Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Dessanlar. Şasenem – Garyp
222 Türkmen halk döredijiligi Garyby enesi birlikde şäherden kowup çykarmaklyga buýruk berdi. Patyşanyň buýrugyna görä, Garyp bilen enesini şäherden kowup çykardylar. Şäherden uzak çölde Hasan weziriň bir jaýy bar erdi. Garybyň enesi gyzyny hem Garyby alyp baryp, şol jaýda ýerleşdi. Emma tiz wagtdan Garybyň ýakyn garyndaşlary gelip: − Garyp bu ýerde dursa, Şaapbas Garyby öldürer – diýip, gorku- laryndan ony alyp gitdiler. Garyby öz ýurtlaryna eltip çopançylyga ber- diler. Garyp mal bakyp ýören ýerinde çopanlaryň biri bilen dost boldy. Günlerde bir gün Garyp Şasenemden aýra düşüp, näçe wagtdan bäri mal bakýanyny hasaplady. Görse, Şasenemden aýra düşeni bäri bäş ýyl bolupdyr. Şasenemiň yşky ýüregine düşüp, zar aglap, öz ýakyn dosty çopanyň ýanyna gelip: − Eý, dost, meniň yzymda ýarym galdy, bu çopançylykdan çykaýyn diýsem, mal eýesi göýbermeýär, men munda bagly bolup galdym. Indi bu dertden gutulyp, ýaryma gowşar ýaly, maňa bir maslahat ber – diýdi. Onda çopan dosty: − Eý, Garyp, sen her gün oba baranyňda, bu mallaryň bir-iki sanysyny meýdanda taşlap bar. Ondan soň bu mallaryň eýesi seni çopan- çylykdan kowar. Sen bolsaň, bu işden gutulyp, Şasenemiň ýanyna baryp bilersiň – diýdi. Garyp bu maslahaty makul bilip, dostuna garap bir gazal aýtdy: Bäş ýyl boldy, aýra düşdüm ýarymdan, Alajym ýok, ýara bara bilmedim. Hiç kim habar almaz meniň halymdan, Alajym ýok, ýara bara bilmedim. Ötenden, geçenden habar alaly, Sözlegende, şirin dili senaly, On barmagy bogun-bogun hynaly, Alajym ýok, ýara bara bilmedim. Bäş ýyl boldy, men gelmişem amana, Senem janyň bary-ýogy gümana, 223 Kişi ýardan aýra düşse ýamana, Alajym ýok, ýara bara bilmedim. Bäş ýyldyr, synamda köpdür armanym, Çykar boldy indi tenimden janym, Gije-gündiz pikrim − Senem soltanym, Alajym ýok, ýara bara bilmedim. Barçany ýaradan kadyr Hudaýym, Şasenem gyz diýrler, köňlüm hoşgähim, Garyp aýdar, tilimdedir senahym, Alajym ýok, ýara bara bilmedim. Ondan soň Garyp her günde mallardan birden-ikiden meýdanda taşlap ugrady. Birnäçe günden soň, mal eýesi görse, malyň ýarysy ýok bolupdyr. Ondan soň mal eýesi: «Bu çopany kowup, başga bir çopan saklaýyn» diýip, Garyby kowupdyr. Garyp çopanlykdan boşap, ýola düşdi, Hudaýa ýalbaryp: «Sen meni ýara ýetir» diýip, bir gazal aýtdy: Owwal ýaradan Hudaýym, Özüň ýetir ýara meni. Tilimde bardyr senahym, Özüň ýetir ýara meni. Hakyň ýolunda rähberler, Hatyp olturgan münberler, Sährada gezen çiltenler, Özüň ýetir ýara meni. Gözde ýaşym akar seýlan, Bize kysmat beýle bolan, Behakgy hazreti Pälwan, Özüň ýetir ýara meni. Bu synamyz boldy ýara, Beýan eýläýin bir para, Dessanlar. Şasenem – Garyp 224 Türkmen halk döredijiligi Şeýhi-Halyl Weýsilkara, Özüň ýetir ýara meni. Garyp diýr, nedir günähim? Tilimde ýardyr senahym, Owwal-ahyr bir allahym, Özüň ýetir ýara meni. Garyp gözi girýan, bagry girýan, birnäçe menzil ýol ýöräp, Diýarbe- kire geldi. Şasenenemi gözläp, Diýarbekiriň mekdebine bardy. Ol ýerde Şasenemi tapmady. Soň mekdepde okaýan oglanlardan sorady. Oglanlar: − Şaapbas Şawezir diýen ýerde bir köşk saldyryp, Şasenemi kyrk keniz bilen şol köşkde goýupdyr – diýdiler. Garyp Şasenemi yzlap, şol köşge barmakçy boldy. Ol köşge barmagyň çäresini agtardy. Garyp bir adamdan: «Şasenem geljekmiş» diýen habary eşitdi. Bu habary eşitgeç, Garyp bir garry aýalyň öýüne bardy. Ol garry aýal bilen kyýamatlyk ene-ogul boldular. Garyp: − Eý, ene, ertir Şasenem gul almak üçin «Bende bazaryna» geljekmiş. Ertir meni «Bende bazaryna» alyp çykyp satyň. Bahamy bolsa müň tylla diýersiňiz. Eger-de Şasenem «Bu kel guluň näme hünäri bar?» diýip so- rasa, «Bu kel gulum sazanda-aşykdyr» diýersiňiz – diýdi. Ene Garybyň sözi bilen razylaşdy. Ertesi ir bilen Garyp kellesi- ne garyn geýdi, ýüzüne gara sürtüp, bir hebeşi gul sypatyna girdi. Ene Garyby «Bende bazaryna» alyp gitdi. Şasenem atlanyp geldi, aýlanyp, gullaryň bahasyny sorady. Soň enäniň gulunyň bahasyny sorady. Ene: − Gulumyň bahasy müň tylla – diýdi. Şasenem: − Ýagşy gullaryň bahasy otuz-kyrk dinardyr, seniň kel guluň bahasy örän gymmat, munuň sebäbi näme? – diýdi. Ene: − Meniň gulum sazanda-aşykdyr − diýdi. Şasenem: − Guluňa aýt, bir bent aýdyp bersin – diýdi. Bazarda gezip ýören bir adamyň golunda iki sany dutary bardy. Garyp onuň birini goluna alyp, bir gazal aýtdy: 225 Gulak salyp, eşit meniň arzymy, Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem. Kişi bilmez meniň asly-zatymy, Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem. Bu bir günlük öter dünýäýi-pany, Köp bolar aşyka magşuknyň aly, Göwherşinas bolsaň, göwheri tany, Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem. Jany alar ter hynaly gollary, Aşyky köýdürer şirin tilleri, Jepakeş bolarlar Bagdat gullary, Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem. Akyl bolsaň, bu magnyny pähm eýle, Giriftary jemalyň men, rehm eýle, Rakyplar elinden bu gün wehim eýle, Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem. Rakyplar elinden pynhan kyl meni, Hyrydar sen, bu gün satyn al meni, Garyp aýdar, hak aşyk men, bil meni, Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem. Ondan soň Şasenem: − Eý, ene, guluňa aýt, ýene bir bent aýtsyn – diýdi. Onda ene Garyba ýüzlenip: − Eý, kel, ýene bir bent aýt! – diýdi. Garyp ýene bir gazal aýtdy. Gör, bak, näme diýýär: Güler ýüzli, serwi katly nigärim, Bu sözüň pähmine ýetsek, ne boldy? Barça mahluk bizge duşman, dildarym, Rakyplardan heder edsek, ne boldy? * 15. Sargyt № 3166 Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling