Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Halky kyssalar. Rowaýatlar
106 Türkmen halk döredijiligi − Rast aýdýaň. Menem şony pikir edip ýördüm. Gowusy, Ibn Sina- dan sorap göräýeli-le – diýipdir. Aýalynyň bu sözlerini äri-de makul bilipdir. Är-aýal çagalaryny göte- rip, Abu Aly Ibn Sinanyň gaşynda häzir bolupdyrlar. Ibn Sina är-aýaly güler ýüz bilen garşy alypdyr. Soňra olaryň näme iş bilen gelendiklerini sorapdyr. − Çagamyzy terbiýelemekde bize maslahat beräýseňiz diýip geldik. Uly adam bolansoň, il-ýurda peýdasy degýän adam bolsun-da − diýip, äri aýdypdyr. − Haçan dünýä indi? − diýip, Ibn Sina sorapdyr. − Şu gün üç aý boldy − diýip, äriniň ýerine aýaly jogap beripdir. − Eý-ý, ezizlerim, çaga üç aý mundan öň doguldy diýseňizläň, gijä galypsyňyz. Çaga dünýä inen gününden ony terbiýelemek barada alada edip başlamaly. «Aýaly başdan, çagany ýaşdan» diýip, könelerimiz ýöne ýere aýtmandyrlar ahyry − diýip, Ibn Sina aýdypdyr. Göroglynyň ölümi «Göroglynyň ölümi» diýen şahany bagşylar aýtmazlygy äht edip- dirler. Magtymguly şahyr Pälwan bagşynyň ata-babasy Goç bagşa ony aýtdyrypdyr diýýärler. Ol barada şeýle rowaýat edýärler: Magtymguly Hywada okap ýörkä her gezek obasyna gidende, obasyndan gelende onuň ýoly Tagtanyň 1 üstünden düşüpdir. Her gezek Tag- ta gelende «Göroglynyň» kyrk şahasyny bilýän Goç bagşynyň öýüne baryp, oňa dessan aýtdyrar eken. Magtymguly iki ýylyň içinde «Göroglynyň» otuz dokuz dessanyny diňläpdir. Ýöne, kyrkynjy şaha gezek gelende bagşy dutaryny gabyna salyp, duldaky halydan asyp goýupdyr. Magtymguly ussa- da ýalbaryp görüpdir, goşgy okap beripdir, dessany aýtmazlyk günä diýip görüpdir. Bagşyny yryp bilmändir. Magtymguly Hywa baryp, Goç bagşynyň «Göroglynyň ölümi» şahasyny aýtmandygyny, şony eşidesiniň gelýändigini dostlaryna gürrüň beripdir. Olar hem muňa çäre tapmandyrlar. Ahyry şahyryň özi ýene Tagta gidipdir. Şahyr baranda Goç bagşy eline dutaryny alyp hiňlenip otyr eken. Ol Magtymgulyny görüp begenipdir. Mal öldürip, söwüş edipdir. Oba- goňşyny çagyrypdyr. Az salymda agyr märeke üýşüpdir. Magtymguly «Görogly» hakda dil ýarman, ynsanyň ýaşaýşy, ölümi barada gürrüň edip, 1 Häzirki Görogly etraby. 107 hemme zadyň baky däldigi barada ýazan goşgularyny okap beripdir. Bu goşgular Goç bagşa täsir edipdir. Ol ýerinden turup Magtymgula «berekel- la» aýdypdyr, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edipdir. Bagşy eline sazyny alyp, «Göroglynyň ölümine» başlapdyr. Bagşy dessany uly joşgun bilen ýerine ýetiripdir. Oturan märekeden ses-seda çykmandyr. Magtymguly hem pikir-oýa batypdyr. Türkmen halkynyň gerçek oglunyň ölümi adamlary lerzana getiripdir. Bagşy öl-myžžyk bolup, dutaryň içine gireňkirläpdir. Dessan gutarypdyr. Şahyr adamlaryň gussa batandyklaryny görüp, olara göwün göteriji goşgulary okap beripdir. Bir-iki gün myhman bolup, Hywa okuwa gidipdir. Goç bagşy «Göroglynyň ölümini» ogly Atanazar bagşa öwredipdir. Özi şu wakadan soň eline dutar almandyr. Keýmir kör gelinlik gözleginde Keýmir kör her bir işde ogluna maslahat berip durar ýaly, oňa pa- rasatly gelin alyp bermegiň arzuwynda bolupdyr. Şeýle gyzy agtaryp, serkerdeleriniň biri bilen il içine çykypdyr. Bir gezek bular bir alaňyň içinde bir topar gyzyň çöpleme çöpläp ýörenini görüpdirler. Bular atlaryny şolara tarap öwrüpdirler. Edil şol wagt hem öýlänçi gelip, ýagyş ýagma- ga başlapdyr. Keýmir dagy bir görseler, ýaňky gyzlaryň hemmesi diýen ýaly, çöplän çöplemelerine bukulyşyp, özlerini ezdirmän otyrlar diýýär. Emma olaryň biri çöplemesini pena edinmekden-ä geçen, gaýta, egnindäki çabydyny çykaryp, odunyň üstüne ýapyp, özi arkaýyn dur diýýär, ezilip. Muny gören Keýmir ýoldaşyna: «Şol gyz-a bihal bolmaly däl. Ýör, gürleşip göreli» diýýär-de, şoňa tarap atyny sürüp ugraýar. Gelip: − Ýeri, jigim, seniň boýdaşlaryň-a özlerini ezdirmejek bolup çöpleme- lerine penalanýarlar. Sen bolsa, odunyňy çabydyň bilen örtüp, özüňi ýagşa ezdirip dursuň-la?! − diýýär. − Agam, bu gyzlar gurply ýeriň çagalary. Öýlerinde başga-da odun- lary köp. Çöplemä-de ýöne keýpine gaýdyberdiler. Şonuň üçin olaryň gara gaýgysy bir özleri. Bizde bolsa şu çöplän çöp-lemämden başga zat ýok. Onsoň muny ezdirsem, odunsyz galmaly boljak. Öz ezilenim hiç. Öýde bir garry enem bar. Ol meniň eltjek odunyma göz dikip garaşyp oturandyr. Çöplemämi gury saklap, öýe baryp-da, ot ýakaryn-da, hem-ä çabydymy gu- Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling