Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
196 Türkmen halk döredijiligi Bäş ýüz surnaý, üç ýüz kernaý çekildi, On sekiz dereden goşun döküldi, Jyzalar parlady, çepbe söküldi, Daglaryňy duman aldy, Görogly. Ýunus diýr, gamlara düşendir başym, Senden özge ýokdur kowum-gardaşym, Köp gamlary gördi bu naçar başym, Gurbanyň bolaýyn, oýan, Görogly. Görogly ýerinden syçrap turdy. Däli Mätel bilen Seýtek gyrma-da Hüňkäriň goşunlarynyň aşagyna, ýokarsyna, öňüne-ardyna pugta belet bolup, at derledip, meýhananyň gapysyna geldiler. Şu ýerde Däli Mätel at üstünde jylawy eýeriň gaşyna taşlap, Görogla garap, bäş keleme söz aýdar boldy: Atlanyň beglerim, serden geçeýliň, Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. Bir käse şeraby berseň içeýliň, Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. Hüňkar topun bize garap atypdyr, Çandybiliň degresini tutupdyr, Duşmanlar mes bolup, hetden ötüpdir, Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. Gyzylly-ýaşylly çadyr guruldy, Tomaşada altyn gabak uruldy, Baly begiň ak otagy görüldi, Hem Bagdatdan, hem Basradan gelen bar. Däli Mätel bilmez goşun sanyny, Duman aldy Çandybiliň ýanyny, Naýza urup döküň gyzyl ganyny, Yspyhandan hem Hüňkärden gelen bar. Görogly muny eşidip, ylgap daşary çykdy. Görse, Mätel at derledip dur. 197 – Haw, Mätel, eýgilikmi? – Görogly aga, eýgiligiňi, beýlekiňi bilemok. Duşmanlar daşyňy gurşap düşdüler, çöpde-çörde san bar, olarda san ýok. Onynça beýleki ýigitlerem ördüler. – How, ýigitler, çaý-çilim edinip häzir boluň. – Çaý içinçäler, çilim çekinçäler, Görogly akyl ornaşdyryp, pikir edip otyrdy. Şol wagtda bir palanly ýabyny münüp, harazdan bir oglan geldi. Görogly: – How, jigi, düş ýere – diýdi. Muny ýabydan düşürip, Görogly başy ýatyş telpekli, egni ýektaýça, aýakýalaňaç ylgap mündi palanly ýabynyň üstüne, bir laý kepje-de ýatan ekeni, bu kepjänem alyp, «Men şu durşuma aýlanyp gaýdaýyn, siz galada boluberiň» diýip, kepjäni egnine taşlap galyberdi. Indi habary Hüňkärden al. Hüňkär gelip, çadyr-çemenini dikip, goş- kötelini taşlap, göwnüni bire baglap düşdi. Hesen han diýen bir serkerdesi bardy. Muny bäş ýüz atly bilen Göroglynyň galasyna ýollap: – Bäri ýanyndan, aňry ýanyndan habar al, barlap gör. Ukudamy, oýamy, alamana, guşa-şikäre gidipmi? Nähilidigini bilip gel – diýip tabşyrdy. Bular-da gorka-gorka gala tarap gelýärdiler. Görseler, galadan bir ýabyly çykyp, elesläp gelýär. – Ine, bize aňsat ýerden habar alara adam tapyldy. Ol biziň üstümiz- den gelse gerek – diýip begenip durdular. Gel nirede, zat nirede, bu ýabyly şol kybla garap, ýabysyny gamçylap, telpeginiaşak basyp, görmedik kişi bolan bolup barýar. Hesen han bir atlysyna: – Muny tutup getir, şundan bir habar alaýly – diýip buýurdy. Atly yzyndan ýetip, alyp gaýtdy bärik. Görogly Hesen hanyň gaşynda salam berip durdy. Hesen han: – Ýeri, ýagşy ýigit, sen kim? – diýip sorady. – Men Göroglynyň dogmasy, tagsyr. – Dogmasy bolsaň, bu ýana näme işe barýarsyň? – Şu dagyň üstünde düme ekilen ekin bardy, tagsyr, «Ýagyş ýag- ýamy, sil gelýämi, ümür-duman köp görünýär» diýip, şoňa aýlanmaga barýan. – Bu ýana gidiberme, biri kelläňi alyp gider. – Hä, meýdanda ýatan kelle bamy, alybir ýaly? – Ýagşyň, siliň dumany däl ol. Hüňkär patyşanyň ýygyny geldi, şonuň dumany ol. – Öz gözüm bilen görmesem, ynanmaryn, tagsyr – diýip, ýabysyny depip ötägitdi. Hesen han ýene bir ýyndam atlysyna: Şadessanlar. Görogly 198 Türkmen halk döredijiligi – Ýetip alyp gaýt ony – diýip buýurdy. Bir ýyndam atly kowup, ýene bärligine alyp gaýtdy. – How, zaňňar, gözüň bilen gören ýaly ynan şuňa. – Öz gözüm bilen göreýin, tagsyr, goýber meni. – Öz gözüň bilen onsoň görseň hem bolar. Hany, sen aýt, Görogly agaň öýdemi? – Öýde, tagsyr. – Ol bu günler näme pişe başynda? – Görogly agamy alty aýdan bäri ysytma tutýa. Men bäri gaýdamda, aýaly onuň agzyna pagta bilen suw damdyryp otyrdy. «Görogly kesel» diýensoň, gorka-gorka gelýän nökerler gaýgysyz- gamsyz murtlarynyň uçlaryny towlap goýberdiler. Hesen han atlylaryna: – How, ýigitler, çaý-çilimden kemiňizi goýmaň. Görogly kesel bolsa, gaýgysyz boluberiň – diýdi. Ol Görogla: – Sen Göroglynyň dogmasy bolsaň, seniň aslyň nireli? – diýip sorady. Görogly öz içinden «Şular meniň aslymy soraýsa, şirwanlydyryn diýerin. Bular şirwanlylar bilen saçakly gatnaşyp ýören daýy-ýegendirler» diýip, pikirini jemläp durdy. Görogly sagynmady-da: – Meniň asly ýerligim şirwanly, tagsyr – diýdi. Bularyň niçesiniň özi şirwanly, niçesiniň enesi şirwanly. Munuň bilen gaýym daýy-ýegen bolup çykaýdylar. Bularyň içinden birnäçeleri Göroglyny ogşap başladylar. Olar bir ogşasa, Görogly şapbyldadyp iki ogşaýar, şirwanlylar daýy-ýegenini görende, salamlaşyp ogşaşýar ekenler. Görogly: – Baý, iki günden bäri sol gözüm zor çekýärdi, asyl garyndaşlammy görjek ekenim-ow – diýdi. – Şirwanly garyndaş, sen «Bu ýana gitjek» diýip, dyzap durma, seni tanan bor, tanamadyk bor, biri öldüräýmesin. Ol «duman, ýagyş-ýagmyr» diýýäniň gelen ýygnyň at aýagynyň tozudyr. Ol ýygny göresiň gelse, gözüň bilen gören ýaly bolaý, biz şu ýerde saňa habar bereýli, Alynyň haky üçin sen ynan: – Alyny orta saldyň, indi ynandyk, tagsyr – diýdi. Hesen hanyň ýanynda şahyr-bagşysy bardy. Hasan han: – How, bagşy, şu Göroglyň dogmasyna gelen ýygny taryp edip, habar ber – diýip buýurdy. Şahyr-bagşy goluna sazyny alyp, gelen ýygny habar berip, bir söz aýdar gerek: 199 Damgandan, Bossandan, Şirwan, Halapdan, Görsün indi, belli-belli gelmişdir. Kyrk müňi ýasawly tarap-tarapdan, Kyrk müň dagy demir donly gelmişdir. Kyrk müňi serkendir 1 , kyrk müňi darga, Kyrk müňi mürzedir, müneni ýorga, Kyrk müňi bezzatdyr, gelerler zorga, Kyrk müň ýene şerbet-bally gelmişdir. Kyrk müňi maýaly, kyrk müňi nerli, Kyrk müňi beg ogly, bile kemerli, Kyrk müňi ussatdyr, goly hünärli, Kyrk müň tirendaz 2 , belli gelmişdir. Kyrk müňi bahadyr, ýörirler yzga, Kyrk müňi bahadyr, sanjarlar gözge, Kyrk müňi görseň, müneni özge, Kyrk müň ýene atly-pilli gelmişdir. Kyrk müňi bahadyr, uruşda taýýar, Kyrk müňi jadygöý, kyrk müňi aýýar, Kyrk müňi laýhordyr, kyrk müňi huşýar, Kyrk müň ýene sütemkärli gelmişdir. Kyrk müňi ataşbaz, otlar gezdirer, Kyrk müňi jadygöý, adam azdyrar, Kyrk müňi merdikär, galaň tozdurar, Kyrk müň ýene goly pilli gelmişdir. Kyrk müňüni saýlap getirdi mertden, Kyrk müňi başyňy çykarmaz dertden, Kyrk müňi gajardyr, kyrk müňi kürtden, Kyrk müň ýene beles dilli gelmişdir. 1 Serken – kelle kesiji 2 Tirendaz – ok atyjy Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling