Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet90/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

SAÝATLY HEMRA
(Bölekler)
Hemra toý wagtynda Garapudak söwdagärden Mämmet han 
patyşanyň gyzy Saýat han hakynda eşidýär. Hemra dost-ýarlarynyň, 
aýaly Selbiniýazyň töwallasyna gulak asman, Saýadyň ýanyna gidermen 
bolýar. Ahyry Selbiniýazy Hemra rugsat berýär. Onuň bilen atasy Aşyk 
Ahmet hem gidýär. 
Birnäçe menzil ýol geçenden soň, olaryň öňünden bir çarbag çykýar. 
Gyzylalma şäherindäki bu bagyň suw geçýän ýerinden Aşyk Ahmet bagyň 
içine girýär. Görse, ajap bir ýagşy bag eken, güller açylyp, bilbiller saýrap, 
gumrular dem tartyp, tawuslar silkinip, totular kah-kah urup, miweler 
dökülip, şahalar elwan urup, bulaklar her tarapa akyp barýar. Aşyk Ahmet 
daragtlary kakyp, almalary iýmäge başlady. Doýandan soň almalarynyň 
ýarsyny iýip, ýarsyny taşlady. Käwagt eline taýak alyp, daragtlary urup 
ýapraklary düşürip, silkip pudaklary syndyrdy. 
Indi sözi Mämmet han patyşanyň gyzy Saýat handan eşideliň. Çäşge 
wagty Saýat han baga tomaşa edip ýördi. Ol görse, bir goja kişi alma 
agaçlaryny ýykyp-ýumrup, miwesini iýip ýör. Saýat han kenizlerine: 
«Mysapyr adamdyr, doýup, çykyp gitsin» diýdi. Aşyk Ahmet iýip doýan-
dan soňra, almalaryň ýarsyny iýip, ýarsyny taşlamaga başlady, daragtlary 
silkip syndyryberdi, goluna bir taýak alyp, urup ýapraklaryny düşüriberdi. 
Saýat han ony görüp, iki kenizini iberdi: «Baryň görüň bir ogry bagy harap 
kyldy, kowup iberiň» diýdi. Ondan soň kenizler gelip:
− Baba, bu bag patyşalyk bagdyr, tizräk çykyp gitgin, eger bagban 
görse, heläk kylar − diýdiler. Aşyk Ahmet:
− Kimiň bagydyr? − diýdi. Kenizler:
− Saýat hanyň bagydyr − diýdiler. Onda Aşyk Ahmet:
− Bu öz bagym eken − diýip, ýene agaçlary urup başlady. 
Keniz gelip Aşyk Ahmediň golundan tutup uruberdi. Onda Aşyk Ah-
met: «Eý, köşeklerim, sag goluma urmaň, sagymda sazym bar, synmasyn» 
diýdi. Onda kenizler: «Garry baba sazanda eken. Sazanda kişi bolsa ur-
maýly. Saýat hana aýdaly» diýip, baryp Saýat hana aýtdylar. 
− Eý, Saýat han, baba sazanda eken. 
Onda Saýat han:
− Andag bolsa, alyp geliň! − diýdi. Kenizler baryp, Aşyk Ahmediň 
golundan tutup, Saýat hanyň ýanyna alyp geldiler. 


253
253
Babanyň gözi kyrk gez ýokarda köşkde oturan Saýat hana düşdi. Aý 
diýse, agzy bar, Gün diýse gözi bar. Misli mahytap mysaly, galam gaşly, 
hünji dişli, gara saçly, agy ak, gyzyly gyzyl, hal-hal, menek-menek, daky-
nan tylla merjenleri ýüzüne dökülip, görküne görk goşýar. Elinde tylladan 
bilezik, her bilezikde bäş ýüzük. Keten köýnek egninde, ýüpek ýaglyk 
başynda, tylla heýkel döşünde. Endamyna sepen atyrynyň ysy baryp, Aşyk 
Ahmediň burnuna dykyldy. 
Aşyk Ahmet salam berip durdy. Saýat han aleýk alyp:
− Eý, baba, kaýdan gelip, kaýda barar sen? − diýdi. Onda Aşyk Ahmet 
Saýat hanyň jemalyny görüp, yşk söwdasy başyna düşüp, öz göwnünden: 
«Hemra bolsa ýaşdyr, oňa Selbiniýaz hem bolar» diýip, oňa aşyk boldy. 
Saýat han hem Aşyk Ahmediň özüne göwnüniň gidenini bilip, sowal sorap, 
bir söz diýdi. Aşyk Ahmet hem jogap berdi. 

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   86   87   88   89   90   91   92   93   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling