Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet80/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
 
 
DESSANLAR
HüýRLUKGA – HEMRA
(Bölekler)
...Çyn-Maçyn ýurdy gaty gymmatçylyk ekeni. Emma Hemra bu 
zatlary bilip, jarçysyny çagyryp, oňa gygyrtdy: «Çyn-Maçynyň aç-pu-
karalary günde bir gezek gelip, meniň gaşymda damaklanyp gidibersin» 
diýdi. Çyn-Maçynyň garyp pukaralary her gün naharlanyp gidýärdiler. 
Hemranyň işi bolsa olara paýlap, olary naharlap ýörmekdi. 
Birnäçe gün geçenden soň, onuň elten dünýäleri gutardy. Hysraw 
patyşa ozal oglanlaryna sowjak dünýälerini bölüp beren eken, Hemra 
elten dünýäleri gutarandan soňra, agalaryndan dünýä diläp: «Bu dünýä 
nämäňize gerek, sowalyň bir sogap iş edeliň» diýdi. Agalary bolsa muňa 
dünýä bermän, şeýle diýdiler: «Berjek däl, biz bu ýerik sogap isläp ge-
lemzok, talap isläp geldik» diýdiler. Olar bermediler. 
Mundan soňra Hemra agalaryndan aýrylyp, Çyn-Maçynyň şäherine: 
«Çyn-Maçynyň aç garyplary! Eger aç bolsaňyz, biziň yzymyza düşüň, 
biziň ýurda gideli, men sizi aç öldürmäýin» diýip jar çekdirdi. Mundan 
soňra bu Çyn-Maçyn ýurdunyň pukaralaryndan kyrk adam Hemranyň 
yzyna düşüp: «Seniň öli ýeriňde ölüdiris, diri ýeriňde diridiris» diýip, 
Hemranyň yzyna düşüp gaýtdylar. 
Hemra galanlary bilen Kasym weziriň ýanyna ugrady. Onuň ýany-
na geldiler we Hemra Kasym wezire: «Biziň äkelen dünýämiz gutardy, 
sowmaga zadymyz ýok. Atamyz yzymyzdan gözläp durandyr, ýurdymyza 
gaýdaly» diýip maslahat saldy. 
Kasym wezir Hemranyň aýdanlaryny makul bilip, onuň getiren kyrk 
pukarasy bilen Çyn-Maçyndan gaýtdylar. Az ýatyp, köp ýöräp, birnäçe 
günler ýollary taý kylyp ýördüler. Uzak sözüň keltesi ýagşy, hullasy, ýoly 
ortaladylar. Kerwen halky suwlaryny tüketdiler we gaty suwsadylar. Hem-
ra: «Kerwenleriň hemmesini düşür» diýip, kerwenbaşa teklip etdi. «Men 
bu ýerlerden suw gözläýin» diýdi. Hemra ozal Çyn-Maçyna barýarka, bir 


213
suwly guýyny bellän eken. «Men size suw getirip bereýin» diýip, Hemra 
meşiklerini alyp, şol guýa garşy ugrady. 
Hemra bu ýola rowana bolanda, on dört ýaşy doldy. Ine, bu ýerde 
bolsa Ezraýyl perişde sataşdy we şeýle diýdi: 
– Ýagşy ýigit dur! Şu taýdaky bergiňi berip git! 
Onda Hemra aýtdy: 
– Ýaşuly! Ugursyz bolma, men bergili adam däl!
– Ýok, seniň bize biraz bergiň bar, şony bermeseň boljak däl! – diýip, 
Ezraýyl perişde aýtdy.
Onda Hemra oňa:
– Men patyşanyň ogly bolsam, özüm şazada bolsam, ýa-
lançyda meniň hiç kime bergim ýok, ýöne Taňra jan karzym bar
– diýdi.
Onda Ezraýyl aýtdy:
– Seniň şu ýerde peýmanaň doldy. Men Ezraýyl, seniň janyňy aljak!
Onda Hemra:
– Meniň peýmanym dolan bolsa, gaçyp gutulyp bilmerin. Ýöne 
maňa birazajyk puruja ber. Men birnäçe pukarany äkeleýin. Şu taýda 
men öljegimi bilmedim. Men şolar bilen razylaşaýyn, ondan soň alsaň, 
janymy al – diýdi.
Ezraýyl perişde bolsa, onuň yzyna düşüberdi. Hemra suwa baryp, 
meşiklerini dolduryp aldy we goşa tarap ugraberdi. Ezraýyl perişde onuň 
yzyna düşüberdi. Tirkeşip goşa geldiler. 
Suw getirenden soňra, Hemra getiren garyp-pukaralaryna: «Şu ýerik 
hemmäňiz üýşüň» diýip aýtdy. Hemmesini bir ýere üýşürip, olary nahar-
lap, ajygana nan, suwsana bolsa suw berdi. Goşuň arasynda wagtyhoşluk, 
şatlyk boldy. Biraz wagt geçensoň, Hemra by adamlara bakyp: «Meniň 
peýmanym dolan ekeni, indi menden razy boluň, men şu taýda janymy 
berjek!» diýdi. 
Muny eşiden alaman gorkup, geň galdy. Kyblalaryna bakyp, boýun-
laryna guşak salyp, hemmesi aglap: «Biziň janymyzy al, Hemra degme! 
Biz janymyzy Hemra üçin berýäris» diýip, Allatagaladan zar-zar aglap 
dilediler. Allatagala: «Hemra üçin şu halklar janyny berýän bolsa, onda 
hemmesiniň janyny al!» diýip, Ezraýyla perman etdi. Ezraýyl gamyşa ot 
degen ýaly, goýna gurt degen ýaly, bir çetinden gyrdy! Bu gyrgynçylykda 
biri hem «Wah, Hemra üçin janymy aldyň» diýip ökünmedi. 
Allatagala öz-özi: «Hemra üçin şunça adam janyny ber-

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling