Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet95/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Dessanlar. Saýatly Hemra


270
Türkmen halk döredijiligi
Saýat han durman gider boldy, Hemra biraz ýatmakçy boldy. Saýat han 
bir derbende çykyp garady, yzlaryndan bir çaň peýda boldy. Bir gara dag 
bardy. Atlylar daýyrdaşyp ondan aşyberdiler. Saýat han gelip, Hemrany 
oýardy. Hemra ýerinden turup seretse, köp atly gelýär. Hemranyň reňki-
peti öçüp, gorkup aglaberdi. Ol:
− Gaçaly − diýdi. Saýat han:
− Gaçmaly, maňlaýda baryny göreliň! Bu daglar ganym ganyny 
dökmeli ýerlerdir − diýdi. 
Elgaraz, bular uruşmagy karar edip, özlerini bir belende çekdiler. 
Mämmetsöýün serdar hem görüp, nökerlerini ýygnap, bir belent ýere 
çykypdy. Serdar nökerlerine garap: «Bular munda bar eken. Siz şu ýerde 
duruň, men özüm baryp habar alaýyn. Her niçik bolsa hem patyşazadadyr» 
diýip, Saýat bilen Hemra tarap ugrady, ýakyn baryp salam berdi. Saýat 
han aleýk aldy. Mämmetsöýün serdar:
− Eý, Saýat han, bu işiň patyşalykda köp gabahat işidir. Gel, häli 
hem bolsa gaýtgyn! Patyşadan günäňi diläp, ötünjiňi goraýyn − diýdi. 
Onda Saýat han:
− Eý, serdar aga, indi ýola çykandan soň gaýtmak bolmaz. Atam sizi 
ulaldyp iberipdir, men hem sizi uly bileýin, maňa gaýt diýmäň − diýdi. 
Saýat han oýlanyp:
Saňa diýrem, Mämmetsöýün serdarym, 
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Sen-sen meniň howandarym, hossarym,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Şalaryň ýanynda tutulsyn sözüň, 
Dünýäde ýamanlyk görmesim gözüň, 
Sen meniň atam bol, men seniň gyzyň,
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
At aldynda duşup gitsem pyýada, 
Günbe-günden derdim artar zyýada, 
Gül meňzim solduryp, goýma uýada, 
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Özüň öldür, berme meni zalyma, 
Rehm eýlegil meniň garyp halyma, 


271
Atam galar meniň nähak ganyma, 
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Saýat han diýr, çykdym çarbaga seýle, 
Uçradym bir derde, belaga beýle, 
Ozalda kysmatym ýazyldy şeýle, 
Eltme meni han dädemiň ýanyna!
Elgaraz, Saýat han sözüni tamam etdi. Mämmetsöýün serdar:
− Eý, Saýat han, kyrk kişini gyryp tükedibilmez sen − diýdi. Saýat 
han:
− Sagdagymda segsen okum bar, biri hata gitmez − diýdi. Onda Mäm-
metsöýün serdar:
− Senden bir göz görmesem, gaýtman! − diýip, bir nökerini derbendiň 
üstüne çykaryp başynda alma goýdy. 
− Eý, Saýat han, okçy bolsaň, şuny urgun! − diýdi. Saýat sary ýaýyny 
alyp: «Ýa, şiri derga, pena!» diýip çekip goýberdi. Almanyň ýarysy ok bilen 
gidip, ýarysy jaýynda galdy. Mämmetsöýün serdar ony görüp: «Eý, ýigitler, 
hiç weç bilen bulary alyp bolmaz. Geliň, «Assa gaçan − namart» diýip, 
ýurdumyza aman-esen aşalyň!» diýdi. Bir niçe menzil ýol ýöräp, Mämmet 
hanyň gaşyna geldiler. Mämmet han patyşa:
− Getirmediňizmi? − diýip sorady. Mämmetsöýün serdar:
− Golumyzdan hiç iş gelmedi − diýdi. Onda patyşa dergazap bolup:
− Kyrk kişi bolup, bir kişini getirip bilmediňizmi? − diýdi. Mäm-
metsöýün serdar:
− Eý, patyşahy älem, şir balasy hem şir eken − diýip, bolan işleri bir-
bir beýen etdi:
Arzym eşitgil, döwletli hanym, 
Han Saýady, ýetip, alabilmedim. 
Gazap eýläp nähak dökmegil ganym, 
Han Saýady ýetip, alabilmedim. 
Bilmen kaýsy ýola düşüp gidipdir, 
Ýa gitmän bir ýerde bukup ýatypdyr, 
Ýa bolmasa, orta çöle gidipdir, 
Han Saýady ýetip, alabilmedim. 
Dessanlar. Saýatly Hemra


272
Türkmen halk döredijiligi
Gije-gündiz jebir eýledim janyma, 
Kyrk ýigidi hemra berdiň ýanyma, 
Bu gün arz eder men Mämmethanyma, 
Han Saýady ýetip, alabilmedim. 
Mämmetsöýün diýr, geldim zar aglap
Dört tarapdan hiç tapmadym soraglap, 
Kyrk gün kowdum, ýola bilimi baglap, 
Han Saýady ýetip, alabilmedim. 
Elkyssa, Mämmetsöýün serdar sözüni tamam etdi. Mämmet hanyň 
gahary ýatyşdy. 
Indi sözi Saýat han bilen Hemradan eşidiň. Olar bir niçe ýol ýöräp, 
Ujadag diýen daga ýetişdiler. Görseler, dagyň depesinde bir maral ah çe-
kip ýatyr. Onuň aýagyna çöp urupdyr, batyp galabilmän ah çekip, zeýrenip 
urnup ýatyr. Ol maraly görüp, Hemranyň oňa rehmi inip, bir söz diýdi: 
Sapar aýynyň on dördünde, bäşinde, 
Bu daga bir maral ýaman zeýrendi. 
Uzal degik Ujadagyň başynda, 
Şu dagda bir maral ýaman zeýrendi. 
Meger çölde gezen niçik beladyr, 
Her nala çekişi janym aladyr, 
Öz bagymdan gelen maral boladyr
Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi. 
Biz hem düşdük şol maralyň yzyna, 
Çybynlar gonmuşdyr humar gözüne, 
Gubar düşmüş şol maralyň gözüne, 
Bu bagda bir maral ýaman zeýrendi. 
Duşmanlar jem bolup gelse daşyna, 
Bilmen ne söwdalar düşer başyna, 
Gurban olam gözden akan ýaşyna, 
Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi. 


273
Yzlaýa-yzlaýa bardyk yzyndan, 
Gara ganlar akar iki dyzyndan,
Peşeler uçuşar humar gözünden,
Şu dagda bir maral ýaman eglendi. 
Bu daglardan niçik aşyk ötendir, 
Bir niçesi myradyna ýetendir, 
Tebrenebilmeýen maral ýatandyr, 
Bu dagda bir maral ýaman zeýrendi. 
Aşyk Hemra arzyn aýdar Hudaýa, 
Bu öten günlerim bolupdyr zaýa, 
Dyzyndan aşagy batypdyr laýa, 
Çykabilmän maral ýaman zeýrendi. 
Elgaraz, Hemra sözüni tamam edip, baryp görse, maral ýykylyp 
ýatyr. Saýat han onuň aýagyndan tikeni tartyp aldy. Horjundaky der-
mandan onuň ýarasyna sepdi. Ol janawer turup tagzym kyldy, bularyň 
öňüne düşüp üç gije-gündiz ýol görkezdi. Bir niçe menzil ýol ýöräp, 
Häzirbeýjanyň bir gyrasyndan geldiler. Ýolda Selbiniýazyň hünjüsiniň 
üzülen ýerine geldiler. Hemra ol ýeri görüp, Selbiniýaz ýadyna düşüp zar-
zar aglady. Saýat han: «Eý, Hemra jan, ne üçin aglar sen?» diýdi. Onda 
Hemra jogap berip, bir söz diýdi:
Almasyna daş atdygym, näzli ýar, 
Atdygym ýadyma düşer aglaryn, 
Gol uzadyp ýar mämesin tutdugym, 
Tutdugym ýadyma düşer aglaryn. 
Mekgäniň öňünde mähraby münber, 
Alynyň öňünde ýöridi Ganbar.
Saçyna sepdigim müşk ile anbar, 
Sepdigim ýadyma düşer aglaryn. 
Bilbilli, çemenli, bostanly baglar, 
Selbiniýaz seýil edip, miwesin awlar, 
Ýar bilen badalar içdigim çaglar,
Içdigim ýadyma düşer aglaryn. 
* 18. Sargyt № 3166
Dessanlar. Saýatly Hemra


274
Türkmen halk döredijiligi
Sen bolsaň halypa, men bolsam talyp,
Jan çykyp jesetden, göwre boş galyp,
Selbiniýaz bagynda galdy muňalyp, 
Galdygy ýadyma düşer aglaryn. 
Leýli kimin Mejnunyny ýitirip, 
Kadyr möwlam bir maksada ýetirip, 
Söwer ýaryň gara zülpün göterip, 
Öpdügim ýadyma düşer aglaryn. 
Hemra diýer, jan jesetden üzüldi, 
Gara bagrym suw boluban ezildi, 
Oýnar edik, ýar hünjüsi üzüldi, 
Üzdügim ýadyma düşer aglaryn. 
Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Hemranyň Selbiniýaz atly 
ýarynyň bardygyny Saýat han takyk bildi. Saýat han: «Eý, Hemra, sen 
namart ekeniň. Ne gadar ýalan sözlediň. Şunça ýoldan ýat ile gelip, ikiň 
biri bolandan, çöllerde ölüp-ýitip gidenim gowudyr» diýdi. Öz göwnüne 
öwüt berip: «Hoş gal, Hemra jan!» diýip, bir söz aýtdy: 
Gel, göwnüm, men saňa öwüt bereýin, 
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm.
Kysmatym ne bolsa, ony göreýin, 
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm. 
Çyn güli saklasaň, müň ýylda solmaz,
Biwepanyň hergiz ykrary bolmaz,
Belki, diýrem: kişi ýary ýar bolmaz,
Ýary başga biwepadan dön, göwnüm. 
Mert ýigitler bar zadyny bar eýlär, 
Muhannes giň jahany dar eýlär,
Biwepaga göwün berseň, har eýlär,
Göwni başga biwepadan dön, göwnüm. 
«Ýarym sen» diýip, ýerde goýmadym sözün,
Seň üçin soldurdym atamyň ýüzün,


275
Biwepanyň azdyr oýdursaň gözün,
Ykrary ýok biwepadan dön, göwnüm.
Asly biwepadan bu göwnüm geçdi,
Aşretiň guşlary asmana uçdy,
«Başga ýarym ýok» diýip, kasamlar içdi,
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm. 
Näler çekdim biwepanyň renjini, 
Rakyplar emmesin lebim gandymy, 
Eşit indi han Saýadyň pendini, 
Iki dilli biwepadan dön, göwnüm. 
Elgaraz, Saýat han sözüni tamam edip: «Eý, Hemra seni sag-aman 
öz ýurduňa getirdim. Ýagşylyk, ýamanlyk edip, ynjydan bolsam, razy 
bolgun! Indi saňa ýurt gutly bolsun, maňa ýol!» diýip, atyň başyny dön-
derip, ýola rowana boldy. 
Hemra Saýadyň yzyndan gidýär. Ol taýda Saýat bilen ýaraşýar we 
ikisi Hemranyň ýurduna gaýdýar. Hemra Saýady Aşyk Ahmediň hara-
zynda goýup, kejebe getirmek üçin öýüne ugraýar. Selbiniýaza bolan 
ahwalaty aýdýar. Şeýlelikde, Hemra at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, 
bagşy aýtdyryp, ýedi gije-gündiz toý edip, Saýat han bilen Selbiniýazy 
nikalap alýar. 
Dessanlar. Saýatly Hemra


276
Türkmen halk döredijiligi

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   91   92   93   94   95   96   97   98   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling