Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
184 Türkmen halk döredijiligi Görogly sözüni tamam edenden soň, Bibijan oňa: – Senden gaýdan enesinden dogmasyn. Eý, Görogly beg, indi sen atyňy bu ýana sürüber. Senden gaýdan enesinden dogmasyn – diýdi. Görogly hem Gyratyň jylawyny ýazdyryp, bir gamçy urdy welin, at Reýhanarabyň gözünden ýitip gitdi. Görogly namasyny aýaklynça, Arabyň aty saň gaty bolupdyr. Emma atyň sowanyndan ol zaňňaryň habaram ýok. – Haý, zaňňar Görogly, sen bu sözi aýdyp, lap urýarsyň. Hany göreli, meniň öňümden nirä gaçyp gutularkaň – diýip, galkarak oturyp, ilerräk omzap, atyny debsiledi welin, öz agramyna özi başaşak gaýdyberdi. Mi- nara ýykylan ýaly bolup, maňlaýy baryp daşa degdi. Arap ýer bagyrtlap ýatyberdi, şol ýatyşyna bir çaý içim salymdan soň zordan özüne geldi. Entirekläp-entirekläp atyna mündi-de, eýeriň gaşyna maňlaýyny goýdy, at üstünde hem bir meýdan ýatandan soň, Arap demini dürsedi, soň ol başyny galdyryp, biline guşan uzyn guşagynyň ujundan ýyrtyp aldy-da, ýüz-gözüni çala-çula süpürişdirip, maňlaýyny daňdy. Öz-özi içini geple- dip: – Alla janym, meniň işim oňuna bolubilse ýagşydyr-ow. Men heniz ol zaňňar bilen atyşmankam atdan ýykyldym, tutuşmankam maňlaýymy ýardyrdym. Her zat-da bolsa, indi onuň bilen gidişmesem bolmaz – diýip, atyny gamçylamaga başlady, aty bolsa mazaly sowaşypdyr, eger-eger sarsanogam. Arap atynyň ýöremejegini bilip, onuň ýantanapyny bilegine orady, uýanynam egniniň üstünden taşlap, tagyrdadyp süýräberdi. At şol barşyna gybyrdyklamaga başlady. Ýene bir meýdan süýränden soň, at ädimini gatyrak ädip, özüni dürsäp ugrady. Arap indi atynyň toýnagynyň gyzjagyny bilip, uýanyny, ýantanapyny eýeriň gaşyndan ildirdi. Ýoldan bir desse taýagy tapyp alyp, atyň guýrugyndan tutup, sagrysyna, gapyr- gasyna, ýanbaşyna ura-ura ony mazaly gyzdyryp, üstüne münägede, basdy gamçyny. At kä derläp, kä harlap, ýene zyňmaga başlady. Şeýdip, ol damagyny harryldadyp, burnuny parryldadyp gidiberdi. Indi habary kimden al, Görogludan al. Göroglynyň aty artlaşykly, agyr ýükli. Her niçik-de bolsa, ol Arapdan öňürti Araz çaýyndan geçdi. Görogly çaýdan geçip, yzyna bir garasa, ynha, kyb-lasyndan gürläp, har- lap, Arap ýetip gelýär. Görogly: – Eý, Arap, dur şol ýerde – diýip, ýene gygyrdy. Arap atynyň başyny çekip: 185 – Ine, durdum, zaňňar, sen her näme etseň-de, meniň öňümden gaçyp gutulasyň ýok. Seniň ajalyň meniň elimdendir. Taşla, Bibijany, zaňňar – diýdi. Görogly oňa jogap edip, eline sazyny alyp, Araba garap, bäş keleme söz aýdar gerek: Garry duşmanym sen, arap, Aga Reýhan, döwüşeli! Bu gün bolar halyň harap, Garry Reýhan, döwüşeli! Niçe ýyldyr çekdim zary, Şükür, aldym namys-ary, Ata-babamyň gandary, Zalym Reýhan, döwüşeli! Ýeke men, penahym Hakdyr, Derdiňe hiç dowa ýokdur, Hunuň-bahaň ýeke okdur, Gelgin, Reýhan, döwüşeli! Görogly diýr, özüm resa, Bir pirim hezreti Isa, Hezret Aly, ýa Murtaza, Aga Reýhan, döwüşeli! Görogly sözüni tamam etdi-de, keýmir okuny sary ýaýa dolduryp, taýýar bolup duruberdi, Reýhanarap muňa öňküden-de beter gazaba mün- di. – Häý, akmak, seniň etjek hiläň meniň atymy sowadyp, menden ga- çylyp gutulmakdyr. Atym sowasa, sowabersin. Atym sowasa, ony bu ýer- de taşlap, yzyňdan pyýadalap baryp, galaňy agdar-düňder ederin. Ýurduňy gum bilen kesege döndärin. Çandybiliň kesegini heleýleriňe – bogazyna bir batmandan, gysyryna batman ýarymdan göterdip, Arabystana daşatmasam hasabam däl. Il-ulsuňy dagydyp, ýurduňda ýumurtga togalabermeli ederin – diýip, elinden geler-gelmezi sarnap, Görogla garap, bäş keleme söz aýdar gerek: Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling