Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
190 Türkmen halk döredijiligi Hyzmat buýursaň, otuz gulça işlärin, Zynhar sen Gyraty goýma höwüre! Reýhanarap sözüni tamam etdi. Görogly: – Bolýar, Arap aga, seniň bu pendiňi tutdum – diýdi. Soň Arap ýene Görogla ýüz tutdy: – Indi, Görogly, Bibijany saňa tabşyrdym, seni Hudaýa tabşyrdym – diýip, şol duran ýerinden bäş keleme söz aýdar gerek: Uzak ýoldan gelen ýigit, Alypsyň, saňa noş bolsun! Ýüregime dagy-düwün Goýupsyň, saňa aş bolsun! Ýagşy pent bolsun özüňe, Gitme hatynyň sözüne, Ganly ýaş doldy gözüme, Alypsyň, saňa aş bolsun! Atym berip men höwüre, Ýeňňeňi çekdim böwüre, Bibijany goýma jebre, Alypsyň, saňa aş bolsun! Men niçe gün sürdüm döwran, Tapylmaz derdime derman, Reýhana tükenmez arman Salypsyň, saňa noş bolsun! – diýip, Arap maýyp atynyň ýanyna geldi, geýim-gejimini atynyň syrtyna taşlap, atyny idip, keýtiklede-keýtiklede gidibersin. Görogly hem Bibijan bilen niredesiň Çandybil diýip, basdy ata gamçysyny. Bir meýdan sürenden soň: – Al-la, bu zaňňaryň gideni çynlakaýdanmyka ýa-da ýalandanmyka – diýip, Görogly pikir etdi: – Men muny bir barlaýyn – diýip, bir dagyň üstüne çykyp garady. Görse, Arap zaňňar hol iki dagyň jülgesinden atyny idip barýar, geýim- 191 gejiminem atyň syrtyna taşlapdyr. Bolup barşy edil basgyda galan göçeg- çä meňzeýär... Görogly «Muňa has açygrak aýtmasak bolmajag-ow» diýip, Genjim bege garap, ýene bäş keleme söz aýdar gerek: Kybladan sallanyp geldi mestana, Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. Jemalyn görenler boldy diwana, Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. Aşyk ähli onuň arzuwyn çeker, Lebi – bal, gül çehre, dodagy – şeker, Görki – Gün, şuglasy älemi ýakar, Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. Aryp bolsaň, habar algyn sözümden, Bakdygyňça gözüň doýmaz gözünden Aşyk bolan bähre alar ýüzünden, Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. Dokuz köýnegi bar, göwsi düwmeli, Atasyny görüp, gyzyn öwmeli, Zemistanda gujagyna girmeli, Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. Ýene döwran geldi biziň bu baga, Gözeller içinde ol Ýusup aga, Özge gözel ähli şoňa sadaga, Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin. Görogly beg ar üstünde söweşer, Hurma saçy tar-tar topugna düşer, Ýuka dodaklary balmydyr-şeker, Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin – diýip, Görogly sözüni tamam etdi. Päh, Genjim zaňňar ylgap ýe- rinden turdy. Gol gowşuryp: Şadessanlar. Görogly 192 Türkmen halk döredijiligi – Aý, inim, gullug-ow, gullug-ow, maksadyňa ýet-ow, dünýä durynça, sen dur-ow, aý, gullug-ow, inim – diýip sarnaberdi, zaňňar. – How, inim, indi bir gep bar, menden ogurlabam ýörme, dogurlabam ýörme, goýny-da saňa tabşyrdym, düýe sürüsini-de, garamal sürüsini-de, ýylkylary-da saňa tabşyrdym. Ýöne meni tomus yssylamaz ýaly, gyş üşemez ýaly etseň bolýar – diýip, Genjim beg derýa bolup joşdy. Ol ýene: – How, inim, ýaňy seniň gelendigiňi bir ýigit söýünjiläp bardy, oňa-da näme berseň özüň ber. Meniň-ä elim bilen berjek zadym ýok – diýdi. Päh, hälden bäri «olja getirmändir» diýip mazasy gaçyp oturan Köse zaňňaryň-da bu sözler gözüni açdy. Ol: – Şu wagtlar dili aýlanan mahaly depiň goýna baka, zaňňaryň gepiniň bellisi bolmaz, soňurrak berjek däl diýmäge-de ýaltanmaz bu zaňňar – diýdi. Görogly Genjim bilen Bibijana ýedi gije-gündiz toý-tomaşa berip, nan diýene nan, teňňe diýene teňňe, serpaý diýene serpaý berip, at çapdyrdy, altyn gabak atdyryp, bagşy aýtdyrdy, hälki söýünjiläp baran ýigide-de at mündürip, serpaý ýapdy, bir molla getirip, Bibijany Genjime nika gyýdyryp berdi. Genjim haremhana baka ýöräp barýarka, ýüzüniň ugruna ýolboýy samyrdap barýar. – Inim, gulluk, inim, gulluk! – diýip, samrap haremhananyň işiginden girdi. Agaýunus peri: «Geleweri, Genjim beg» diýip, elinden tutup, Bibijan bilen elleşdirip, öz haremhanasyna gaýtdy. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling