178
Türkmen halk döredijiligi
Bibijan:
Barman indi men ýanyňa
Ot salma şirin janyňa,
Özüň baryp suw ber şoňa,
Men-hä barmanam-barmanam.
Gülendam:
Gülendam diýr, al, gyz, pendim,
Sensiň meniň jiger bendim,
Şirinim, şekerim, gandym,
Zalym ataň gyrar bizi.
Bibijan:
Bibi gyz diýr, eý, ýeňňe jan,
Düşdi köňlüme bet güman,
Şol oglanyň päli ýaman,
Asla gaýtmanam-gaýtmanam.
Bular sözlerini tamam etdiler. Onda Gülendam:
– Barmasaň, bir içim suw ber. Bu ýigit tizräk gitsin, Bibijan – diýdi.
– Ýok, ýeňňe jan, bu ýigidiň bolşy ýaman bozuk görünýär, muňa
suwuň-da bolsa, zadyň-da bolsa özüň beräý, ýagşysy, muny aman-sag,
tizräk ugradaweri – diýdi.
– Bibijan, bu ýagşy ýigide bir jam suw beräýsene – diýip, bu hem
arkasyndan itiberip dur. Şol halda Bibijan Görogla garap:
– Eý, goç ýigit, sen bu ýerde kän durma, biziň peşaplarymyz seni
görseler, öldürerler – diýip, «Gitgin indi,
demir donly, bu ýerden» diýip,
Görogla garap, bir söz aýdar gerek. «Alman gitmez demir donly bu ýer-
den» diýip, Görogly hem jogap berýär:
Bibijan:
Habar bergin, ýigit,
nirden geler sen,
Gitgin indi,
demir donly, bu ýerden.
Haýsy ilden, haýsy
ulusdan bolar sen,
Gitgin indi, demir donly, bu ýerden.