Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Kyrk müňler
(bölekler) ...Indi habary kimden al, üsti maslykly pilden al. Pil ajygan ýerinde otuny alyp, suwsan ýerinde suwuny alyp, näçe dag-dereden aşyp, çöl söküp gidip barýar. Ol şol barşyna Leke şanyň ýurduna bardy. Leke patyşa habar berdiler: – Haý, patyşahym, baýaky Arap bilen iberen piliň geldi. Alaşasy, ineri, özi ýok. Patyşa galasynyň işigine çykyp: – Baryň, pili äkeliň! – diýdi. Pili eltdiler, piliň üstündäki ýüň ganara onuň gözi düşdi. Patyşa: – Paý, paý, zaňňar-eý, özi ýolda «aw» diýip galyp, bu ýüň ganara-da şireli bir zat salyp, pile ýükläp goýberipdir-ow – diýdi. Ganary başaşak silkdiler, ganaryň içinden gulaç ýarym, gulaç ýarym omaça, gary süňkleri döküliberdi. Arabyň eti-ýagy eräp, ýurduna bir süňki gelipdir. Süňki görüp, patyşa: – Bu zaňňaryň özi ýolda «aw» diýip galyp, pile Göroglynyň mas- lygyny ýükläp goýberen eken-ow, Göroglynyň süňki-dä bu – diýdi. Munuň bilen göwnüni hoşlap, patyşa tagtynda bolubersin. Habary kimden al, Arapreýhanyň baýaky sopy bolup ýören agasy Amanarapdan al. – Alla, bu zaňňar köp eglendi-ow, muny hyzmata iberen Leke patyşady, şondan bir habar alaýyn-la – diýip, günlerde bir gün geldi Leke patyşanyň gaşyna. Salam berip, baş egip: – How, tagsyr, patyşahym, biziň inimizden hiç habar-hatyr bolmady- la? – diýip sorady. – Amanarap, seniň iniň ýolda «aw» diýip galdymyka diýýän. Özi heniz gelenok, özünden öňinçä piline Göroglynyň maslygyny ýükläp iberipdir. – Hany Göroglynyň maslygy? – Ynha – diýip, ýaňky süňkleri şakyrdadyp, Amanarabyň öňüne dökdüler. Amanarap bu süňkleri alyp, öz süňki bilen deňeşdirip gördi, öz süňki bilen deň geldi. Amanarap öz inisiniň süňküni tanap: – A-how, Leke patyşa, mundan Göroglynyň maslygy bolmaz, bu biziň inimiziň maslygy. Biziň beýnisi ýukarak, akyly gysgarak bir inimiz bardy. Ony aldap-ogşap, hoşamatlap, Göroglynyň üstüne iberip, ganyna galypsyň. Düş öňüme, zaňňar, düş diýdim, düş. Eger güýmeň-saýmaň * 13. Sargyt № 3166 Şadessanlar. Görogly 194 Türkmen halk döredijiligi edäýseň, galaňy agdar-düňder edip, başyňa ýumraryn, sopuçylygy-da, ine, taşlyşym şu – diýip, köwüş-mesisini çykaryp zyňyp goýberdi. Patyşa aýtdy: – How, Amanarap, sen tagapyl et, maňa puryja ber. Men bu wagta çenli seň iniňi iberip, arkaýyn bolup ýördüm. Indi Hüňkäre habar edip, güýç birikdirip, bir gidip göreli. – Nähili ýörýän bolsaň, düş aldyma! – Bolýar, ýagşy – diýip, Leke patyşa Hüňkäre hat ýollady. Hüňkär haty okap görüp, dergazap bolup, öz golastynda paç alyp oturan ýurtlarynyň patyşalaryna hat ýollaberdi. Hat ýollaýan ýurtlarynyň ady: Yspyhan, Nisbyjahan, Nyşapur, Arabystan, Sebziwar, Germiýan, Osman, Töwriz. Üç aýlap goşun ýygnap, aşagyny, ýokarsyny jemläp boldy. Jemlän goşunynyň bir müňi seýrigöý, bir müňi jadygöý, bir müňi wakybaş. Olar müň top, müň şemhal, müň jezaýry, müň zemirrek, näçe müň saý atly, birnäçe müň ýabzal atly, näçe müň boz atlydan ybarat. Bu goşun bilen Hüňkär dergazap bolup, Çardagly Çandybile ýöriş etsin. Görogly Hüňkäriň goşun çekip geljegini eşidip, Däli Mätel bilen Seýtek Gyrmany dagyň derbendinde garawul goýup, özem meýhanada ýigitleri bilen otyrdy. Hüňkär bu ýygny bilen Çardagly Çandybiliň kybla tarapyndan sap gurap düşüberdi. At tozuny at gördi, ýygnyň ümür-dumany asman pelege ýetýär. Agaýunus bu tozan-çaňy görüp: – Gülşirin jan, bar, agaňa aýt! Onuň wäşi gürrüňi tükenmez. Bu duman ýagşyň, ýeliň dumany däldir. Şol Hüňkäriň ýygnynyň dumanydyr – diýdi. Gülşirin: – Bolýar – diýip, meýhananyň agzyndan gelse, Görogly ýigitleri bilen tegelenip, halka gurap oturyşlaryna gyşaryşyp uklap galypdyr. Şol ýerde Gülşirin meýhananyň agzynda durup, bäş keleme söz aýdar gerek: Asman ýüzün tutup geldi, Begler, bu nä duman boldy? Gözüm ganly ýaşa doldy, Begler, bu nä duman boldy? Bu dumana barylmazmy, Baryp habar alynmazmy, 195 Üstümizden sowulmazmy, Begler, bu nä duman boldy? Bu dumanyň çasty bardyr, Jan almaga kasty bardyr, Arkasynyň dosty bardyr, Begler, bu nä duman boldy? Duman öwrüldi serimden, Medet dilesem pirimden, Aga jan, turgun ýeriňden, Begler, bu nä duman boldy? Gülşirin diýer bu gazaly, ozaly Belli kysmata ýazaly, Bu jebre niçik dözeli, Begler, bu nä duman boldy? Gülşirin sözüni tamam etdi, emma munuň bu sözi hiç kimiň gula- gyna ilmedi, asyl gymyldamadylaram. Şol bir ýatyşlaryna ýatyrlar. Şol pursatda Agaýunus hem gelip, Göroglynyň başujunda oturyp, bir söz diýer boldy: Öňküden köp duşman geldi üstüňe, Gurbanyň bolaýyn, oýan, Görogly. Ýygyn toplap, Hüňkär çykdy kastyňa, Çar degräňi duşman aldy, Görogly. Gülşirin jan bilen mysapyr erdim, Näçe wagtlar aýşy-eşretde ýördüm, Kysmatymdyr, ýaman günleri gördüm, Gurbanyň bolaýyn, oýan, Görogly. Ýekäniň halyny hiç kişi sormaz, Ah urup aglasam, kyrk ýigit turmaz, Bedewler kişňeşer, teblede durmaz, Seýisler bikarar boldy, Görogly. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling