Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet85/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Dessanlar. Şasenem – Garyp


230
Türkmen halk döredijiligi
Näler çekdim pyrakyňda, hijriňni, 
Ganlar ýyglap, öter boldum derdiňden.
Mähnetli bagbana hyzmat eter men
Bilmen, maksatyma haçan ýeter men,
Bu dert ile başym alyp kiter men, 
Özge watan tutar boldum derdiňden.
Garyplykda sen gelmediň gaşyma, 
Rehm etmediň gözden akan ýaşyma,
Ajal ýassygyny goýup başyma, 
Ýar-ýar diýip öter boldum derdiňden.
Çemen baglap, nama ýazyp gönderdim,
Sen diýip, özgeden ýüzüm dönderdim,
Döwlet çyragyny aglap söndürdim, 
Bigänelik eder boldum derdiňden.
Garyp aýdar, «kel» goýup men adymy
Bu watanda kişi bilmez zadymy, 
Senden özge kime aýtaý dadymy,
Saňa dadym aýtar boldum derdiňden.
Bu sözden soň Şasenem bitakat bolup, synasynyň bentlerini açyp, 
öz halyna ah çekip, gözünde ýaş, köňlünde ýar dagy, golunda desmaly, 
gözýaşyny süpürip, ýüregini para-para kylyp, ah urup, zar-zar aglap, bir 
gazal aýtdy:
Bahar boldy, gül açyldy,
Meniň gülüm açylmazmy?
Bilbiliň gany saçyldy, 
Meniň ganym saçylmazmy?
Habarym ýok, bahar oldy
Çemenler lälezar oldy,
Garybymdan habar geldi,
Kerem ýollar açylmazmy?


231
Döwletliden döwlet gitdi, 
Nobat rakyplara ýetdi, 
Saky ajal meýin tutdy, 
Kepen donum biçilmezmi?
Şat ýörügen ýollar galdy,
Gül degresin zaglar aldy,
Aşyk ýarym gaýry boldy,
Ýene şerep içilmezmi?
Şasenem diýr, ömrüm güli, 
Kesildi muhabbet ýoly, 
Açyldy baglaryň güli, 
Meniň gülüm açylmazmy?
Elkyssa, ertir irden Şasenem garyndaşlary hem kyrk kenizleri bi-
len baga geldi. Gyzlary topar-topar bölüp, güllere seýil etmäge iberdi. 
Özi hem bagyna seýil etmäge başlady. Birden bir gyz Garybyň gizlenip 
ýatan gül petdesiniň ýanyna gelip, Garyby görüp gaçdy.
Bagyň ortasynda bir howuz bardy. Onuň degre daşy gülden läle-
zarlykdy. Garyp gül petdesinden çykyp, özüni şol howza urdy. Şol 
wagtda Şasenem Garyby görüp, onuň ýanyna ugrady. Garyp:
− Bu gyzlaryň gözüniň öňünde, Şasenem bilen meniň aramda 
bolan syryň üsti açylsa, soňy gowy bolup çykmaz − diýip, suwdan 
çykyp gaçdy. Şasenem yzyndan kowdy. Ýetibilmän, dide girýan, syna 
birýan bolup, Şasenem bir gazal aýtdy.
Uçurdym şuňkar guşumny, 
Hiç bir ýerde habary ýok.
Hasrat bilen göz ýaşymny,
Dökmeýinçä durary ýok.
Gaçdy bu döwletiň guşy, 
Agtaryr men ýaz-u-gyşy, 
Habaryn bilmez hiç bir kişi, 
Bir menzilde durary ýok.
Dessanlar. Şasenem – Garyp


232
Türkmen halk döredijiligi
Men isterem, ýarym gelse,
Gelip gamly köňlüm alsa, 
Şum rakyp habardar bolsa, 
Ikimizi goýary ýok.
Bize barça älem ýagy, 
Kime diýeýin bu dagy,
Hazan ursyn bu çarbagy,
Bu söhbetiň berary ýok.
Tutup muhabbetiň ýolun, 
Tutsam men ýarymyň golun,
Gezerem Kerbela çölün,
Bu köňlümiň mydary ýok.
Ýarym gitdi suwdan çykyp, 
Senem ýar ýoluna bakyp,
Yşk oduna bagryn ýakyp,
Görmeýinçä, mydary ýok.
Elkyssa, Şasenem gyz yzyndan kowdy. Garyp gaçdy. Ýetip bilmän, 
dolanyp, howzuň başyna geldi. Akja Şasenemiň ýanyna geldi. Görse, 
Şasenemiň gözünde ýaş, bagrynda daş. Akja:
− Eý, Şasenem, ne üçin beýle gamgyn görner sen, saňa näme boldy? 
− diýdi. Şasenem gyzlardan özüni çolarak çekip:
− Eý, Akja, Garyby gördüm. Ol gaçdy, yzyndan kowdum, emma ýetip 
bilmedim. Indi saňa bir pynhan sözüm bar! − diýip, bir gazal aýtdy:
Akja gelin, gamsyz başym, 
Gamhana boldy, neýläýin.
Bir söý bile aşna ýarym, 
Bigana boldy, neýläýin.
Men geldim ony soraglap
Ýüregimni otga daglap, 
Ol gaçdy, menden burgaklap
Pynhany boldy, neýläýin.


233
Talha döndi agzym baly, 
Ösdi aýralyk şemaly, 
Bilmedim, nedir hyýaly, 
Bigana boldy, neýläýin.
Ýandy, meniň bagrym ýandy,
Döwran rakyplara döndi, 
Wysalyň çyragy söndi, 
Hijrana döndi, neýläýin.
Indi durmanam bir sagat,
Köňlümde galmady takat, 
Muhabbet salgan ymarat
Weýrana döndi, neýläýin.
Gutulmady gamdan başym 
Awy boldy iýen aşym, 
Ýar ýolunda gözde ýaşym, 
Rowana boldy, neýläýin.
Şasenem ýapyşdy pire, 
Her kim öz bagtyndan göre, 
Ýaryň köňli özge ýara...
Gumana boldy, neýläýin.
Şasenem bu gazalyny aýdyp, Akja bilen öz bagny seýil edip ýördi.
Şasenemiň täji başynda, ýüz müň şiwe-näz bilen, tawus guş kibi, 
aşykny köýdüriji, mestan-mestan basyp gelerdi. Akjanyň hem gelşi on-
dan kem däldi. Garyp biçäre bulary görüp, akyl-huşdan aýrylyp, bularyň 
ýörüşine hoşwagt bolup, ýene bir gazal aýtdy:
Gördüm, iki peri geler, 
Ajap sallana-sallana.
Aşygynyň köňlün alyr, 
Gelir, sallana-sallana.

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   81   82   83   84   85   86   87   88   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling