Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
SOWAÝYŞ [sowoýuş], iş ady. Sowamak ýagdaýy. SOWDURMAK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
SOWAÝYŞ [sowoýuş], iş ady. Sowamak
ýagdaýy. SOWDURMAK [sowdurmok], işl. 1. Bir zady harçlatmak, harçladyp gutarmak. 2. Ugruny-ýoluny üýtgetdirmek. SOWGA [sowğo]: sowga almak garşylamak, öňünden çykmak. Geldi Ýusup, Ahmet – iki gardaşym, Sowga alyň, gyzlar, agam geledir ( Ýusup – Ahmet ). SOWGAT [sowğot], at. Birine sylag-hormat üçin ýakyn-uzak ýerden getirilip berilýän zat, peşgeş. SOWGATLYK [sowğotluk], syp. Sowgat üçin niýetlenen. Sowgatlyk harytlar. SOWGUÇ [sowğuç], at, fiz. Bir güýji başga tarapa sowýan, başga ugra öwürýän. Ýyldyrym sowguçlary uly öýlerde gurýarlar. SOWGUT [sowğut] I,at, ser. Sowalga I, II 2. Beýle sowguda, harajada zat çydarmy? ( Görogly ). SOWGUT [sowğut] II, at. Ene ýapdan bir gapdala bölünip aýrylýan, bölünip gidýän ýap. Sowgudyň suwy pesdi. SOWHOZ [savho:z], at, taryh. TSSR-de iri döwlet oba hojalyk kärhanasy. SOWLUŞMAK [sowluşmok], işl. 1. Sowulmaga golaýlaşmak, tamam bolup barmak (iş, waka we ş.m. hakynda). Olar gelende toý sowluşypdy. 2. Öňünden aýrylyşyp ýol bermek, iki tarapa çekilişmek. SOWMA [sowmo] I, iş ady. Sowmak ýagdaýy. SOWMA [sowmo] II, at. Sil suwuny belli bir ugra gönükdirmek üçin çekilýän ýap. SOWMAK [sowmok], işl. 1. Sürýän ulagyňy başga tarapa öwürmek, barýan ugruňy üýtgetmek. Maşyny çepe sowdy. 2. Puly harçlap gutarmak. Düşenje pullary sowdum. 3. Guralýan çäräni, toýy, sadakany we ş.m. geçirmek, geçirip bolmak, geçirip dynmak. Toýy gowy sowduňyzmy? SOWMAKLYK [sowmokluk], iş ady. Sowmak ýagdaýy. SOWMAZLYK [sowmozluk], iş ady. Sowmak işini, hereketini etmezlik. Maşynyny sowman, göni gitdi. Pullary sowman sakladym. Entek toýy sowamok. SOWRUBERMEK [sowruvermek], işl. Sowrup ugramak; sowurmak işini dowam etdirmek. Harmany elime çarşak alyp sowruberdim. Eliňe düşen puly ýerliksiz sowrubermek bolarmy? SOWRULMAK [sowrulmok], işl. 1. Ýele berlip hapasy aýrylmak. 2. göç.m. Biderek sowulmak, bisarpa tutulmak, tygşytsyz harçlanmak SOWRUŞ,iş ady. Sowurmak ýagdaýy. SOWRUŞDYRMAK [sowruşdurmok], işl. Hemmesini sowrup çykmak. SOWRUŞMAK [sowruşmok], işl. 1. Sowurmaga kömek etmek. 2. Bilelikde sowurmak. Ikisi iki ýerden bugdaýyň jaryny sowruşyp durdylar. SOWSANY [sowsony], at, dokm. Erşi başaşa gyzyl we gara sapak bilen ýüwürdilýän, argajy iki gyzyl we iki gara sapagy gezekleşdirip kakma arkaly dokalýan köýneklik mata. SOWUBERMEK [sowuvermek], işl. Sowup ugramak, sowmagy dowam etdirmek, dowamly 277 sowmak. Pullary gerek wagty sowuber. Maşyn süreňde öňüňden çarkandak çyksa, ýoluň tekizräk ýerine sowuber. SOWUK, syp. 1.at.Howanyň pes temperaturasy. Sowukdan ýaňa titremek. 2. at.Pes temperaturaly howa. Sowukda işlemek. Sowuga çydamly adam. 3. syp. Pes ýa-da ortaça pes gyzgynlykdaky. Sowuk çaý. Sowuk suw. Sowuk çorba. 4. syp., göç.m. Parhsyz, perwaýsyz, mähirsiz, yhlassyz. Ol bagşy bilen sowuk salamlaşdy ( Edebiýat we sungat ). Sowuk garaýyş. ◊ Sowuga daňlyp durmak sowukda üşäp durmak. Näme, sowuga daňlyp dursuň, öýe girseň bolmaýarmy? Sowuk urmak 1) howanyň gaty sowamagy sebäpli ösümlikleriň, ekinleriň ösüşi kesilmek. Ýapraklary sowuk urupdyr. 2) üşäp dümewlemek, nähoşlamak, sowuklamak. Ony sowuk urupdy. Sowuk uruş döwletler arasyndaky ikitaraplaýyn duşmançylykly, barlyşyksyz syýasat. Sowuk ýarag garpyşma söweşlerde ulanylýan kesýän, çapýan, sünjülýän ýarag. Sowuk dem almak hasrat çekmek. Sowuk uran palaç ýaly ysgynsyz, sagdynlygy giden. SOWUKGANLY [sowukga:nly], syp. Giň göwrümli, parasatly, gyssanmaýan, howlukmaýan. Sowukganly bolup, ýüregiňi ýerinde saklamak gerek ( Görogly ). SOWUKGANLYLYK [sowukga:nlylyk], at. Giň göwrümlilik, parasatlylyk. SOWUKLAMA [sowuklomo], 1. iş ady. Sowuklamak ýagdaýy. 2. at. Sowuk degmegi sebäpli ýüze çykýan näsaglama ýoňy. Lukman oňa sowuklamaň dermanyny berdi. SOWUKLAMAK [sowuklomok], işl. Sowuk degip näsaglamak, nähoşlamak. Bir sagat daşarda oturyp, mazalyja sowuklapdyryn. SOWUKLAMAKLYK [sowuklomokluk], iş ady. Sowuklamak ýagdaýy. SOWUKLAMAZLYK [sowuklomozluk], iş ady. Sowuk urmagy sebäpli näsaglamazlyk. SOWUKLATMAK [sowuklotmok], işl. Sowuklap näsaglamak derejesine ýetirmek, sowuklamagyna ýol bermek. Habardar bol, suw ýaly çagany sowukladarsyň. SOWUKLAÝYŞ [sowukloýus], iş ady. Sowuklamak ýagdaýy. SOWUKLYK [sowukluk], at. 1. Sowuk howa, sowuk bolmaklyk (ser. Sowuk 1). Howanyň sowuklygy meýdan işlerinde işleýänlere her hili kynçylyklar döredýärdi. 2. göç.m. Perwaýsyzlyk, parhsyzlyk, mähirsizlik, yhlassyzlyk. Onuň sowuklyk bilen ýylgyryşy myhmana ýaramady.3. göç.m. Adamlar arasyna düşýän öýke-kine, göwün galma. Ara az-kem sowuklyk düşdi, Ondan soň köp wagt geçdi (Ç. Aşyrow). ◊ Sowuklyk etmek bolmalysyndan birneme sowuk bolmak. Ýenjilýän demir birneme sowuklyk edýärdi. SOWUK-SALA [sowuk-sala:], syp. Gyzyklanman, perwaýsyz, parhsyz. Işe sowuk-sala çemeleşmek bolmaz. SOWUK-SALALYK [sowuk-sala:lyk], at. Sowuk-sala halda bolmaklyk, perwaýsyzlyk, parhsyzlyk. SOWULMAK [sowulmok], işl.1. Sürulýän ulag başga tarapa öwrülmek, barylýan ugur üýtgedilmek. Maşyn saga sowuldy.2. Pullar harçlanyp gutarylmak. Pullaryň hemmesi sowlupdyr. 3. Guralýan çäre, toý, sadaka we ş.m. geçirilmek, geçirilip dynylmak. Toý sowuldy. ◊ Howul bela, howul bela! Üstümizden sowul, bela! köplenç, gara tüweleý gelende aýallar tarapyndan aýdylýan aňlatma. SOWULMAZLYK [sowulmozluk], iş ady. Ýoluňy-ugruňy üýtgetmezlik. Şu ýol bilen hiç tarapa sowulman gidiber. SOWUNMAK [sowunmok], işl. Özüň üçin sowmak, özüňe harçlamak. SOWURGYN [sowurğun], at. Güýçli aýazly şemal, ýel, syrgyn. Köwsarlap urýan sowurgyn ussanyň ýüzüni ýalaýardy (B. Kerbabaýew). SOWUP-SOWURTLAMAK [sowup- sowurtlomok], işl., gepl.d. Biderek sowmak. Kakaň gazanan pullaryny sowup-sowurtlap ýörme! SOWURMA [sowurmo], iş ady. Sowurmak ýagdaýy. SOWURMAK [sowurmok], işl.1. Ýeliň ygyna berip hapadan arassalamak (galla we ş. m. hakynda). Bugdaý sowurmak. 2. Ownuk, külke zatlary ýaýraň halda sepmek. Bir gysym gum alyp, onuň üstüne sowurdy. 3. göç.m. Puly dereksiz sowmak, biderek harçlamak. Gazanjyňy saga-sola sowurmak. SOWURMAKLYK [sowurmokluk], iş ady. Sowurmak işi. SOWURMAZLYK [sowurmozluk], iş ady. Sowurmak işini amal etmezlik. SOWURTMAK [sowurtmok], işl. Sowurmak işini başga birine etdirmek; sowurmagyna ýol bermek. Pullaryňy saga-sola sowurdyp ýörme-de, gowusy, ogluňa haý diýäý. SOWUŞ, iş ady. Sowmak ýagdaýy. SOWUŞMAK [sowuşmok], işl. 1. Sowmaga kömek etmek. Pulumy sowuşmaga kömekçi gerek däl, pul bolsa, özüm bir zat ederin. 2. Bilelikde sowmak (sowmak işliginden soň ýörmek işligi getirilip ulanylýar). Sowuşyp ýörmek. SOWUT, at, kön.s.Uruşda sowuk ýaragdan goranmak üçin geýilýän demir tor köýnek. Ine, altyn ýakaly sowut, galkan, şemşer, aýpalta, tylla desseli gazma we başga şuňa meňzeş ýaraglar ( Görogly ). Batyr bolan geýer sowut ( Şasenem – Garyp ). SOWUTGYÇ [sowutguç], at. Azyk önümlerini sowatmak, doňdurmak, zaýalaman saklamak üçin tehniki enjam. SOÝ, at, kön.s.1. Asyl, özen. Ol Aýşa, Fatma soýydyr. ( Kitaby dedem Gorkut ). 2. Urug, tire. Her kimiň öz öýi, öz soýy (Nakyl). SOÝDURMAK [soýdurmok], işl. 1. Gabygyny aýyrtmak. Agajyň gabygyny soýdurmak. 2.Teniňi, bedeniňi sypjyrtmak, ýaralatmak. Gazyga büdräp, 278 dyzyny soýdurdy. 3. Mal öldürtmek. 4. göç.m. Aldap, talap biriniň zadyny aldyrtmak, talatmak. SOÝKA [soýko], at, gepl.d. Geýilýän egin-eşik. Ol köne soýkasyny çykardy. SOÝMA [soýmo], iş ady. Soýmak ýagdaýy. SOÝMAK [soýmok], işl. 1. Daşynyň derisini, gabygyny aýyrmak. Deri soýmak.2.Bedeniň, teniň bir ýerini sypjyrmak, ýaralamak, hamynyň bir bölek ýerini goparmak. 3. Mal öldürmek. Goýun soýmak. 4. göç.m. Talap, aldap biriniň ýanyndaky puluny, gymmatly zatlaryny almak. SOÝMAKLYK [soýmokluk], iş ady. Soýmak ýagdaýy. SOÝMAZLYK [soýmozluk], iş ady. Soýmak işini ýerine ýetirmezlik. SOÝNAK [soýnok], at. Esasan, eňsiniň gyrasyna, hala, el işlerine salynýan, garşylyklaýyn goýulýan iki sany T harpyna meňzeş nagyş. Gyzlykda gyýak bilmedik eňside soýnak bilmez (Nakyl). SOÝUBERMEK [soýuvermek], işl. Soýup başlamak. SOÝUK, syp. Daşy, gabygy soýlup aýrylan, soýlan. Gabygy soýuk taýak. SOÝUK-SOÝUK, syp. Köp ýeriniň hamy bölek- bölek soýlan. Güne ýanan ýüzi soýuk-soýukdy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling