Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Gorkut ata
140 Türkmen halk döredijiligi Garryja aýdar: − Häzir Beset geldi, baraýyn, belki, maňa bir ýesir beräýedi, oglan- jygymy gutarardym. Beset ýigitleri bilen söhbet edip oturarka, gördüler bir hatyn kişi geler. Geldi, içeri girdi, Besede salam berdi, aglady, aýdar: − Teke buýnuzyndan gaty ýaýly, Içoguzda, Daşoguzda ady belli, Oraz ogly, hanym Beset, maňa medet! Beset aýdar: − Nä dilär sen? Garryja aýdar: − Ýalançy dünýe ýüzünde bir är gopdy, ýaýlymynda oguz ilini gon- durmady, gara polat, uz gylyçlar ony kesmedi, gargy jyza oýnadanlar sanjyp bilmediler, gaýan ok atanlar kär kylmady. Alplar başy Gazana zarp urdy, dogany Garagüne onuň elinde zebun boldy, murty ganly Bükdüz Aman onuň elinde zebun boldy. Ak sakgally kakaň Oraza gan gusdurdy, meýdanda agaň Koýan Seljugyň ödi ýaryldy. Galyň oguz begleri onuň elinde zebun bolup, kimi şehit boldy. Oguz ýedi gezek bosdy, emma bolmady. Ol günde bäş ýüz goýun bile iki adam isledi. Ýüňli goja bilen Ýapagly gojany oňa hyzmatkär berdiler. Dört ogly bolan birini berdi, üçi bolan birini berdi, ikisi bolan birini berdi. Meniň iki oglanjygym bardy, birini berdim, biri galdy. Emma ýene nobat öwrülip maňa geldi, ony hem islärler. Hanym, maňa medet! − diýdi. Besediň gözleri ýaş bilen doldy. Garyndaşy üçin söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş: − Gyraň 1 ýerde dikilmiş otaglaryň, Ol zalym ýykdyrdy ola, gardaş! Ýüwrük olan atlaryň teblesinden Ol zalym sürüşdirdi ola, gardaş! Esrik düýelerin hataryndan Ol zalym aýyrdy ola, gardaş! Şüleniňde goýdugyň goýnuň Ol zalym gyrdy ola, gardaş! Guwanç bile getirdigiň gelinjigiň Ol zalym senden aýyrdy ola, gardaş! Ak sakgally babamy 1 Gyraň – gyra, çet. Bu ýerde gorkuly, düşümsiz manyda 141 «Ogul!» diýu syzlatdyn ola, gardaş! Akgynly görkli suwmyň daşgyny, gardaş! Güýçli bilim kuwwaty. Garaňky gözlerimiň aýdyňy, gardaş! Gardaşymdan aýryldym – diýip, köp aglady, zarlyk kyldy. Ol hatyn kişä bir ýesir berdi, «bar, ogluňy gutar!» diýdi. Hatyn aldy, geldi, oglanyň ýerine berdi hem «ogluň geldi!» diýip, Oraza buşlady. Oraz söwündi, galyň oguz begleri bile Besediň ýany- na gitdiler. Beset kakasynyň elini ogşady. Soňra geçen wakany ýatlap, aglaşdylar, bozlaşdylar. Beset enesiniň öýüne geldi. Enesi hem oglunyň öňünden çykdy, oglanjygyn guçdy. Beset enesiniň elin ogşady, görüşdiler, bozlaşdylar. Oguz begleri düýrüldi. Iýmeler, içmeler boldy. Beset aýdar: − Begler, doganym üçin Depegöz bile duşuşar men, siz näme mas- lahat berersiňiz! Gazan beg bu ýerde söýlemiş, göreliň, näme söýlemiş. Aýdar: − Gara orun gapdy Depegöz. Gara gaplan gopdy Depegöz. Gara-gara daglarda öwürdim, ala bilmedim, Beset. Kagan arslan gopdy Depegöz, Galyň sazlarda öwürdim, ala bilmedim, Beset. Är bolsaň, ýeg bolsaň Gazança bolmar sen, Beset, Ak sakgally babany aglatmagyl, Ak bürenjekli eneňi bozlatmagyl! Beset aýdar: − Elbetde, barar men! Gazan aýdar: − Sen biler sen. Kakasy aglap: − Ogul, ojagymy otsuz goýma, maňa rehim et! Barma! − diýdi. Beset aýdar: Şadessanlar. Gorkut ata 142 Türkmen halk döredijiligi − Ýok, ak sakgally eziz atam, barar men! − diýdi. Ol gabyndan bir gysym ok çykardy, biline sokdy, gylyjyny heýkelleýin guşandy, ýaýyny garysyna atdy. Eteklerin goýberdi. Ata-enesi bilen hoşlaşdy, «hoş galyň» diýdi. Depegöz oturan gaýasyna geldi. Depegöz arkasyny güne garşy tutup ýatyr. Beset bilinden bir ok çykardy. Depegözüň bag-ryna bir ok urdy. Emma ok geçmän, paralandy. Ýene atdy, ol hem para-para boldy. Depegöz gojalara aýtdy: − Bu ýeriň siňegi bizi üýşendirdi. Beset ýene bir ok atdy, ol hem paralandy hem bir parasy Depegözüň öňüne düşdi. Depegöz ýerinden syçrap turdy, bakdy, Besedi gördi. Elini çarpyp, kah-kah güldi. Gojalara aýdar: − Bize ýene oguzlardan bir guzy geldi − diýdi. Besedi tutdy, boga- zyndan sallandyrdy, ýatagyna getirdi, ädiginiň gonjuna sokdy. Aýdar: − Haw, gojalar, ikindi wagty muny çöwrersiňiz, maňa bişirip berersiňiz, iýer men. Ýene uklady. Besediň hanjary bardy. Ädigi ýardy, içinden çykdy. Aýdar: − Ýeri, gojalar, munuň ölümi nämedendir? Aýtdylar: − Biz bilmeris, emma gözünden başga ýerinde et ýokdur. Beset Depegözüň baş ujuna geldi. Gabak galdyrdy, bakdy, gördi, gözi etdir. Aýdar: − Ýeri, gojalar, siz çişi ojaga goýuň, gyzsyn! − diýdi. Olar çişi ojaga saldylar − gyzdy. Beset çişi eline aldy, Hudaýy çagyrdy, çişi Depegözüň gözüne şeýle basdy kim, Depegözüň gözi kör boldy. Ol şeýle nagra urdy, haýkyrdy kim, daglar-daşlar ýaňlandy. Beset syçrap goýun arasyna, gowaga girdi. Depegöz Besediň gowakdadygyny bildi. Ol gowanyň agzyny aldy, bir aýagyny gapynyň bir ýanyna, bir aýagyny bir ýanyna goýdy. Aýdar: − Eý, goýun başçylary, erkeç, birin-birin gel, geç! − diýdi. Erkeçler bir-bir geçdiler. Ol erkeçleriň her biriniň başlaryn sypady. «Toklujyklar − toklujykdyr döwletim − sakar goç, gel, geç!» Bir goç ýerinden galdy, gernip silkindi. Beset derrew goçy basyp, bogazlady, derisini ýüzdi. Guýrugy bilen başyny derisinden aýyrmady, içine girdi. Depegözüň oňüne geldi. 143 Depegöz bildi kim, Beset deriniň içindedir. Aýdar: − Eý, sakar goç, sen meniň nirämden heläk boljagymy bildiň. Men seni gowagyň diwaryna şeýle bir çalaýyn, guýrugyň gowagyň diwaryny ýaglasyn! Beset goçuň başyny Depegözüň eline tutdurdy. Depegöz onuň buý- nuzyndan berk tutdy, ýokaryk göterjek bolanda, buýnuz deri bile elinde galdy. Beset Depegözüň satanynyň arasyndan syçrap çykdy. Depegöz buýnuzy göterip, ýere çaldy. Aýdar: − Oglan, gutuldyňmy? Beset aýdar: − Taňrym gutardy. Depegöz aýdar: − Ýeri, oglan, meniň şu barmagymdaky ýüzügimi al, barmagyňa dak, saňa ok we gylyç kär etmesin! Beset ýüzügi alyp, barmagyna geçirdi. Depegöz: − Oglan, ýüzügi dakyndyňmy? − diýdi. Beset aýdar: − Hawa, dakyndym. Depegöz Besede tarap topuldy, hanjar bile çaldy. Emma Beset syçrap, bir ýan gapdal baryp durdy. Ol gördi kim, ýüzük ýene Depegözüň aýagynyň astynda ýatyr. Depegöz: − Gutuldyňmy? − diýdi. Beset: − Taňrym gutardy! − diýdi. Depegöz aýdar: − Eý, oglan, şol gümmezi gördüňmi? Beset: − Hawa, gördüm − diýdi. Depegöz: − Meniň şol gümmeziň içinde hazynam bardyr, ony gojalar al- masynlar, bar möhürle! − diýdi. Beset gümmeziň içine girdi. Gördi kim, altyn pullar ýyglypdyr. Beset özüniň nirede durandygyny unutdy. Depegöz gümmeziň gapysyny aldy. Aýdar: − Gümmeze girdiňmi, Beset? Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling