Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
ROWAÝATLAR
Göwün gerek Gadym zamanda Isgender diýen şa gylyjyndan gan damdyryp, dünýä- ni sarsdyryp, hökümi güýçli hökmünde ile özüni tanadypdyr. Ine, bir gün ajal onuň kekirdeginden tutupdyr. Sen şa bol, geda bol, garry bol, ýaş bol, tapawudy ýok. Ajal ýapyşsa, almajak gümany ýok. Isgender peýmanasynyň dolandygyny duýupdyr. Ol ölüm ýassygynda ýatyrka wezir-wekilleri, ula- malary ýygnap: − Meniň peýmanym dolup ýör öýdýän. Kän dünýäni aldym, ummasyz mal-dünýä topladym. Ýygan dünýämiň çägini bilmek isleýän. Men öle- nimden soňra elimi serip ýataryn. Meýdimi araba ýükläp, alan ýurtlaryma aýlaň. Haýsy ýerde elimi ýygnasam, şol ýerde hem jaýlaň. Jaýlanan ýerim ýygnan mal-dünýämiň, ýurdumyň jemlenen ýeri bolar − diýip wesýet edipdir. Şundan köp wagyt geçmankä Isgender ölüpdir. Wezir-wekilleri Isgenderiň meýdini araba atyp, ýurtma-ýurt aýlap başlapdyrlar. Olar köp ýurda barypdyrlar, aýlanmadyk obasy, şäheri, dag-düzi galmandyr diýen ýaly. Isgenderiň alan ýurtlarynyň ählisini aýlanyp bolupdyrlar. Wezir-we- killeri sorap-idäp Isgenderiň alan ýene bir obasynyň bardygyny eşidip, şol ýerde Isgender elini ýygnar diýen niýet bilen iň soňky oba barypdyrlar. Bu ýerde hem Isgender elini ýygnamandyr. Lapykeç bolan wezir-wekil- ler sadylla bolup, Isgenderiň almadyk obalaryna aýlanyp başlapdyrlar. Şonda-da Isgender elini ýygnamandyr. Bir oba baranda olar şeýle gürrüň eşidipdirler: − A-how, adamlar, Isgender näme üçin elini iki ýana serip barýar? − diýip, bir adam beýleki adamdan sorapdyr. Ol adam: − Baý, senem-ä, Isgender Isgenderdi-dä. Elini nädende bolman dur. Ol şu dünýäniň hökümdarydy. Indi o dünýäniň hem hökümdary boljak bolýar − diýipdir. Ýaşulularyň biri muňa garşy çykypdyr: − Isgender şalygy üçin elini serenok, ol nebsine haý diýip bilmän elini serip barýar. Ol «Köp ýurdy basyp alsam hem elime ilen zat ýok. Men ýene ýurt basyp aljak» diýýär. Ol bir doýmaz-dolmaz holtum ahyry. Wah, meýdini maňa berseler, onuň başyna Karunyň gününi saljak-la. Üstüne bir gysym toprak atsaň, basym elini ýygnar. Adama dünýä-baýlyk gerek däl, göwün gerek. 103 Şu sözi eşiden wezir-wekiller obadan saýlanandan bir gysym topragy Isgenderiň ýüzüne sepipdirler. Zalym şa şo bada elini ýygnapdyr. Isgenderi şol ýerde jaýlapdyrlar diýýärler. Hak bolsun-da. Uruş belasyndan ýaňy dyndyk. Abdylla han galasy Gadym zamanda Merw ilinde Abdylla atly bir patyşa ýaşap geçip- dir. Sahylykda, adyllyk bilen ýurt soramakda owaldan ahyra onuň ýaly patyşany gören-eşiden adam bolmanmyş. Onuň ýurdunda-da, köşgünde- de hemişe şady-horramlyk höküm sürüpdir. Emma günleriň birinde şanyň aýaly Güljahanyň kazasy dolupdyr-da, il-güni ýas baglapdyr. Abdylla patyşa aýalynyň ýylyny berenden soň, halkynyň kethuda ýaşululary, wezir- wekilleri ýygnanyp, özüne bir ýanýoldaş almagy oňa maslahat beripdirler. Patyşa razylyk berip, wezirine akylly-başly aýal gözlemegi tabşyrypdyr. Wezir ideg-sorag edip, bir çopanda patyşa mynasyp gyz bardygyny bilipdir- de, Abdylla patyşa: − Yzzatly şahym, size mynasyp bir kemally maşgala tapdyk − diýipdir. Gyzyň hüý-häsiýetini, boý-syratyny bolşy ýaly aýdyp beripdir. Abdylla patyşa, weziri üns bilen diňländen soň, ol gyz bilen içgin gyzyklanypdyr: − Bu gürrüňini edýän maşgalaň haýsy patyşanyň raýatlygynda − diýip sorapdyr. Onda wezir: − Hut siziň öz raýatlygyňyzda, şahym − diýip, wezir ol gyzyň ýaşaýan obasyna, öýüne çenli salgy beripdir. Abdylla patyşa başyny ýaýkap: − Tüýs maňa gerek maşgala ekeni welin, haýp, öz raýatymdan bolup çykdy − diýipdir. Wezir muňa geňirgenip: − Ýeri, bolanda näme? − diýipdir. Abdylla patyşanyň ýüzi çytylyp: − Heý, öz gyzyna öýlenen adamy görüpmidiň, wezirim? − diýip sorapdyr. Abdylla patyşadan bu sözi eşiden wezir gorkup, näme diýjegini bilmän, çalaja başyny ýaýkapdyr. Wepaly weziriniň howpurgap durşuna dözmän, Abdylla patyşa mylakatly gepläpdir: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling