Türkmen dili 8-nji synp
Download 23.53 Kb.
|
2 5292170852870130662
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ýaly, kimin, misli, mysaly, göýä, dek…
Türkmen dili 8-nji synp
1. Stilistikanyň edebi dil normalaryny çeper ýerlikli peýdalanyp bilmekligi öwrenýän görnüşine näme diýilýär? A. Praktiki stilistika B. Stilistika С. Sözleýiş stili D. Gepleşik 2. Diliň stillerini öwrenýän ylma näme diýilýär? A. Çeper stil B. Stilistika С. Praktiki stilistika D.Orfoepiýa 3. Türkmen dilinde näçe sany stil bar? A. 3 B. 4 С. 5 D. 6 4. Arza, dil hat, maglumatnama, doklad... haýsy stile degişli? A. Publisistik stil B. Sözleýiş stili С. Çeper stil D. Iş stili 5. Ylmy stile nämeler mahsus? A. Ylmylyk B. Çeperçilik С. Gepleşik D. Publisistika 6. Publisistik stil nähili häsiýetli bolýar? A. Düşündirme we subut etme B. Gepleşik diliniň täsiri С. Emosionallylyk alamatlary D. Ylmylyk 7. Poeziýa, proza eserleri haýsy stile degişli? A. Ylmy stil B. Publisistik stil С. Çeper stil D. Iş stili 8. Türkmen dilinde sözleýşiň näçe görnüşi bar? A. 1 B. 2 С. 3 D. 5 9. Sözüň esasan, öňünden gelip, ony haýsy hem bolsa bir tarapdan suratlandyryp, manysyny güýçlendirip, çeperçiligini ýokary göterýän söze näme diýilýär? A. Metafora B. Epitet С. Deňeşdirme D. Antiteza 10. Bir söz başga bir sözüň deregine ulanylyp, durmuşdaky biri-birine meňzeş bolan zatlary, hadysalary deňeşdirmäge hyzmat etse oňa näme diýilýär? A. Epitet B. Deňeşdirme С. Gradasiýa D. Metafora 11. Iki sany zadyň, hadysanyň, düşünjäniň özleriniň formasy, keşbi ýa-da häsiýeti boýunça biriniň ikinjisine meňzedilmegine näme diýilýär? A. Deňeşdirme B. Metafora С. Giperbola D. Inwersiýa 12. Ýaly, kimin, misli, mysaly, göýä, dek… ýaly kömekçiler haýsy çeperçilik serişdelerinde ulanylýar? A. Epitet B. Deňeşdirme С. Antiteza D. Gradasiýa 13. Çeper eserlerde sözlemleri sintaktik kadalar esasynda guraman, olary adatdakydan üýtgeşik (eýe bilen habaryň ýa-da eýe bilen aýyklaýjynyň, aýyklaýjy bilen habaryň ýerlerini çalşyrmak) gurmagyň hemme görnüşlerine bilelikde näme diýilýär? A. Gaýtalama B. Stilistik figuralar С. Antiteza D. Litota 14. Kim nan tapmaz iýmäge, Kim ýer tapmaz doýmaga, Kim don tapmaz geýmäge, Kim tirme şaly gözlär. Bu bent stilistik figuralaryň haýsysyna degişli? A. Giperbola B. Deňeşdirme С. Gaýtalama D. Antiteza 15. Zatlaryň, hadysalaryň, düşünjeleriň biri-biriniň garşysyna goýulmagyna näme diýilýär? A. Giperbola B. Deňeşdirme С. Gaýtalama D. Antiteza 16. Çeper edebiýatda ýa-da sözleýiş dilinde görkeziljek bolunýan zatlaryň, wakalaryň, hadysalaryň öz adaty boluşlaryndan has ulaldyp görkezilmegine näme diýilýär? A. Giperbola B. Deňeşdirme С. Gaýtalama D. Antiteza 17. Bir zadyň adaty bolşundan has kiçeldilip görkezilmegine näme diýilýär? A. Giperbola B. Litota С. Antiteza D. Gaýtalama 18. Şygryň manysyny ýuwaş-ýuwaşdan güýçlendirmäge ýa-da peseltmäge hyzmat edýän figura näme diýilýär? A. Epitet B. Deňeşdirme С. Antiteza D. Gradasiýa 19. Awtor käwagt öz eseriniň mazmunyny has aýdyňlaşdyrmak, çeperçiligi, saldamlylygy, labyzlylygy güýçlendirmek maksady bilen, bir sözi, söz düzümini, hatda tutuş bir sözlemi, goşgy setirine birnäçe gezek yzly-yzyna gaýtalap ulanmagyna näme diýilýär? 20. Sözleriň ornunyň çalşyrylyp ulanylmagyna, sintaksisiň normasyndan çykarylmagyna näme diýilýär? 21. Download 23.53 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling