Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet93/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Dessanlar. Saýatly Hemra


262
Türkmen halk döredijiligi
− Eý, Hemra jan, ataňy ýurduňyza gaýtarsak, niçik bolar, her niçik 
bolsa hem gaýyn ata ady bar, men uýalar men − diýdi. Hemra:
− Köp ýagşy bolar − diýdi. Saýat han:
− Baryň, Aşyk Ahmedi çagyryp geliň! − diýdi. Kenizler çagyryp 
geldiler. Saýat han:
− Eý, baba, ogluňy bize tabşyryp öz ýurduňyza baryp, mal-mülküňize 
serenjam beriň − diýdi. Onda Aşyk Ahmet:
− Eý, Saýat han, meniň bu dünýäde barym-ýogum, ýeke perzendim 
Hemra jandyr. Men mundan aýrylyp, ýurdumda ne işim bar?! − diýdi. 
Saýat han:
− Eý, baba, siz Hemra jandan hatyrjem boluň! Men oňa sizden 
ýagşyrak garar men, siz ertir gaýdyň! − diýdi. 
Aşyk Ahmet biçäre näderini bilmän:
− Her niçik bolsa-da, seniň sözüň ýerde galmasyn, Hemra jany ýagşy 
saklaň! − diýip, bäş keleme söz diýdi: 
Indi men gider men Häzirbeýjana, 
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. 
Sizleri tabşyrdym − kadyr subhana, 
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. 
Düşüpdir goluňa bir asly dana
Jemalyň bermenem ýagty jahana,
Ýusup deýin salma ony zyndana, 
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. 
Hemra ýaşdyr, bilmedigin bildiriň, 
Urman, sökmän şadyýana güldürdiň,
Ýa, gözüm görmesin, meni öldürdiň, 
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. 
Ahmediň dünýäde ýeke zürýady,
Indi aýralykdan ederem dady,
Bilimiň kuwwaty, göwnümiň şady,
Saýat han, Hemrany saňa tabşyrdym. 
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Saýat han:


263
− Eý, baba, Hemradan hatyrjem boluň! Özüm oňa ýagşy garaşyk eder 
men − diýip, bir söz diýdi:
Baba jan, gider sen Häzirbeýjana, 
Goja, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Hemrany bermes men ýagty jahana,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Bu gün ýar hyýaly ýadyma düşdi,
Akyl-huşym bary serimden uçdy,
Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Ogluň üçin pynhan-pynhan ýerim bar, 
Niçe dürli injirim bar, narym bar,
Mundan zyýat aýtsam, haýa-şerim bar, 
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Gulap suwdan berip, ýüzün päklär men, 
Aşyk haky üçin eziz saklar men,
Ýanymdan aýrylsa, ogluň ýoklar men, 
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Saýat han diýr, aýdan sözüň tutar men
Ynanmasaň, baba, güwä öter men,
Golum ýassap, ýüzün ýelpäp ýatar men,
Baba, sen ogluňdan hatyrjem bolgun!
Elgaraz, Saýat sözüni tamam etdi. Ahmet hem Hemradan hatyrjem 
bolup, Häzirbeýjana gider boldy. Saýat han: «Eý, Banu keniz, ýagşy, 
şahana lybaslardan, serpaýlardan alyp gel! Bir ýagşy aty hem bezäp 
getir!» diýdi. 
Aşyk Ahmede şahana lybaslar geýdirip, ýarag-esbabyny şaý edip, 
ýol enjamyny tutup, iki sany hyzmatkär berip, şäherden çykaryp, ak pata 
berip, ýola saldylar. Hemra atasy bilen hoşlaşyp, Saýat hanyň ýanynda 
galdy. 
Emma Aşyk Ahmet Saýat hanyň köşgünden çykyp, ýolda gidip 
Dessanlar. Saýatly Hemra


264
Türkmen halk döredijiligi
barýardy. Mämmet han patyşanyň garawullary muňa uçradylar. Olar «Eý, 
baba, nirden gelip, nirä barar sen? « diýdiler. 
Aşyk Ahmet: «Eger men Saýat hanyň köşgünden geler men diýsem, 
Hemra jan bir bela duçar bolar» diýip, haýrany-serasyma bolup, näme 
diýjegini bilmän gorkup durdy. Onda garawullar: «Hakyt, bu baba ýol 
urup ýören garakçy eken» diýip tutdular, elini arkasyna daňyp öldürer 
boldular. Aşyk Ahmet pirlerden medet diläp: «Arman bilen öler boldum» 
diýip, her ýana bakyberdi. Görse, bir bölek durna Häzirbeýjan tarapa 
garap uçup barýar. Aşyk Ahmet, ölüm ýakasyndan tutan dek bolup, şol 
durnalara garap, gaýybana Häzirbeýjana durnalardan salam gönderip, 
olara garap, bir söz diýdi: 
Durnam gitseň, Häzirbeýjan iline, 
Barsaň, näzli ýara salam diýgeý sen!
Ýürek-bagrym bölek-bölek bölüne, 
Barsaň, söwer ýara salam diýgeý sen!
Arman bilen bagladylar golumy
Şahymerdan bent eýledi ýolumy,
Durnam, barsaň, meniň arzy-halymy,
Kowmy-gardaşlara salam diýgeý sen!
Ýaman ýolda gezen taňrydan tapar,
Kyýamat gününde harasat gopar,
Durnam, meniň arzym ol ýara apar, 
«Didar kyýamata galdy» diýgeý sen!
Mundan gitseň, Häzirbeýjana ýerine, 
Gara bagrym suw boluban erine,
Barsaň, aýtgyn ala gözli Şirine,
«Aşyk Ahmet ýaryň öldi» diýgeý sen!
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Durnalar Aşyk Ahmediň 
üstünde döwür gurap aýlanyberdiler. Garawullar bu alamaty görüp, haýran 
bolup, bir-birine «Bu kişi keramatly öwülýä bolmasyn» diýşiberdiler. Ga-
rawul başysy:


265
− Eý, baba, eger sen bu durnalary ýanyňa düşüribilseň, mal-esbabyň 
bilen seni azat kylaly. Eger düşüribilmeseň, öldürermiz − diýdi. Onda Aşyk 
Ahmet:
− Siz meniň goluma sazymy beriň, özüňiz hem bir pynhan ýerde 
garap duruň! − diýdi. Garawullar Aşyk Ahmediň sazyny berip, bir pynhan 
ýere baryp garap durdular. Aşyk Ahmet sazyny belent-belent gurup, şol 
durnalara garap, bir söz diýdi: 
Depesinden şalyk laçyn salyna, 
Ýa, Reb, niçik geçer haly durnanyň?!
Jygalary tel-tel bolup bölüne, 
Onda niçik geçer haly durnanyň?!
Bu durnalar hemdem bolup hemişe, 
Çekiler sahraga, barmaz gamyşa,
Begler jygasyny gaplar kümüşe,
Saýrasa, gök öwser dili durnanyň.
Durnam, howa uçma, gözüň gamaşar, 
Niçe taryp etsem, saňa ýaraşar,
Al howada gözüň uzaga düşer,
Saýrasa, gök öwser dili durnanyň. 
Men bir biçäre men, göwnüm kemine,
Eýäm şypa bersin göwnüm gamyna, 
Ýaz bolsa ýüzlener yrak zemine,
Gyş bolsa Bagdatdyr ili durnanyň. 
Indi sizler geliň meniň ýanyma, 
Ýogsa bu zalymlar galar ganyma,
Rehim eýläň meniň garyp janyma, 
Aşyk Ahmet, garyp guly durnanyň. 
Elgaraz, Aşyk Ahmet sözüni tamam etdi. Durnalar bu owazy eşidip, 
Aşyk Ahmediň üstüne iniberdiler. Garawullar bu wakany görüp: «Bu 
goja kişi öwülýä eken» diýip, gelip Aşyk Ahmediň aýagyna ýykyldylar, 
serpaýlaryny, tyllalaryny berip: «Eý, baba, biziň günämizi geçiň! Bize 

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   89   90   91   92   93   94   95   96   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling