Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Dessanlar. Hüýrlukga – Hemra
214 Türkmen halk döredijiligi di, emma biri hem «wah» diýmedi» diýip oýlandy. Ine, şundan soň, Allatagaladan seda geldi: «Ezraýyl öldürenleriňi direlt, olaryň her haýsyna ýüz ýigrimiden ýaş berdim» diýdi. Ondan soňra, bu adamlar sagalyp, öňki katdyna geldiler. Bulary direldenden soňra, Ezraýyl perişde Hemra: «Indi men gaýtjak, her haýsyňyza ýüz ýigrimiden ýaş berildi, menden razy boluň, ýaşyňyzy mübärekläp, bir aýdym aýdyp bereýin» diýdi. Gör-bak näme diýdi: Arzym eşit, Ziwer, Hurşyt, Balam, ýaş mübärek bolsun! Hudaý saňa rehmin saldy, Hemra, ýaş mübärek bolsun! Saňa nahar, aş berildi, Ömrüň uzak, daş berildi, Ýüz ýigrimi ýaş berildi, Hemra, ýaş mübärek bolsun! Deňiňize-duşuňyza, Gözüňize, gaşyňyza, Ýüz ýigrimi ýaşyňyza − Balam, ýaş mübärek bolsun! Älem-jahan saňa zardyr, Giň jahan göwnüme dardyr, Ezraýyl bir hyzmatkärdir, Guzym, ýaş mübärek bolsyn! Mundan soňra Ezraýyl gözden gaýyp boldy. Hemra Kasym weziri ýanyna çagyryp: – Sen ýurda gaýt, atamyz bizi bilip iberen ekeni. Indi bar-da atamyza buşlap, ony begendir – diýdi. Mundan soňra Kasym wezir ýurda gaýtdy. Birnäçe gün ýol ýöräp, uzak sözüň keltesi ýagşy, patyşanyň arz jaýyna gelip, gol gowşuryp, salam berip durdy. Patyşa salamyny aldy we Kasym wezire: «Indi meniň oglanlarymyň habaryny ber» diýdi. Kasym wezir: «Men saňa buşlamaga geldim» diýip, bir söz aýdar boldy, gör, näme diýýär: 215 Arzym eşit, patyşahym, Jan bilen jananyň geldi! Çyn-Maçyn ýurdyna giden, Giden oglanlaryň aman geldi! Gözi bilen, gaşy bilen, Belent dagyň başy bilen, Ýüz ýigrimi ýaşy bilen Hemra atly balaň geldi! Sözüm bar saňa diýesi, Duşmanlaryň gam iýesi, Täji-tagtyňyň eýesi − Keremli soltanyň geldi! Eýäm ýandyrdy çyragyň, Açyldy bagty-bulagyň, Hak aňsat etdi müşgiliň, Tükenmez dowranyň geldi. Kasym diýr, guluň adyna, Hak ýetirsin myradyna, Indi ýetdiň zürýadyňa, Arzuwly armanyň geldi! Kasym wezir sözüni gutarandan soňra, patyşa begenjine Kasym wezire köp zatlar sylag berdi. Ondan soňra patyşa Kasym weziri we leşgerlerini alyp, oglanlarynyň öňünden çykdy. Oglanlaryň öňüne paýan- dazlar düşäp, ýurduna getirdi. Patyşa: «Bu oglanlary Allatagala maňa ýaňadan berdi» diýip, begenjine kyrk gije-gündiz toý-tomaşa etdi, at çapdyrdy, altyn gabak atdyrdy, garaz, gepiň külesi, dünýäde näme tomaşa bolsa etdirdi. ...Habary kimden al Hemradan al. Hemra bolsa göwnüniň bölekligi bolman, ýeňsesinden itilen ýaly bolup barýar. Şol barşyna az ýatyp, köp ýöräp, gijäniň bir gaýry wagty öňünden bir köne kümmet peýda boldy. «Bir ajap ýagşy jaý ekeni» diýip, Hemra içine girip, ýatyp uka gitdi. Bu kümmet Hezret Aly, kyrk çiltenleriň mekany erdi. Bular-da gelip, kümme- Dessanlar. Hüýrlukga – Hemra 216 Türkmen halk döredijiligi te golaýladylar. Çiltenler hezret Alydan soradylar: «Bu adamzat näme, nä- dip ýatyr? « Onda Hezret Aly aýtdy: «Meniň Nepes oglum» diýdi. Onda: «Munuň jübti ýokmy, munuň jübti kim bolar, ýagşy ýigit ekeni munuň ýoldaşy bir perizat bolmaga degişli ýigit ekeni» diýdiler. Onda Hez- ret Aly: «Erem bagyndaky Şahruh şanyň gyzy Huýrlukga bolsun» diýdi. Çiltenler onda: «Muny onuň ýanyna kim äkelip biler» diýdiler. Onda Hezret Aly: «Maňa kyrk çilten hemmäňiz gol göterip pata beriň, men bir sagada ýetirmän getirip bereýin!» diýdi. Hezret Aly Şahruh şanyň gyzy Hüýrlukgany bäş ýüz ýyllyk ýoldan ýarym sagada ýetirmän, öwlüýäniň gudraty bilen getirip berdi. Şahruh şanyň gyzy Hüýrlukga bakyly semiz oglan, owadanlygy on dördi gijäniň aýy ýaly, lebleri gaýmak ýaly, agy ak, gyzyly gyzyl, hal-hal, daraýy köýnek bilen bir gyz Hemranyň gujagyna süýşüp barýar. Hemra ýatan ýerinden haýran boldy. Perizat aýtdy: «Meni görjek bolsaň, jaýyma barsaň bolmaýarmy!» diýip, goltugyndan süýşüp çykdy. Perizat baryp jaýynda karar tutdy. Hemra bir tisginip oýansa, peri näme işlär, peýker näme işlär, gözüni açsa, kümmetden başga zat ýok. Hemra ýaryny ýoklap, bir gazal aýdar boldy: Kadyr Alla, meni saldyň bu derde, Men neýläýin, ýarym aýan bolmasa! Ýar-ýar diýip, öler boldum bu ýerde, Bara bilmen, belli mekan bolmasa. Däli göwnüm, Erem kanda, sen kanda! Ukuda görenňe bolmagyn bende. Bu çöllerde ölüp, boldum şermende, Bara bilmen, belli mekan bolmasa. Gider boldum «Barsa-gelmez» ýol bilen, Bu ýol barar ahyr bir gün menzile. Göwnüm dilegiňi Alladan dile, Bara bilmen belli mekan bolmasa. Hemra islär ýene gül ýüzli ýaryn, Ýürekden uçurdy sabry-kararyn. Agtarar men pany dünýäniň baryn, Bara bilmen, belli mekan bolmasa. 217 Elkyssa, Hemra gazaly tamamlap, Şasuwar atynyň ýanyna geldi. Şasuwar ata galyp bolup, ýolga rowana boluberdi. Indi habary kimden al, Hüýrlukgadan al. «Hemra näme geler ýerde gelmedi» diýip, Hüýrlukga haýran bolup, dumly-duşa gözläp ýördi. Hem- rany görse, köşgüň üstünde samar daş bolup, beýhuş bolup ýatan ekeni. Baryp Hemranyň kellesini göterip, dyzynyň üstünde goýdy we hemme gurrandaz müneçjimlerini çagyrdy. «Hemranyň, ine, bolup ýatyşy» diýip, Hüýrlukga aýtdy. Hüýrlukga Hemranyň janyny diläp, bäş keleme söz aýtdy: Halaýyklar, tebip alyp geliňler! Hemra jana şypa beriň, janlarym! Gurrandazlar gurraňyzy salyňlar, Gözel ýara şypa beriň, janlarym! Müneçjimler, kitap açyň, bakyňlar, Meniň janym ýar ýolunda ýakyňlar, Meniň öýken-bagrym bilen kakyňlar, Gözel ýara şypa beriň, janlarym! Bozulgan köňlüm azat eýlesem, Ýar ýolunda janym berbat eýlesem, Ýyrtyp ýakam, dady-bidat eýlesem, Hemra jana şypa beriň, janlarym! Hüýrlukga aýdar, bagtym garadyr, Aýralyk tygyndan bagrym ýaradyr, Indi meniň janym çykyp baradyr, Hemra jana şypa beriň, janlarym! Hüýrlukga bu gazalyny tamam edenden soňra, gurrandazlar gurra saldylar, müneçjimler kitap açdylar. Hemranyň derdine dowa tapdylar, öňküden hem ýagşy boldy. Hemra bilen Hüýrlukga köşgüne baryp otu- ryberdiler. Bu gep şu ýerde galsyn. ...Indi ikisi beýhuş bolup, saralan ýaly bolup ýatan ekenler. Bir gije ýary Hemra ah urup oýandy. Perizat sorady: − Sen, Hemra jan, näme üçin ah urduň? Dessanlar. Hüýrlukga – Hemra 218 Türkmen halk döredijiligi Onda Hemra: − Atam meni Bilbilgöýä guş diýip iberdi, üç aýlyk möhlet berdi. Üç aý möhleti-de boldy, indi maňa Bilbilgöýä guşy berip, jogap berseň, ýurdyma gaýtjak − diýdi. Onsoň Bilbilgöýä guşyny elini berdi. Hemranyň bolsa ýol-azyk şaýyny tutdy. Ugradyp ikisi bile gaýdyberdi. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling