Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


SOPUÇYLYK [so:puçuluk], at. 1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet477/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   473   474   475   476   477   478   479   480   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

SOPUÇYLYK [so:puçuluk], at1. ser. Sopulyk
2. Yslam dini ýaýran ýurtlarda VIII asyrda dörän we 
ahlak kadalaryny dogry berjaý etmek, ruhuňy 
päklemek ýaly pikirleri öňe süren ugur, sufizm. Hoja 
Ahmet Ýasawy sopuçylyk ideýalaryny ýokary derejä 
ýetiren şahsyýetdir.
SOPULYK [so:puluk], at. Sopynyň ýagdaýy. 
Sopulyk etjek, Soň Mekgä gitjek (R. Seýidow).
SOPUSYRAMAK [so:pusuromok], işl. Sopy 
bolan bolmak, sopa mahsus häsiýetleri görkezmäge 
çalyşmak. 
SOPY [so:py], at. 1. Işana, ahuna, pire dini 
taýdan gol beren adam. 2. Oglana dakylýan at 
SORABERMEK [so:ra:vermek], işl. Bir zady 
bilmek, anyklamak üçin sorap başlamak. 
SORAG [so:roğ], at. 1. Jogap, düşündiriş talap 
edilip berilýän sowal. 2. dil b. Soragy aňladýan, 
soragy bildirýän düşünje. Sorag sözlemi. Sorag 
çalyşmasy. Sorag belgisi. 
Sorag etmek bir zadyň anygyna ýetmek üçin 
yzygiderli sorag bermek, jogapçydan soraşdyrmak.. 
SORAGÇY [so:roğçy], at. Bir zadyň anygyna 
ýetmek üçin sorag berýän adam, sülçi. Ýeri, seni 
soragçy goýdularmy, diýip, ol ýöwselläp ugrady (A. 
Durdyýew).
SORAG-IDEG [so:roğ-i:değ], at. Birini ýa-da bir 
zady soraşdyryp aňtama, habar tutma, ideme. Şekeriň 
başyna nähili iş düşdi diýip, gören-bilenden sorag-
ideg etmelimi? (B. Kerbabaýew).
SORAG-JOGAP [so:roğ-joğa:p], at. Bir zady 
anyklamak üçin berilýän sorag we alynýan jogap. 
SORAGLABERMEK [so:roğla:vermek], işl. 
Soraşdyryp 
agtarybermek, 
sorag-ideg 
edip 
gözläbermek. 
SORAGLAMA [so:roğlomo], iş ady. Soraglamak 
ýagdaýy. 
SORAGLAMAK [so:roğlomok], işl. Soraşdyryp 
agtarmak, sorag-ideg edip gözlemek, sorag salmak. 
Günde biri gelýär seni soraglap (A. Kekilow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   473   474   475   476   477   478   479   480   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling