Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Garyp: Boýnuň burup, melul-melul bakyban, Dal gerdene tylla heýkel dakyban, Ak gollara gyzyl hyna çekiban, Agla, Senem, aýralygyň günüdir. Şasenem
- Garyp: Garyp aýdar, gitsem, ýollar dumandyr, Jemalyň görmäge arzuwym kändir, Bu gün aýralykdyr, ahyrzamandyr, Agla, Senem, aýralygyň günüdir. Şasenem
Şasenem:
Mundan gider bolsaň Bagdat şährine, Aýralyk yraga salma, Garybym. Magşar güni diýip, janym alar sen, Dag üstüne daglar goýma, Garybym. Dessanlar. Şasenem – Garyp 238 Türkmen halk döredijiligi Garyp: Boýnuň burup, melul-melul bakyban, Dal gerdene tylla heýkel dakyban, Ak gollara gyzyl hyna çekiban, Agla, Senem, aýralygyň günüdir. Şasenem: Indi sensiz niçik owkadym öter? Aýralyk söwdasy hemmeden beter, Pyrakyň oduna köýenim ýeter, Ýene otlar salma jana, Garybym. Garyp: Garyp aýdar, gitsem, ýollar dumandyr, Jemalyň görmäge arzuwym kändir, Bu gün aýralykdyr, ahyrzamandyr, Agla, Senem, aýralygyň günüdir. Şasenem: Şasenem diýr, bagrym para kylar men, Bir gül erdim, açylmaýyn solar men, Gül ýüzüň görmesem, imdi öler men, Didar kyýamata goýma, Garybym! Garyp Şasenem bilen hoşlaşyp, zar-zar aglap, Bagdada ugrady. Şasenem köşgüne gaýdyp geldi. Şol gün Şaapbas atlylary bilen şikare çykyp aw awlaýardy. Bularyň öňünden bir gulan geldi. Patyşa: − Bu gulanyň daşyny gabap diri tutmaly! Kimde-kim bu gulany tutup bilmän, öz üstünden geçirse, başy ölümli, maly talaňly − diýip höküm etdi. Atlylar halka gurap, sap-sap bolup, gulanyň daşyna aýlandylar. Gu- lan dogry patyşanyň üstünden geldi-de, syçrap gaçyp gitdi. Patyşa utan- jyndan gulanyň yzyndan at saldy. Gulan gaçdy, patyşa kowdy, ahyrynda aýlanyp-dolanyp, Naýzahal depesine bardy. Şaapbasyň gözi Şaseneme düşdi. Şasenem atasyny tanap, Hudaýa mynajat edip, bir gazal aýtdy: 239 Kadyr Alla, dergahyňa sygyndym, Men niçik bi ýerde hyjap eýläýin. Ganat ýazyp, uçup çyksam asmana, Söwer gullaryňa jogap eýläýin. Wujudyna ýetir didämiň okun, Erenlere degrip gamzanyň okun, Şaapbasdan ötür gazabyň okun, Özüm gutarmaga hyjap eýläýin. Görse bozar, aşyklaryň şanyny, Maňa geýdir bu gün ajal donuny, Jilwe bilen alam atam janyny, Bu gün mertligiňi hasap eýläýin. Ýüzüme ýetirgil Wamygyň ýüzün, Tilime getirgil Uzranyň sözün, Gözüme hem bergil Leýliniň gözün, Göreniň bagryn kebap eýläýin. Bu çöl ýerde meni kylma hary-zar, Duşmanlar golunda goýma giriftar, Dadyma ýetişgil, eý-ä, Biribar, Peşeýman men, indi sogap eýläýin. Senem diýr, bu ýerde garyp olup men, Bir täze gül idim, indi solup men, Bu gün Şaapbasa duçar olup men, Kaýsy betbagtlygym hasap eýläýin. Şaapbasyň gözi Şaseneme düşüp, huşundan gidip ýykyldy. Şasenem: «Huda berse guluna, getirip goýar ýoluna» diýip, atasynyň atyna münüp, niredesiň Diýarbekir diýip, basdy ata gamçyny, baryp köşgüne girdi. Indi sözi Şaapbasdan eşideliň. Gulany kowup barşyna, öz gyzy Şasenemi görüp, ol beýhuş bolup ýykyldy. Nökerleri «Patyşa näme bol- Dessanlar. Şasenem – Garyp 240 Türkmen halk döredijiligi duka?» diýip, yzyndan gaýtdylar. Gelip görseler, huşundan gidip ýatyr. Nökerleri patyşany göterip, köşgüne alyp gitdiler. Patyşa birnäçe wagtdan soň özüne geldi. Wezirler: − Eý, patyşahym, size näme boldy? – diýip soradylar. Patyşa başyndan geçirenini beýan edip, bir gazal aýtdy: Eý, ýaranlar, Diýarbekir ýurdunda, Aklym aldy ala gözli bir peri. Indi ölsem gerek onuň derdinde, Ganym dökdi gara gözli bir peri. Bilbil bolup gezsem ýaryň bagynda, Säherler saýrasam ýar soragynda, Şenbe şikarynda, şamgäh çagynda, Ganym dökdi gara gözli bir peri. Gözüm düşdi onuň reňňi-roýuna, Dal gerdeni, kamatyna, boýuna, Yşk ataşy düşdi köňlüm öýüne, Ýakdy janym gara gözli bir peri. Göründi gözüme bir mahy-enwer, Ýa gulman, ýa hüýrdür, ýa peri-peýker, Jemaly, şuglasy älemi örter, Aldy janym ala gözli bir peri. Bir peridir tawus kibi bezenmiş, Gaşy keman, kirpik oka gezenmiş, Aşyklaryn öldürmäge dözenmiş, Aklym aldy ala gözli bir peri. Suraty, hyýaly gitmez gözümden, Senasy, öwsapy gitmez sözümden, Görgen zaman men hem gitdim özümden, Aklym aldy ala gözli bir peri. Hüýrler ança bolmaz jennet içinde, Görgeç meni goýdy hesret içinde, 241 Turdy, tagzym etdi, goly saçynda, Aklym aldy ala gözli bir peri. Depäniň üstünde gördüm laçyny, Tylla şana birle darar saçyny, Kime diýek, dostlar, köňlüm hoşuny, Aklym aldy ala gözli bir peri. Şaapbas diýer, aňsyz jany näteýin? Indi aşyklygyň ýolun tutaýyn, Ölinçäm şol ýary sorag edeýin, Aklym aldy ala gözli bir peri. Şaapbas bu sözüni tamam etdi. Patyşanyň bir akylly weziri bardy. Ol: − Eý, patyşahym, ol ýerde peri näme işlär. Bu Hudaý tagalanyň size gudratyny görkezip durdugydyr. Sebäbi siz Hasan weziriň ogly Garyby owal giýew edindiňiz, soň duşman gepine gidip, oňa gyzyňyzy bermän, ýurdundan kowduňyz. Onuň yhlasy üçin Hudaý tagala size bir gudrat görkezendir − diýdi. Patyşa bu sözi makul tapyp: − Garyby tapyp geliň. Şasenemi oňa bereýin, toý-tomaşa kylaýyn, maksatlaryna ýetireýin! − diýip, bir gazal aýtdy. Joşaýyn-joşaýyn gaýnap joşaýyn, Yşkyň ody ýaman eken, janlarym. Garyp gelse, Senem jana goşaýyn, Yşkyň ody ýaman eken, janlarym, Neçün estden giden wagtym ölmedim? Öz başyma gelmeginçe bilmedim, Görgeç any gan ýygladym, gülmedim, Yşkyň ody ýaman eken, janlarym. Baryň kazy bilen müfti getiriň, Wezir-wekil, şahyt bolup oturyň, Aşyklary myradyga ýetiriň, Yşkyň ody ýaman eken, janlarym. * 16. Sargyt № 3166 Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling