Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- KEMINE HAKDAKY ŞORTA SÖZLER
MYRALY HAKDAKY
ŞORTA SÖZLER Biz adam dälmi? Soltansöýün bütin Horasana höküm etse-de, siňege höküm edip bil- mändir. Ol Myrala ýüzlenip: − Heý, siňegiň ýok ýeri barmyka? − diýip sorapdyr. Myraly oňa: − Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz! − diýipdir. Soltansöýün öz ýanyndan Myralyny şu sapar gepde ýeňerin diýip oýlanypdyr-da: − Atlan! − diýipdir. Olar bir çöl beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyz edip gelipdir- de, Soltansöýüniň ýüzüne gonupdyr. Soltansöýün Myrala garap: − Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň? Bu, näme, siňek däl- mi? − diýipdir. Myraly oňa: − Biziň ikimiz, näme, adam dälmi? − diýip jogap beripdir. Gysga ýorgan Soltansöýün öz wezirleriniň akyl-paýhasyny saýgarmak üçin, olaryň hemmesini köşge ýygnapdyr-da, gysga ýorgany kellesine büräp, injigini açyp ýatypdyr. Wezirlerine: − Şol ýorgany meniň aýagymyň aşagyna ýetiriň! − diýip buýrupdyr. Wezirleri her näçe oýlansalar-da, her hili tagalla etseler-de, onuň tärini tapmandyrlar. Soltansöýün iň soňunda ýorganyň aşagyndan: − Myraly, sen ýokmusyň? − diýip gygyrypdyr. Myraly oňa: − Soltansöýün, gaharyň gelmese, ýetireýin − diýipdir. 115 Soltansöýüniň ýorganyň aşagyndan sesi çykypdyr: − Ýorgany aýagymyň aşagyna ýetirmeseň, gaharym geler. Myraly ýanyndaky ýatan gamçyny alypdyr-da, Soltanyň ýalaňaç inji- klerine mäkäm çalypdyr. Soltanyň aýaklary şol bada ýorgana çolanypdyr. Soltan ýerinden galyp: − Näme üçin urduň? − diýip soranda, Myraly oňa: − Buýrugyňa amal edip, ýorganyňy aýagyňa ýetirdim. Aslynda sen näme üçin ýorganyňa görä aýak uzatmadyň? − diýip jogap beripdir. KEMINE HAKDAKY ŞORTA SÖZLER Size bolýar-da, bize bolmaýarmy? Kemine Mara gelýär eken, ýolda bir daýhan melleginde hem hiňlenip, hem çil galdyryp ýören eken. Kemine durupdyr-da diň salyp başlapdyr. Daýhanyň öz düzen aýdymyny ýoýup aýdanyny eşidip, içmegini serpipdir- de, çiliň ol ujundan bozup ugrapdyr. Muny gören daýhan gaty sesi bilen gygyryp başlapdyr: − A-how, edýäniň näme, çekilen çili bozubermek bormy?! Onda Kemine: − Siz biziň gazalymyzy bozsaňyz bolýar-da, biz siziň çiliňizi boza- nymyzda bolmaýarmyşmy? − diýipdir Bu bir oýundyr-da Kemine küşt hem oýnar ekeni. Ol bir gezek küşt oýnunda garşydaşyna birentek malyny aldyrypdyr. Ýaňky garşydaşy oýun arasynda bir iş bilen daş çykanda bolsa, olary ýene-de ýerli-ýerinde goýuşdyrypdyr. Garşydaşy gelip küşt tagtasyna sereden badyna utup alan mallarynyň ýene ýerinde durandygyny görýär. Ol nägilelik bildirip, Keminä: − Munyňyz bolmaýar. Aldyran mallaryňyzy gaýtadan ýerinde goýuşdyrypsyňyz − diýýär. Kemine äwmezlik bilen: − Bu bir oýundyr-da. Näme çyndyr öýdýäňmi? Şoňa-da gaharyň gelýärmi? − diýen. Halky kyssalar. Şorta sözler |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling