Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Gorkut ata
134 Türkmen halk döredijiligi − Eý, Däli Domrul, Allanyň emri − sen jan ýerine jan tapmaly, seniň janyň azat bolsun! Däli Domrul aýdar: − Men nähili jan tapaýyn? Ýöne meniň bir garry atam bilen garry enem bar. Gel, şolaryň ýanyna gideli, belki, ikisinden biri janyny berer. Däli Domrul sürdi, atasynyň ýanyna geldi, onuň ellerinden ogşap söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş: − Ak sakgally, eziz, yzzatly, janym atam, eşider bolsaň, şeýle bir waka boldy: küpür söz sözledim, bu sözler hem Hudaýa ýaraman, Ezraýy- la buýruk beripdir. Ezraýyl uçup gelip, garnyma basyp mündi, hyrryl- dadyp meniň süýji janymy alar boldy. Men indi senden jan dilär men. Sen janyňy berermi sen, ýogsa «ogul, Däli Domrul!» diýip aglarmy sen? Onda atasy aýdar: − Ogul-ogul, aý, ogul, janymyň parasy, ogul, dogdugynda, dokuz bugra öldürdigim, arslan ogul, tüýnügi altyn bowun ak öýümiň gabsasy, ogul, gaza meňzär gyzymyň, gelnimiň bezegi, ogul. Eger garşyda ýatan gara dagym gerek bolsa, söýle Ezraýyla, gelsin onuň ýaýlasy bolsun. Teble-teble şabaz atlarym gerek bolsa, oňa minit bolsun. Hatar-hatar düýelerim gerek bolsa, oňa ýüklet bolsun. Agyldaky akja goýnum gerek bolsa, oňa iýmit bolsun. Altyn-kümüş pul gerek bolsa, oňa harçlyk bolsun. Emma meniň üçin dünýe we şirin jan süýjüdir, men janymy gyýa bilmen, sen şony belli bilgil. Ýöne söýgüli eneň ýanyna bar, belki, ol janyny berer. Däli Domrul atasyndan ýüz tapman, sürüp enesiniň ýanyna bardy. Ol aýdar: − Ene, bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl uçup geldi, meniň göwsüme basyp mündi, harladyp janymy alar boldy. Atamyň ýanyna jan diläp bardym − bermedi. Sen näder sen, janyňy berermi sen, ýogsa saçyňy ýolup, ýüzüňi ýyrtyp: «Ogul, Däli Domrul!» diýu aglarmy sen? Ajy dyrnak ak ýüzüňe çalarmy sen? Garga kibi gara saçyň ýolarmy sen? Ene! Bu ýerde enesi söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş. Enesi aýdar: Ogul-ogul, aý, ogul! Dokuz aý dar garnymda göterdigim, ogul, On aý diýende, dünýä ýüzüne getirdigim, ogul, Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim, ogul, 135 Akja burçly hysarlarda tutulaýdyň, ogul, Sasi dinli gäwür elinde tutulaýdyň, ogul, Altyn akja güýjüne sygyban, seni gutaraýdym, ogul, Ýaman ýere barmyş sen − bara bilmen. Dünýä şirin, jan eziz, janymy gyýa bilmen, Belli bilgil. Enesi hem janyny bermedi. Ezraýyl Däli Domrulyň janyny almaga geldi. Däli Domrul aýdar: − Aý, Ezraýyl, aman! Taňrynyň birligine ýokdur güman. Onda Ezraýyl aýdar: − Ýeri, Däli, indi näme aman dilär sen? Ak sakgally ataň ýanyna bardyň, jan bermedi. Ak bürenjekli eneň ýanyna bardyň, jan bermedi, dagy kim jan berse gerek! Däli Domrul aýtdy: − Meniň aýalym bar, iki perzendim bar, meniň olara aýtjak zatlarym, etjek wesýetlerim bar. Maňa biraz rugsat ber, şondan soň janymy alar sen. Ol sürdi, aýalynyň ýanyna bardy, aýdar: − Bilermi sen näler boldy? Gök ýüzünden al ganatly Ezraýyl uçup geldi, meniň göwsüme basyp gondy, meniň şirin janymy alar boldy. Atamyň ýanyna bardym, jan bermedi, enemiň ýanyna bardym, jan ber- medi, «Dünýä şirin, janymyz süýji» diýdiler. Indi: Ýüksek gara daglarym saňa ýaýlag bolsun, Sowuk-sowuk suwlarym saňa içit bolsun, Teble-teble şabaz atlarym saňa minit bolsun, Tüýnügi altyn bowun öýüm saňa kölge bolsun, Hatar-hatar düýelerim saňa ýüklet bolsun, Agylda akja goýnum saňa şüwlen bolsun; Gözüň kimi tutarsa, Köňlüň kimi söwerse, Sen oňa bargyl. Iki oglanjygym oňsuz goýmagyl − diýdi. Onuň aýaly söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling