Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
158 Türkmen halk döredijiligi Jygalybeg sözüni tamam edip, başdan geçenleriniň baryny birlaý ýat- lap, kellesinden hatar-hatar geçirdi. Emma biçäre nätsin, bu dertleri kime aýdyp, kimden medet sorasyn, ýaş bolsa ýetjek ýerine ýeten. «Adybegiň ýoklugy – duşman garnynyň doklugy, her zat-da bolsa indi başga alaç galmady. Şu Röwşen oglumy ölmänkäm bir adam edip ýetişdirip biläý- sem, maňa şol bolýar» diýip, umytly oglunyň sussuny peseltmejek bo- lup, gaýgy-gamyny içine salyp, Görogla öwüt-nesihat, akyl-huş öwredip geziberdi. Hüňkäriň şäherinde Jygalybegiň bir dosty bardy. Ol bir gün gelip: – How, Jygalybeg, «Türkmeni dürtmeseň, duýmaz» diýenleri ekeni. Sen başga bir ýurda aşaýmasaň, Hüňkär seniň tohumyňy tüketjek. Sen basymrak başga bir ýurda göç – diýip maslahat berdi. Şol wagt hälki üsti gürrüňli gysrak hem üç pagsa diwar ýaly bolup ýetişipdi. Jygalybeg Göroglyny ýanyna çagyryp: – Eý, Röwşen jan, «Gara keçe ak bolmaz, köne duşman dost bol- maz» diýenleri, biziň bu ýerden Üçgümmez dagyna aşmagymyz gerek. Bir gün paty-putyňy eltip gel, bir günem Gülendam ýeňňeňi eltip gel, iň soňundanam meni artlaşdyryp alyp git, oglum – diýdi. Görogly: – Bolýar, ata – diýip, bir gün paty-putusyny eltip geldi, bir gün Gü- lendam ýeňňesini eltip geldi, bir gün hem, daň atmazdan öň, garry atasyny artlaşdyryp, Hüňkär patyşanyň şäheriniň derwezesinden çykyp gitdi... ...Ýene bir gün Görogly Üçgümmez dagynyň jülgelerinde aw awlap ýörkä, Yspyhandan gelip, Mekge-Medinä barýan kyrk galandara duşdy. Galandarlar Görogludan: – Oglan, bu ýerde näme işläp ýörsüň? – diýip soradylar. Görogly: – Şu ýerde öýümiz bar – diýdi. Galandarlar: – Öýüňiz bolsa, bizi Taňry myhmany almarsyňyzmy? – diýdiler. Röwşen bir ýaş oglan. Özbaşyna jogap berip bilmän: – Şu ýerde garry atam bar, şoňa geňeşeýin – diýip, gelip atasyna geňeşdi: – Ata, birentek galandar Taňry myhmany boljak diýýär, olara näme jogap bereli? – Oglum, Taňry myhmany gelip, işigimizden gaýdan ýeri ýokdur. 159 Bar, äkel, alajy bolar – diýenden soň, Görogly bu galandarlary tirkeşdirip eltdi. Kyrk eşek Jygalybegiň çatmasynyň töwereginde aňňyrşyp jaýlaşdylar. – Hany, ata, myhmanlary äkelmesine-hä äkeldik, indi bulara näme berjek? – Oglum, tanaň otugandyr. Derrew sygryňy soý – diýdi. Görogly sygryny soýdy. Başga hyzmat etjek adam ýok. Bir Gülen- dam ýeňňesi bar. Gülendam iki synyny biline çalyp, bilegini çyzgap, Gün galandan tä erte çäş galynça, myhmanlara hyzmat etdi. Myhmanlar onuň oturyp-turşunda, hyzmat edişinde, päkizeliginde, tagam bişirişinde hiç bir kem-käs ýerini tapyp bilmediler. Gülendam özüniň görüm-göreldesi, salykatlylygy, adamkärçiligi bilen gelenleri geň galdyrdy. Bir kör bilen bir neresse oglanyň elinde Gülendamyň şol görk-görmegi bilen kanagat edip oturmagyna galandarlar haýran galyp, agyzlaryny açyp gitdiler. Şol baryşlaryna galandarlaryň ýoly Arabystan ilatynyň üstünden düşdi. Bu işige barýarlar: «Taňry myhmanyny alýan kişi barmy?» diýip, ol işige barýarlar: «Taňry myhmanyny alýan kişi barmy?» diýip, ahyry bir adam: – How, galandarlar, siz bäş höwre, on höwre bölünip düşüň, zaňňarlar, bu bolşuňyza toparyňyz bilen kim sizi myhman alar? – diýdi. Galandarlar: – Biz bäş höwre, on höwre bölünip düşmeýäris, kyrkymyzyň hötdämizden gelip biljek adamyňka düşýäs, bolmasa ötüberýäs – diýdiler. Onda ol adam: – How, galandarlar, bu ilatda siziň kyrkyňyzyň hötdäňizden gelip biljek adam ýok, Arabystan ilatynyň patyşasy siziň hötdäňizden geläý- mese, başga pukara siziň hötdäňizden gelebilmez – diýdi. Şondan soň galandarlar sürüp: «Tagsyr, Taňry myhmanydyrys» diýip, Reýhanarabyň dergähine bardylar. Şahyň emeldarlary: «Bir topar galandar geldi» diýip, Reýhanaraba habar berdiler. Reýhanarap: – Baryň, myhman alyň, özbaşlaryna bir jaý boşadyp beriň – diýdi. Galandarlaryň özbaşlaryna bir jaý berip, çaý-çilimi, temmäki-neşäni taýýar etdiler. Reýhanarabyň özi giç agşam bularyň ýanyna gürrüňe bardy. Ol ojak başynda edilen sekiniň gapdalyna geçip, ýelek güpjegi tirsegine taşlap, porsaň ýaly bolup, bir gapdalyna agdarylyp gyşardy-da: – Haw, galandarlar, siz jahankeşdä ogşaýarsyňyz. Dünýäde näme gep-gürrüň bar? Gören-eşiden zadyňyzdan gürrüň etseňizläň! – diýdi. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling