Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
ŞADESSANLAR OGUZNAMA «Oguznamanyň» Aşgabat şäherinde saklanýan nusgasy (bölekler) Oguzyň älem etraplaryna ilçiler iberip, jahany eýelemek dawasyny etmegi Oguz we uruglarynyň arasyndaky garşylyklar ylalaşyga we ýaraşyga öwrüldi. Onsoň Hindistana ilçiler iberip, ondan paç we mal isledi. Hindi ilaty we begzadalary kesgin, gödek jogaplar berdiler. Ilçiler gaýdyp ge- lip, Hindi ilatynyň boýun towlaýandyklaryny Oguza beýan etdiler. Oguz hindileriň kasdyna atlanyp, ýola ugrady. Basyp alyş başlangyjyny gündogar tarapyndan başlap, Adudaş welaýatyna ýetdi. Niçe gün ol ýerde bolup, ondan Ykaryýa bardy. Ol uly we berk galanyň we gämi ötüp bilmeýän bir derýanyň arasynda ýerleşýän bir dagdy. Oguz buýrugyna görä, sallar ýasap, onuň bilen derýadan ötdüler. Bir hile bilen Ykaryýany tutdular. Hindiň gündogar tarapynda bir uly welaýat bardy. Patyşasyna Usyçy ogul Nugman han diýýärdiler. Ol Oguz ahwalyndan ägä bolup, oňa boýun we tabyn boldy. Oguz onuň diýaryndan gaýdandan soňra, ol garşylyk görkezip, topalaň etdi. Oguz ony eşidip, gaýdyp gelip, ony tutdy we heläk etdi. Ondan ötdi. Haýsy welaýata ýetse, golastyna alyp, eýeläp geçýärdi. Bu hasap bilen tamam Çyn we Maçyn we Tengas diýaryny tutup, basyp aldy. Ol ýerlerden köp mal we baýlyklar bilen öz welaýaty Türküstana dolanyp, Erdag we Aladagda düşledi. Almalyk sebitinde Turkuýly dag we Boraganly dag atly iki sany başy belent dag bardy. «Boragan» we «Turkun» bu daglarda bitýän iki sany otuň adydyr. Oguz ol ýere ýetip, ol ýerde on dört gün saklandy. Ol sebitleriň patyşasy bolan Ynal han Oguzyň garşysyna leşger ýygyp geldi. Söweş edip, iki tarapdan köp kişi wepat boldy. Ahyry sekizinji gün 119 gazaply söweş edip, Ynal hany tutup, öldürdi. Onuň hem mülküni eýeläp, birnäçe wagt ol ýerde boldy. Soňra öz ýer-ýurduna dolandy. Atlary semränden soň, demirgazyk ýurtlary basyp almaga ýöriş et- diler. Ýolda emirler bilen geňeş edip, ilki Amyderýadan ötüp, soň barça welaýatlara ilçi ibermekligi, eger tabyn bolup, paç töleseler, degmezligi, bolmasa-da, söweş bilen basyp almagy karar etdiler. Ilki bilen, Garjystan sebitine ilçi iberdi. Gur şasy ilçilere köp yzzat we hormat edip, tabynlyk kemerini biline baglady we Oguzyň hyzmatyna taýyn boldy. Ony görüp, tamam Gur we Garjystan welaýaty, Gazna, Zabul (häzir-ki Sistan) we Kabul etraplary il we tabyn bolup, paç bermekligi kabul etdiler. Ondan soň demirgazygy basyp almak üçin ýöriş etdiler. Ilki berk we beýik gala bolan Malugura ýetdiler. Onuň häkimine Pyraşyt (Kyraşyt) Ýagy diýýärdiler. Ol Oguz bilen söweş etdi. Oguz üstün çykyp, ol sebitleri eýeledi. Şol wagtda Oguz mähriban we rehimli bolany üçin uly we garry kişiler oňa «Oguz aga» diýýärdiler. Ol Kerk we Başgyrt tarapyna sapar etmek kararyna geldi. Şonda müň öýli Oguzyň gaşynda jemlendi. Olaryň arasynda garrylyk sebäpli, güýçden gaçan we urşa gidip bilmedik uly ýaşly garry kişiler hem bardy. Olar öz ahwallaryny Oguza beýan etdiler. Oguz diýdi: − Barçaňyz munda, ýagny Almalyk sebitinde ýerleşen Akgaýada mesgen tutuň! Olaryň arasynda köpi gören, akylly we paýhasly bir garry kişi bardy. Onuň adyna Buýşy hoja Garasülük ogly diýýärdiler. Atasy ogluna diýdi: − Siz bilmeýän ýoluňyza barýarsyňyz. Araňyzda bolsa, başyňyza bir müşgil iş düşende, ony çözüp biljek bir dana garry kişi hem ýok. Meni öz ýanyňyzda saklaň. Bir gün derdiňize ýarar men. Ogly diýdi: − Eý, ata, Oguzyň aýdan sözüniň tersine niçik gideýin. Ahyry ony bir sandyga salyp, düýä ýükläp, özi bilen alyp gitdi. Kerk we Başgyrda ýetdiler. Olar bir zalym we mekir kowumdylar. Hergiz ulum- sylyk we tekepbirlikden hiç bir patyşa baş egmeýärdiler. Patyşalarynyň ady Pyraşytdy. Ony tutdular. Kerk we Başgyrt il bolup, paç tölemegi kabul etdiler. Ondan ötüp barýarkalar, bir sähra ýetdiler. Ol ýerde bir damja hem suw tapylmaýardy. Garasülük ol suwsuzlyk haly atasyna aýtdy. Buýşy hoja diýdi: − Birnäçe sygry bir-birine baglap, köp ýüwürdip, soňra ugruna goýberiň. Sygyrlar nirede durup, aýaklaryny ýere ursalar, şol ýeri gazyň. Ondan suw çykar. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling