkär edilýän predmet, zat, 
pikir ýöredişiň predmeti. 2. Grammatikada sözlemiň 
eýesi.  
SUDANLY [suda:nly], at, ser. Sudanlylar
SUDANLYLAR [suda:nlylar], at. Sudanyň 
araplardan we beýleki milletlerden ybarat halky. 
SUDUR [sudu:r], at. Bir zadyň çala görünýän daş 
görnüşi, şekili. Günüň sudury görünmeýärdi. 
SUGŞURMA [suğşurmo], iş ady. Sugşurmak 
ýagdaýy. 
SUGŞURMAK [suğşurmok], işl. 1. Gaba 
salynýan zatlary biri-birine degrip, gysyşdyryp, 
basyşdyryp, itişdirip goýmak. Zatlaryňy sugşuryp 
salmasaň, çemedanyňa ýerleşmez. 2. Jaýdar söz 
aýtmak. Sözlerini yzly-yzyna sugşurdy. 3. gepl.d. 
Bedeniniň bir ýerine jaýdar urmak, ýelmemek. 
Ýeňsesine sugşuryp goýbermek
SUGŞURMAKLYK [suğşurmokluk], iş ady. 
Sugşurmak ýagdaýy. 
SUGŞURTMAK [suğşurtmok, işl. Biriniň 
sugşurmagyna ýol bermek, mümkinçilik döretmek. 
SUGŞURYBERMEK 
[suğşuruvermek], 
işl. 
Sugşuryp başlamak. 
SUGŞURYLMAK [suğşurulmok], işl. 1. Gaba 
salynýan zatlar biri-birine degrilip, gysyşdyrylyp, 
basyşdyrylyp, itişdirilip goýulmak. 2. Jaýdar söz 
aýdylmak. Yzly-yzyna sugşurylyp aýdylýan sözler 
onuň janyndan ötdi. 3. gepl.d. Bedeniniň bir ýerine 
jaýdar urulmak, ýelmenmek.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   482   483   484   485   486   487   488   489   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling