Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şadessanlar. Görogly
204 Türkmen halk döredijiligi – Zäher ber, merez ber, habar gerekmi saňa, habary bolup oturyşymyzdan alaýmazlarmy! Göroglynyň bir dogmasy bäş ýüz atlyny gyryp goýberdi. Ine, saňa gerek bolsa, habar şol. – Pah, zaňňar, dogmalaryna çenli uruş tälimini öwreden ekeni – diýip, bu agyr ýygyn howp tapmaga aýlanyşdy. Hüňkär aýtdy: – Aý, bolsa-da nätjek, bular ýaly agyr ýygynda munça-munça gyryl- man bolýarmy. Bu bir ýagşy görýän serkerdämdi. Özi ölmän aman-sag gelipdir. Şo-da bolýar. Bu gep bu ýerde dursun, indi habary Görogludan al. Görogly bäş ýüz atlynyň ýaragyny oljalap, gala alyp gaýtdy. «Öňi geldi, soňam geler- dä» diýip, iliniň ýaş ýigitlerinden täzeden bäş ýüz atly nöker jemläp, bu at-ýaraglary olara berip, mäkäm ýaraglandyrdy... ...Şol wagtda Göroglynyň gönderen çapar atlysynyň habary ýetişip, türkmen il-ulsundan atly ýygynlar gelip başlady. Sapa ogly Çakan, Teke begi Zaman öz atly ýygynlary bilen gelip, Göroglynyň töwere- gine jebisleşdiler. Ertesi bular hem agyr ýygyn bolup, uruş meýdany- na çykdylar. O ýandan Hüňkäriň ýygnam sap gurap dur, bu ýandan Göroglynyň ýygnam sap gurap dur. Birmahaldan Hüňkäriň goşunyndan bir ýüz altmyş müň adam uruş meýdanyna çykdy. Görogly hem kyrk ýigidi bilen söweşe girdi. Görogly we onuň ýigitleri zabun uruşdylar. Hüňkäriň altmyş müň nökeri uruş meýdanynda galdy, galanlary bolsa Hüňkäriň ýanyna gaçyp gaýtdy. Hüňkäriň uly ýygnynyň serdarlarynyň birine Mustapa diýerdiler. Hüňkär: – Mustapa hany öz ýygny bilen alyp geliň – diýip, nökerleriniň birine buýurdy. Mustapa han taýýar bolup, Hüňkäriň öňünde tagzym edip durdy. Hüňkär: – Görogly altmyş müň ýygnymy öldürip, ýetmiş müň adamymy ýaradar etdi. Indi sen şol gurrumsagy kyrk ýigidi bilen tutup getirgin – diýip, bir söz aýtdy: Eý, Mustapa, saňa diýsem sözümni, Bargyn, Göroglyny tutup getirgin! Bir-bir iýenjesin hasap eýleýip, Gylyç-galkan bagna çatyp getirgin! 205 Eşitsin Görogly perýatlaryny, Ýygyn batyrlarny, ussatlaryny, Damagy tumarly arwatlaryny, Ol perizadyny tutup getirgin! Şemis-kamar ýüzli, gülgün hynaly, Zümerret aýnaly, tylla şanaly, On barmagy bogum-bogum hynaly, Agaýunusyny tutup getirgin! Tora düşen boz garyçgaý bakylan, Gollaryna ter hynalar dökülen, Damagyna tylla tumar dakylan, Gülşirin janyny tapyp getirgin! Arwatlary gan aglasyn waý-waýlap, Kyrk ýigidin tutuň, gollaryn baglap, Hüňkär aýdar, dört ýanyndan haý-haýlap, Bir süri goýun dek sürüp getirgin! Bu sözden soň, Mustapa han öz ýygny bilen uruş meýdanyna geldi. Görogly derrew kyrk ýigidi bilen atlanyp söweşe girdi. Uly uruş boldy, Mustapa han öz janyny zordan saklady, özgeleri uruş meýdanynda gyryldy. Görogly Mustapa hana hem bir gylyç saldy, gylyç onuň tenine iki barmak ornaşdy, ol ýaraly bolup, Hüňkäriň öňüne baryp ýykyldy. Hüňkär: «Kaşgary hany öz ýygny bilen alyp geliň!» diýip buýurdy. Kaşgary han Hüňkärden rugsat alyp, öz atlylary bilen uruş meýdanynda häzir boldy. Görogly hem kyrk ýigidi bilen uruş meýdanyna gelip, Kaşgary hana garap, bäş keleme söz aýdar boldy: Kaşgary han, söweş güni bolanda, Arap atly är ýigidiň günüdir. Bedewler daranda, nerler kükrände, Dört ýanyňda ganly meýdan günüdir. Ýaz bolanda, daglar başy ot bolar, Namart gaçar, mert kowar-da ýetiler, Şadessanlar. Görogly 206 Türkmen halk döredijiligi Eý, ganymlar, ýakaňyzdan tutular, Ýylan dilli, dal hanjaryň günüdir. Baran gelse, daglar başy açylar, Ýar elinden dokuz käse içiler, Muhannesiň gany ýere saçylar, Gara polat düýrme gyljyň günüdir. Bu gün bize şiri derga ýar bolar, Kaşgary, meýdanda başyň har bolar, Düýrme gylyç başda tary-mar bolar, Gara polat aýpaltanyň günüdir. Kyrk ýigit meýdanda naýza salyşar, Kilbe kimin ýakalaşyp bölüşer, Atyndan aýrylan ýerde görüşer, Ikisine sebäpkäriň günüdir. Görogly diýr, bize geldi hak döwran, Ülkede eglenmän ötdi sil-duman, Çandybili alabilmez hiç duşman, Bedew atly goç ýigidiň günüdir. Görogly sözüni tamam edip, urşa girdi. Kaşgary hanyň näçe batyr- laryny gyryp taşlady. Kaşgary han goşunynyň ýarysyny çapdyryp, Hüňkäriň gaşyna özüni taşlady. Indi habary kimden al, Hüňkäriň ýygnyndan al. Göroglynyň üstüne iberen goşuny çapylyp duransoň, ýygnyň arasyna dowul düşüp, alabasgy boluberdiler. Pah, eýere hümmet, guşguna bereket, duran tutular, gaçan gutular, assa gaçan namart bolaýdylar, onuň tarypyny aýdyp-diýip soňuna çykar ýaly bolmady. Hüňkär şu bela goşunyň öňüni-ardyny saklajak boldy welin, saklat nire, zat nire, özem atynyň uýanyny deňläberdi. Basga düşen ýygyn özüňize belli, kyrklar galanlaryny bäşden-ondan gyryşdyryp kowup gidiberdiler. Göroglynyň bu agyr ýygnyň basylyp gaçyp barşyna wagty hoş, zehini çag bolup, ýygnyň yzyndan gygyryp, bir nama aýdar boldy: 207 Meýdanda gezipdir mertler, Ganyma degişdir dertler, Nyşapurdan gelen begler, Öz yzyna aglap gaçdy. Mesdi-meýdan dolup daşan, Ganymlar etdiler puşman, Ystambuldan gelen duşman, Öz iline haýdap gaçdy. Gaýrat etdi kyrk gardaşlar, Meýdanda serildi läşler. Ýüz elli müň gyzylbaşlar, Her kim ýurdun sorap gaçdy. Meýdanda söweşler gurap, Uly ýygyn boldy harap, Ganym diýip gelen Arap, Mekge sary garap gaçdy. Muhannesler boldy haýran, Goç ýigide ýetdi döwran, Görogly diýr, Şahymerdan, Şu gün meniň ýolum açdy. Görogly bu sözi aýdyp, ýene sürüp gidiberdi. Habary kimden al, Hüňkäriň Tokmak soltan diýen serkerdesinden al. Ol bäş ýüz şemhalçynyň – mergeniň baştutanydy. Tokmak soltan öz nökeri bilen gaçyp barýardy. Ine, bular Göroglynyň sesini eşitdiler. Tokmak soltan aýtdy: – How ýigitler, bu zaňňaryň owazy edil biziň ýeňsämizden gelýär. Siz şu dagyň gowagynda gizlenip ýatyň, men öňünden çykyp, bäş-alty agyz gepe güýmär ýaly bolsa güýmäýin, şol wagt ol atyny saklaýsa, hemmäňiz birden atyň, belki, bize bir kör abraý bolsa bolar-da duruberer. Birmahaldan dagyň jülgesinden bir atly çykyp: – How, Görogly beg, salawmaleýkim – diýdi. – Waleýkim essalam, ýagşy ýigit, ber habaryňy? Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling