Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
154 Türkmen halk döredijiligi munuň ýaly işlerden onuň başy gowy çykýar – diýip, häli-şindi oňa geňeş salyp, maslahat etmegi Hüňkäriň öňki wezir-wekilleriniň için- den gan gyryndysyny geçirdi. Şonuň üçin öz at-abraýlaryndan, şöwket- şöhratlaryndan düşäýmek gorkusy bilen bir gün ähli sypaýylar jemlenişip: – A-how, tagsyr, sen bir eşek ogrusy, garakçylaryň soltany Jygalybe- gi munça götergiläp, uly abraýyň eýesi etdiň. Onuň bizden artyk näme bilýän zady, ökde hünäri bar? – diýişdiler. – Onuň bilýän hünärleri gaty kän. Hünärlerini öwrenenimizden soň, ony ýok etmek aňsat. Ol atşynas – uly seýis. Onuň hünärlerini öwrenmek gerek – diýdi. – Tagsyr, eger ol uly seýis bolýan bolsa, saňa wepaly hyzmatçy bolýan bolsa, goý, ol saňa dünýäde ýok bir at tapyp bersin. Bolmasa-da, sen onuň çäresini gör – diýişdiler. Hüňkär Jygalybegi ýanyna çagyrdyp: – Haw, Jygalybeg, eger sen hünärli, uly seýis bolýan bolsaň, sen maňa dünýäde hiç görülmedik bir at kemala getirip bermeli – diýip höküm etdi. Jygalybeg: – Alla, bu zaňňar-a dura-bara hökümini güýçlendirýär-ow, indi munuň meni ýanap başladygymyka? Her zat-da bolsa, iň gowusy, duşmana syr bermezlik. Gel, men bu ýagdaýda munuň bilen ýaňkalaşyp, kejinden turmaýyn – diýip, içinden pikir etdi-de: – Bolýar, ýagşy, baş üstüne, tagsyr – diýip, ýelmaýa münüp, Arabystan ilatyny üç aýlap gezdi. Emma ilde ýok at tapylmady. Jygalybeg: – Alla, bu zaňňara indi baryp näme diýsemkäm? – diýip, ýol boýy pikirlenip gelýärkä, derýaýy Şoruň boýunda Hüňkäriň elkin ýatan ýylkysynyň üstünden geldi. Ony bakyp ýören çopanlar bilen amanlyk- saglyk soraşandan soň, ýylka göz gezdirip ýörşüne, birden-de derýadan bir at çykyp, ýylkylaryň içinde bir baýtala üç mertebe towsup, ýene derýa girip gidenini gördi. Jygalybeg: – Ynha, indi-hä tapan bolsam gerek, «Suw aty bolýar» diýip eşidýärdim welin, çyn boldy-ow – diýip, ýaňky baýtaly belläp aldy, ony çopanlara-da görkezip: – Ogullarym, bu baýtaly sizem mazaly belläp goýuň. Mundan bir üýtgeşik zat bolmalydyr. Ol her haçan bolaýsa, siz oňa göz-gulak bolup, 155 maňa tiz habaryny ýetireweriň, ogullarym. Ýamanlyk ýüzüni görmäsiňiz- dä – diýip, çopanlar bilen hoşlaşyp gaýtdy. Çopanlar hem: – Bolýar, atam – diýip, Jygalybege söz berip, ýaňky baýtala göz- gulak bolup geziberdiler. Jygalybeg geldi Hüňkäriň gaşyna: – Tagsyr, ilde ýok at gerek bolsa, geljek ýyl şu günlere çenli howluk- ma – diýdi. Şunluk bilen, bu baýtalyň aý-sähedi dolup, bir güni ol tazynyň ça- gasy ýaly bir zat taşlady. Çopanlar ony Jygalybegiň ýanyna getirdiler-de: – Şol belläp gaýdan baýtalyňdan bolan taý şu – diýdiler. Jygalybeg ony alyp, Hüňkäriň gaşyna getirdi: – Tagsyr, seniň diýen dünýäde görülmedik atyň, ine, şundan dogar – diýdi. Päh, gonçlaryna gor guýlup, içlerinden gan akýan zalym sypaýylaryň, wezir-wekilleriň indi diýeni geldi. Ozal ýamanlamaga zat tapman ýören zaňňarlaryň gökdäki dilegleri ýerde gowuşdy. «Indi gezek geldi-de, gezek geldi, ýol tapyldy-da, ýol tapyldy» bolşup, heşelle kakdylar. Wezirleriň aksakgaly: – Haw, tagsyr, bu gelmişek türkmen seni oýnap ýör! – diýdi. – Ol niçik oýnamak? – Ol, ine, şeýle, tagsyr, ilde ýok at gerek bolsa diýip, üç aýlap gürüm-jürüm bolup gitdi. Gör, Hudaý bilsin, ol nirelere aýla- nyp gelendir. Iň soňunda-da «Ilde ýok at şundan dogar» diýip, bir tazynyň ganjyk güjügini getirip, seniň öňüňe taşlady. Indi muňa näme diýersiň. Bu seni oýnamak däl-de, eýsem näme, tagsyr? – diýdi. Beýleki wezir-wekiller, sypaýylar hem: – Dogry, dogry – diýşip, aksakgal weziriň aýdanlaryna ten berdiler. Hüňkär: – Jygalybeg, bu aýdylyp durlan sözlere näme jogabyň bar? – diýip, Jygalybege azm urdy. Jygalybeg rejäniň geň däldigini derrew aňdy. Wezir-wekilleriň, sypaýy-serkerdeleriň dil düwşüp, bir çukura tüýkürişendiklerine gözi ýetdi. Emma «Ýeriň däldir ak taýak» diýip içini gepletdi-de: – Tagsyr, bu tazy tohumy däldir. Bir ýyl sabyr etseňiz, hemme syryň üsti açylar – diýdi. Hüňkäriň jyny öňküden beter atlandy, ol gahar-gazap bilen: – Üsti açylýan bolsa, tä syryň üsti açylýança meniň gözüme görün- me! – diýip, gazap bilen gygyryp kowdy. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling