Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
ŞASENEM − GARYP
(Bölekler) Rawylar andag rowaýat kylarlar kim: Diýarbekir atly şäher bar erdi, onuň patyşasynyň adyna Şaapbas diýer erdiler. Şaapbasyň Hasan wezir diýen bir weziri bar erdi. Günlerde bir gün patyşa Hasan wezir bilen aw awlamaga çykdy. Şol wagtda aldyndan bir bogaz towşan çykdy. Emma patyşanyň aýaly ýadyna düşüp, ol towşana rehmi gelip degmedi. Ondan soň ol bogaz towşan Hasan weziriň aldyna geldi. Wezir towşany awlamagy ýüregine düwdi. Emma ýagşy syn edip görse, towşan bogaz eken. Hasan wezir hem öz aýalynyň hamyla ekenini ýatlap, ol towşany atmaga eli barmady. Şunlukda, bogaz towşan salamat ötüp gitdi. Ondan soň Şaapbas Hasan wezir ikisi biri-birine duş geldiler. Wezir patyşanyň ýanyna bardy hem towşan hakyndaky waka ýadyna düşüp güldi. Onda patyşa: − Eý, wezir, güler ýaly meniň näme aýbym bar? – diýdi. Wezir: − Men öz akmaklygyma gülýärin, ýaňy maňa bir bogaz towşan duş geldi. Emma aýalymyň hamyla ekenligi ýadyma düşüp, towşana rehimim inip gitdi –diýdi. Onda patyşa: − Ol towşan maňa-da duş geldi. Men hem aýalymyň hamylalygy ýadyma düşüp, oňa degmedim. Ikimiz ýürekdeş ekenimiz. Gel, onuň ýaly bolsa, ikimiz oglanlarymyza patyha okaly. Eger meniň oglum, seniň gyzyň bolsa, gyzyňy meniň ogluma ber. Eger-de seniň ogluň, meniň gyzym bolsa, men gyzymy seniň ogluňa bereýin. Şunlukda, ikimiz guda bolarys – diýdi. Ol biraz mütdetden ýene Hasan wezire garap: − Eý, Hasan wezir, her kim şu sözünden dänse, lagnatga giriftar bolsun – diýip, dilinden hat ýazyp, ähtnamasyny wezire berdi. Ondan soň bular awlaryny awlap, ýene öýlerine gaýdyp geldiler. Aýdan-aý, günden-gün ötdi. Birnäçe zamandan soň, patyşanyň gyzy, Hasan weziriň hem ogly boldy. Patyşa gyzyna Şasenem diýip at goýdy. Wezir: «Men bu ýurda garyp bolup geldim, özüm hem saňa gul boldum, onuň üçin ogluma Garyp diýip at goýýaryn» diýdi. Şunlukda ýedi gije-gündiz toý-tomaşa etdiler. Garyp bilen Şasenemi terbiýe bermek üçin enelige tabşyrdylar.... Ýedi ýaşyna ýetensoň, bulary mekdebe berdiler. Mekdebiň bir tarapynda oglanlar. Bir tarapynda hem gyzlar oturardy- lar. Garyp bilen Şasenemiň arasyndaky söýgi bu mekdepde başlandy. Olar biri-birine göz bilen, gaş bilen yşarat ederdiler. Agşam gaýdanlarynda, biri-biriniň boýunlaryna gollaryny salyp gaýdardylar. Mekdebe gidenle- 220 Türkmen halk döredijiligi rinde bolsa, ýoluň ugruna çykyp, tä biri-birlerine duşýançalar garaşyp, ondan soň bile goşulyp giderdiler. Bular, şeýlelikde, mekdepde okap on dört ýaşlaryna ýetdiler. Günlerde bir gün Garybyň atasy Hasan wezir keselledi. Gün-günden haly zebun bolup, dünýäden umydyny üzüp, ahyr bir gün aýalyny ýanyna çagyrdy. Şaapbasyň ähtnamasyny çykaryp, aýalynyň eline berdi. «Eý, hatyn, saňa mälim kylaýyn. Şaapbas bilen ähdi-peýman kylgan hatymyz şul turar, sen bu hatny mäkäm saklagyl, beýewar kaza edip ölsem, bu hat saňa derkar bolar» diýdi. Ondan soň wezir Garyby ýanyna çagyryp: − Eý, oglum, men bu dünýäden ötermen. «Atam meni öýlendirmedi» diýip, menden närazy bolmagyl. Men seni patyşanyň gyzyna adaglap, on- dan ähtnama alandyryn. Men ölsem-de, patyşa saňa gyzyny berer, özüne giýew we wezir ediner. Sen gam çekmegil – diýdi. Wezir aradan çykdy. Garyp ony abraýly edip jaýlady. Ondan soň Garyp: − Men Şasenemi garyndaşymdyr diýip, oý ederdim. Emma ol meniň magşugym eken!... – diýip, örän wagty hoş boldy. Atasynyň beren äht- namasyny enesinden alyp, Şasenemiň kitabynyň arasyna salyp goýdy. Bir wagt Şasenemiň bu hata gözi düşdi. Görse, atasynyň wezire beren ähtnamasy eken. − Garyp meniň garyndaşymdyr diýip gorkardym. Bu hatdan mälim bolmagyna görä, ol meniň adaglym eken – diýip, Şasenem hem muňa örän hoşwagt boldy. Günlerde bir gün Şasenem bilen Garyp ikisi şert etdiler. Şasenem: − Eý, Garyp, haýsymyz mekdebe öňürti barsak, gijä galyp barandan iki posa almaly edeli – diýdi. Garyp bu şerte razy boldy. Bu gije öýli-öýlerine gelip ýatdylar. Şasenem gözüne uky gelmän, tä daň atynça, uklamady. Ertir ir bi- len hemmeden öň mekdebe bardy. Garyp gaflat ukusyna gidip, mekdebe giç geldi. Görse, Şasenem eýýäm gelipdir. Şasenem Garypdan wada posasyny aldy. Bu gün okuw gutaransoň, dokuz posadan şert edip öýlerine gaýtdylar. Garyp bu gije barmagyny dilip, duz guýup ýatmakçy boldy. Emma enesi bu işden habardar bolup: − Eý, Garyp, näme iş etmekçi bolar sen? – diýip sorady. Onda Garyp: − Eý, ene, men Şasenem bilen şert etdim: «Her kim mekdebe gijik- se, ondan iki posa almaly» diýip, bu gün men utuldym. Ol menden iki posa aldy. Ýene ertir dokuz posadan şert etdik. Şonuň üçin hem bu gije 221 uklamaýyn diýip, barmagymy dilip, duz basyp berip ýatmakçy bolarmen – diýdi. Onda enesi: − Eý, Garyp, sen arkaýyn ukla. Men seni ertir ir bilen turzarmen – diýdi. Garybyň muňa wagty hoş bolup uklady. Bu söz bu ýerde galsyn, indi habary Şaapbas bilen Hanymdan eşideliň. Hut şol gijede Şaapbas bilen Hanym ikisi Şasenemi çykarmak hakynda maslahat etdiler. Hanym: − Eý, patyşa, gyzyň kemala gelipdir. Indi sen ony kime bermegi maslahat bilersen? − diýdi. Patyşa: − Eý, Hanym, meniň Hasan wezir bilen eden ähdim bardy. Ol hem dünýäden ötdi. Indi bu işiň geňeşini seň özüň ber – diýdi. Onda Hanym: − Bu işiň geňeşini men bersem, onuň geňeşi şeýle. Sen köp meýlis-märekäni gördüň. Heý, özüň ýaly şalardan öz gyzyny ýe- time berenini gördüňmi? Sen indi uýalman, öz gyzyňy ýetime berermiň? Ahyr soňunda etjegiň hem şumudy? Bu biziň aslymy- za-neslimize ýaraşmaz. Seniň bu işiň gabahat iş bolar, patyşahym – diýdi. Ozal hem iki köňülli bolup oturan Şaapbasa Hanymyň bu sözi makul göründi. − Andag bolsa, gyzymyzy oňa bermäli, Hanym. Ýöne sen indi gyzyňy mekdebe iberme – diýip, patyşa aýalyna tabşyrdy. ...Şol günüň ertesi Garybyň enesi Şaapbasyň wada edip, dilinden beren ähtnamasyny alyp, Şaapbasyň ýanyna baryp: − Eý, Şaapbas, wezir bilen wada edipdiň. Şol wadaňda wepa bolsa, göreýin diýip geldim – diýdi. Şaapbas: − Hä, nähili wada edenmişim? – diýdi. Garybyň enesi: − Sen wezire şeýle wada edipsiň: «Eger meniň oglum, seniň gyzyň bolsa, sen gyzyňy meniň ogluma ber, eger-de seniň ogluň, meniň gyzym bolsa, onda men gyzymy seniň ogluňa bereýin» diýipsiň. Indi şol eden wadaňa wagt ýetdi – diýip, ähtnamany çykaryp, Şaapbasa berdi. Şaapbas ähtnamany okap gördi. Görse öz tilinden beren haty bilen öz basan möhri. Patyşa dergazap bolup: − Bu hat weziriň özi tarapyndan ýazylandyr, ol bu haty meniň tara- pymdan ýazyp, galp möhür basypdyr – diýip, gahar-gazaba doldy hem Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling