Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
156 Türkmen halk döredijiligi – Bolýar, görünmen, tagsyr – diýip, Jygalybeg çykyp gitdi. Wezir-wekiller muny öldürmän goýberenden soň, iru-giç onuň bir alamat görkezjekdigini aňyp, ýene öňünden gaçyp ugradylar: – How, tagsyr, sen bilýärmiň, ol zaňňar ilde ýok at gözlän bolup, üç aýlap gezdi. Elbetde, ol üç aýlap biderek gezen däldir. Özüniň türkmen il-ulsuna baryp, seniň bar gizlin syryňy paş edendir. «Hüňkär bir oýnatgy samsyk patyşa eken» diýip, halkyna jar edendir. Sen türkmen halkyny özüňe bakna edip, olardan paç aljak bolup ýörsüň. Indi sen işiňi tapan bolsaň gerek. Türkmenler günde-günaşa gelip, seniň ýurduňy çapyp giderler. «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýip eşitmeýärmidiň, tagsyr, bular çöl gurtlarydyr – diýişdiler. Birwagtlar paç-hyraç almak üçin iberen agyr goşunyny türkmenleriň duw-dagyn edeni Hüňkäriň ýadyna düşdi. Ýüregindäki köne duşmançylyk ody has beter lowlap tutaşdy. Oturan ýerinden basgy tapyp, garabaşyna gaý boldy: – Meniň her ýurduň awuny öz tazysy bilen awlamak hyýalym bardy, emma ol aýdanym bolmady. Wah, dady-bidat, ýalňyşan ekenim, men soňuna galypdyryn – diýip, agzyny köpürjikledip, gözlerini dälirän göläň gözi ýaly edip, pisini aşyryp, aýylganç ses bilen «Jellat» diýip gygyrdy. Şol wagtyň özünde iki sany jellat häzir bolup: – Lepbeý, patyşahy älem, ne gulluk bar? – diýip baş egip, Hüňkäriň gaşyna gelip durdy. Hüňkär: – Tiz baryň, Jygalybegi tutup getirip, iki gözüni oýuň – diýip perman berdi. Jygalybeg heniz öýüne ýetmänkä, ýaňky jellatlar ýüwrüp baryp yzyndan ýetdiler, ony tutup, uly iliň ortasynda iki gözüni oýdular. Bu ýagdaýy gören-eşiden pakyr-pukaralaryň bary gan aglap, gara geýdi. Gü- lendam, Mömin dagy ajy aýralykdan soň bu sütemi hasam agyr gördüler. Bu zulumlar, bu gazaply günler ýaşajyk Röwşeniň ýüregini hasam çişirdi, ol eziz atasynyň gözüni oýanlaryň baraga-da, gözlerini köwläp gaýdybe- resi geldi. Röwşen ýaş bolansoň, göwnündäkini edibilmän, ahmyr edip galmaly boldy, Hüňkäriň zulumyny çekmeli boldy. Emma kasas kyýa- mata galmasa gerek. Gözi oýulandan birnäçe wagt ötensoň, Jygalybeg bir gün Hüňkaryň ýanyna baryp: – Tagsyr, indi etjegiňi edip içiňi sowatdyň. Men birnäçe ýyl saňa hyzmat etdim, sen hiç bir ýazyk-günä tapman, meniň gözümi çekdiň. Indi senden etjek bir dilegim bar, şol eden hyzmatlarym üçin şu taýy maňa bagyşla – diýdi. Hüňkär gahar bilen: 157 – Bar, garaň görünmesin, şol getiren gysragyň düldülem bolsa, seniňki bolsun. Mundan artyk şu ýerlerde görünme, ýok bol şu taýdan! – diýip, kowup goýberdi. Jygalybeg bu taýy öýe eltip, idetmäge başlady. Günlerde bir gün wezir-wekiller, sypaýylar Hüňkäre ýamanlap, Jygalybegiň ortanjy ogly – Gülendamyň äri Mömin begiň hem başyny kesdirdiler. Hüňkär patyşa Jygalybegiň gapdalyndan gysyremgek bolup sataşdy. Jygalybeg, agtygy Görogly, dul gelni Gülendam üçüsi bolup galdy. Jygalybeg bu agyr zulum-sütemden ýanyp-bişip, bäş keleme söz aýdar boldy: Arzym bar, ýaradan Jepbar, Bu gamlardan gutar meni. On iki ymam, dört çaryýar, Bu gamlardan gutar meni. Hümmet sizden, Kowus-Kyýas, Çöl eýesi Hydyr-Ylýas, Medinede ol ymam has, Bu gamlardan gutar meni. Hiç ýokdur derdime dowa, Atam – Adam, enem – Howa, Üç ýüz altmyş är öwlüýä, Bu gamlardan gutar meni. Haýryl beşer hublar huby, Kadyr Allanyň mahbuby, Şyh Mansur, molla Rumy, Bu gamlardan gutar meni. Jygalybeg, çekdim efgan, Pir ýoluna başym gurban, Nädeýin, kysmatym ýaman, Bu gamlardan gutar meni. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling