Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
152 Türkmen halk döredijiligi basdylar-aldylar. Şeýde-şeýde, obama-oba, öýme-öý aýlanyp, paç-hyraç, salgyt-tawan, garamat diýilýän zady Hüňkäriň tabşyryp goýberişinden bäş beter edip aldylar. Maldarlaryň malyny sürdüler, daýhanlaryň eken ekinlerini at aýagynyň astynda tozdurdylar, ak-gök ekinleriň bary ýer bilen ýegsan edildi. Köp adamlar öldürildi. Jygalybegi hem ilki gören batlaryna tutup, boýnuna ýüp baglap, ata süýretdiler. Emma Hüňkäriň «Ony tutup, diri getiriň» diýen sözünden gorkup, Jygalybegi maşgalasy bilen bir tanapa düzüp, at öňünde yzgydyp, paýy-pyýada, ibir-zibir edip, tapan-tupan mal-garalarynyň arasy bilen sürüp alyp gitdiler. Basgynyň içinde Jygalybegiň alnyp gidilendigini Çandybil halky bilmän galdy. Soň ýurt asuda-parahat bolandan soň: – Jygalybeg Hüňkäriň goşunynyň eline düşüpdir – diýip, Çandybil halky gynanyşyp, ah çekip galdy, söwdagärler – bakgallar, hannaslar bolsa «Beladan dyndyk» diýşip, şat boldular. Indi habary Hüňkäriň goşunyndan al. Olar niçe günlük çöl kesip, niçe dag-derýalardan aşyp, az ýöräp, köp ýöräp, öz ýurtlaryna baryp ýet- diler. Türkmen il-ulsundan basyp, talap alan paç-hyraçlaryny, mal-gara- laryny jemläp, Jygalybegi hem öňlerine salyp, Hüňkär soltanyň huzuryna alyp bardylar. Goşun serkerdesi halky talap elten sowgatlaryny Hüňkäriň öňünde goýup, gol gowşuryp, salam berip durdy. Indi habary Hüňkärden eşidiň. Öň birnäçe gezek paltasy daşa degen Hüňkär Jygalybegiň ele salnanyny görüp, keýpi kök bolup, jak-jaklap güldi. – Ýer-ow, Jygalybeg, eşek ogrusy zaňňar, habaryňy ber, nä hyzmat bilen meniň gaşyma geldiň? – diýip, ýaňsa alan bolup, sözüniň yzyny gülkä urdy. – Meniň bolup gelşim size gülki bolarça bolandyr, patyşahym. «Taýagyň iki ujy bar» diýenleridir, aýby ýok, her zat-da bolsa, nesibä kaýyl bolmaly bolýar-da. Men sizden hyzmat soramakçy däldim welin, meniň ol aýdanym bolmady – diýip, ikuçluragada jogap berdi. Hüňkär Jygalybegiň bu aýdanyna düýpli düşünibem durmady. Ol: – Hä, hyzmatyňa geldim diýsene, hany sen maňa paç bermekden boýun towlaýan halkyň serdarydyň-la? – Tagsyr, paç berse-de, bermese-de, ol halkyň öz işi. Biziň halkymyzyň içinde şa-da bir, geda-da bir. Ol meniň işim däl, halkyň işi – diýdi. – Ine, şol maňa paç bermän ýören eşek ogrusy, bir bölek garakçynyň 153 soltany şu Jygalybegdir – diýip, Hüňkär ýene ýaňsylap güldi. Onuň daş- töwereginde oturan wezir-wekilleri, sypaýylary hem gülüşdiler. Jygalybeg: – Ýok, tagsyr, beýle diýmek hata bolar. Dogrusyny aýtmagyň aýby ýok. Garakçy diýeniň köp bolsa bäş ýüz – üç ýüz bolar, emma olar otuz müňdenem, kyrk müňdenem kän – diýdi. Hüňkär soltan Jygalybegiň gaty köp hünärleriniň barlygyna beletdi. Şonuň üçinem ol: «Munuň näme hünäri bar bolsa, hünärine laýyk hyzmat buýrup göreýin, munuň hemme hünärlerinden peýdalanaýyn. Onsoňam «Her ýurduň awuny öz tazysy bilen awla» diýen bir nakyl bardyr. Munuň il-ulsy indi başsyz galandyr. «Baş bolmasa, göwre läş» diýenleridir. Ol ili özüme golasty ederin. Bardy-geldi, Jygalybeg wepasyz bolup çykaýsa, her wagt hem muny iline ýetirmän, başyny almaga wagt tapylar» diýip, öz içinden pikir etdi-de: – Aý, Jygalybeg, biz saňa hyzmat bersek, sen haýsy hyzmaty özüňe laýyk görýärsiň, seniň nähili hünärleriň bar? – diýip sorady. Jygalybeg: – Meniň ökde kärim seýisçilik, atşynas, başga-da uruş hünärlerimem bardyr – diýdi. – Onuň ýaly bolsa, gowy kesbiň bar eken. Men hemme atlarymyň, ähli ýylky sürülerimiň ygtyýaryny seniň eliňe berýärin. Sen seýisçilik et- de, öz hyzmatyňy görkez. Hyzmatyň görünse-hä gadyryň bilner, ýogsa-da boljagyň belli – diýip, hat ýazyp, möhür basyp, Jygalybege berdi. «Bir ýerden gelen gelmişege, özi hem boýnuna ýüp salnyp ýesir edi- lip getirilen gelmişege şeýle emel berdi» diýip, wezir-wekilleri, sypaýy- lary öz içlerinden gynandylar, ýöne daşlaryna çykaryp bilmän gitdiler. Hüňkär şäherde bir ýeri belläp, Jygalybege mekan edip berdi. Jy- galybeg öz mekanynda birki gün dem-dynç alandan soň, gurby ýetdi- ginden ýylky sürülerine seredip başlady. Ol bir ýylda atçylyk-seýisçilik işinde öz hünärini görkezip, Hüňkärden köp sylag-serpaýlar aldy, soň Hüňkär ony köşge – öz ýanyna maslahatçy edip aldy. Jygalybeg köşkde hem pyçak, aýpalta göterip, bir ýyl hyzmat edip, öz hünärini görkezip, du- ra-bara Hüňkäriň ýanynda uly abraý gazandy. Ondan köp sylag-serpaýlar aldy. Üçünji ýylda Hüňkäriň ýekgalam mährem weziri boldy. Hüňkär her bir işinde Jygalybegsiz gymyldap bilmedi. Jygalybegiň maslahatyna mätäç boldy. Her bir işde öz wezir-wekilleriniň beren geňeş-maslahatyna kanagatlanman: – Hany, Jygalybegi bir çagyryň göreýin, ol köpügören zaňňardyr, Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling