Türkmen dili 8-nji synp
Download 23.53 Kb.
|
2 5292170852870130662
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ol ir bilen turup, el-ýüzüni ýuwup, okuwa gaýtdy.
- Diýip, diýen
- Bu gün howa gyzsa-da, adamlar eşiklerini çykarmady.
Türkmen dili 8-nji synp
1. Kim sebäpli?, näme sebäpli? diýen soraglara haýsy eýerjeň sözlem jogap bolýar? A. Sebäp eýerjeň sözlem B. Wagt eýerjeň sözlem С. Hal eýerjeň sözlem D. Meňzetme eýerjeň sözlem 2. Şert eýerjeň sözlemiň habary haýsy goşulmanyň kömegi bilen ýasalýar? A. Düşüm goşulmasy arkaly B. Işligiň şert şekili arkaly С. Ýöňkeme goşulmasy arkaly D. San goşulmasy arkaly 3. Meňzetme eýerjeň sözlemi haýsy kömekçi sözleriň getirilmegi bilen ýasalýar? A. Ýaly, görä, da, de B. Kimin, bilen, ýaly С. Kimin, ýaly, dek D. Deý, üçin, ýaly 4. Ol ir bilen turup, el-ýüzüni ýuwup, okuwa gaýtdy. Bu sözlem eýerjeňli goşma sözlemiň haýsy görnüşine degişli? A. Wagt eýerjeň sözlem B. Garşylykly eýerjeň sözlem С. Sebäp eýerjeň sözlem D. Hal eýerjeň sözlem 5. Başganyň sözi sözlemiň niresinde gelip bilýär? A. Başynda, ahyrynda B. Başynda, ortasynda С. Başynda, ortasynda, ahyrynda D. Hemmesi dogry 6. Başganyň sözi awtoryň sözüne näme arkaly baglanyşýar? A. Otur arkaly B. Diýip, diýen baglaýjylar arkaly С. Goşa dyrnak arkaly D. Kese çyzyk arkaly 7. Eger sitatalar doly alynman galdyrylan bolsalar, galdyrylan sözleriň ýerine näme goşulýar? A. Köp nokat B. Iki nokat С. Nokatly otur D. Otur 8. Sitata hökmünde getirilen goşgy setirleri hiç hili üýtgeşmä sezewar edilmedik bolsalar, goşa dyrnaga alynýarmy? A. Alynýar B. Alynmaýar С. Alynmagy mümkin D. Beýle kada ýok 9. Iki ýa-da birnäçe adamyň arasyndaky bolýan sözleşige näme diýilýär? A. Monolog B. Pikir alyşmak С. Pikir ýöretme D. Gepleşik 10. Drama eserinde awtoryň sözüne näme diýilýär? A. Repertuar B. Ritorika С. Remarka D. Gepleşik 11. Remarka haýsy dilden gelip çykan? A. Fransuz B. Grek С. Ýunan D. Latyn 12. Remarka nämede berilýär? A. Köp nokat bilen B. Ýaý içinde С. Goşa dyrnak arkaly D. Kese çyzyk arkaly 13. Haçan? diýen soraga haýsy eýerjeň sözlem jogap bolýar? A. Wagt eýerjeň sözlem B. Garşylykly eýerjeň sözlem С. Sebäp eýerjeň sözlem D. Hal eýerjeň sözlem 14. Bu gün howa gyzsa-da, adamlar eşiklerini çykarmady. Bu sözlem eýerjeňli goşma sözlemiň haýsy görnüşine degişli? A. Wagt eýerjeň sözlem B. Sebäp eýerjeň sözlem С. Garşylykly eýerjeň sözlem D. Şert eýerjeň sözlem 15. Howa gaty maýyl bolanlygy sebäpli, biz futbol oýnadyk. Bu sözlem eýerjeňli goşma sözlemiň haýsy görnüşine degişli? A. Wagt eýerjeň sözlem B. Sebäp eýerjeň sözlem С. Şert eýerjeň sözlem D. Meňzetme eýerjeň sözlem 16. Eýerjeňli goşma sözlemler pikir aňladyşy taýdan näçe topara bölünýär? A. 3 B. 4 С. 5 D. 6 17. Baglanyşlary we pikir aňladyşlary boýunça düzmeli goşma sözlem näçe topara bölünýär? A. 4 B. 5 С. 6 D. 3 18. Türkmen dilinde näçe sany ýöňkeme bar? A. 3 B. 4 С. 5 D. 6 19. Eger poeziýa eserinden sitata alnyp, alnan goşgy setirleri hiç hili üýtgeşmä sezewar edilmedik bolsalar, onda goşa dyrnaga alynýarmy? 20. Eger başganyň sözi bolup gelen habar sözlemi awtoryň sözünden öňde gelse, onuň soňundan nokat goýulýarmy? 21. Eýerjeňli goşma sözlemleriň düzüminde diňe bir sany däl, eýsem birňäçe eýerjeň sözlem-de bolup bilermi? 22. Başganyň sözi nämä alynýar? 23. Pikirimizi tassyklamak ýa-da düşündirmek üçin, kimdir biriniň aýdanlaryndan, ýazan işlerinden sözme-söz alnan mysala (bölege) näme diýilýär? 24. Stilistikanyň edebi dil normalaryny çeper ýerlikli peýdalanyp bilmekligi öwrenýän görnüşine näme diýilýär? 25. Dil stillerini öwrenýän ylma näme diýilýär?
19. Alynmaýar 20. Goýulmaýar 21. Bolup biler 22. Goşa dyrnaga 23.Sitata 24. Praktiki stilistika 25. Stilistika Download 23.53 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling