Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Dessanlar. Saýatly Hemra
266 Türkmen halk döredijiligi ak pata beriň!» diýdiler. Aşyk Ahmet garawullara pata berip, özi bolsa «Nirde sen, Häzirbeýjan» diýip, ýoluna rowana boldy. Indi sözi Saýat han bilen Hemradan eşidiň. Aşyk Ahmedi ugradyp, ikisi tylla köşgüň üstünde aýş-eşrete meşgul boldular. Günlerde bir gün säher wagty Saýat han ukudan oýandy. Hemrany oýatman, özi: «Baga baryp, Hemra jana gül bogup geleýin» diýip, baga girip gitdi. Bir zaman- dan soň Hemra hem oýandy. Görse, Saýat han ýok, Hemranyň göwnüne geldi: «Meger Saýat hanyň menden başga hem ýary bardyr, şonuň ýanyna gidendir» diýip, hapa bolup oturdy. Şol wagt Saýat han bir desse gül bo- gup, mesdan-mesdan basyp, ýylgyryp geldi. Hemra ony görüp, synasynda sabyr-takady galman, Saýat hana garap, sazyny eline alyp, bir söz diýdi: Her saba gezeýdim güli-gülşende, Baglar arasynda boldum ýeserli. Müşki-tatar moýlym, meýna gerdenlim, Söwdügim, eliňden boldum heserli. Asal, şeker leblerinde ezilmiş, Müşki-anbar moýlaryna düzülmiş, Humarlanyp, ala gözler süzülmiş, Zülpi zerewşanly, müşki anbarly. Munakgaş öýlerde, ak otaglarda, Bilbil pygan eder soly-saglarda, Düwürjik-düwürjik al ýaňaglarda, Dür, göwher düzülmiş, çün ýüzi derli. Ne sebäpden gül dek meňzim sargara, Hesretinden bagrym başy müň para, Iki mämäň meňzär ol goşa nara, Alma zenehdanly, ýüzi gülerli. Gökde bulut oýnar, derýada mahy, Seni gören aşyk köp çeker ahy, Hemra bir dilenji, sen jahan şahy, Seniň dek görmedim bir simi zerli. 267 Elkyssa, ondan soň, Hemra bilen Saýat han ikisi goşulyp, bag seýli- ne barýardylar. Ol bagda Saýat hanyň eldeki keýikleri bardy. Saýat han: − Eý, Hemra jan, bu keýikleri gördüňmi? Siziň ýurdyňyzda mundag keýikler barmy? − diýdi. Onda Hemra: − Eý, Saýat han, bular bu ýere azaşyp gelipdir. Bolmasa, bularyň asly mekany biziň ýurdumyzdyr. Bulara biziň ilimizde «Jeren» diýip at bererler − diýip, sazyny eline alyp, jerenlere garap, bir gazal aýtdy: Serim gurban olsun seni görende, Biziň iliň jerenidir-jereni. Päli azyp jeren munda gelipdir, Öz ilimiň jerenidir-jereni. Akar çeşmelerim sile dolduran, Sargaryban gyzyl meňzim solduran, Arap atym, ýüwrük tazym öldüren, Öz ilimiň jerenidir-jereni. Uzakdan ak bolar jereniň özi, Depesinde bardyr goşa buýnuzy, Seýr eýläp gelipdir dag bilen düzi, Biziň iliň jerenidir-jereni. Jeren gezer dag başyna dulanyp, Dulanyban, çeşmelerden suwlanyp, Aşyk Hemra, haýran bolar aýlanyp, Biziň iliň jerenidir-jereni. Elgaraz, Hemra sözüni tamam etdi. Saýat han: «Meniň bir inçe laçyn guşlarym bardyr» diýip, Hemrany alyp ýöriberdi. Bir howzuň başyna baryp, oturyp, laçyn guşlary gördüler. Şu wakadan soň, Saýat han bilen Hemra birnäçe gezek tersleşip, ýaraşýarlar. Şeýle tersleşmeleriň birinde Hemranyň gahary gelip: «Saýat han dek gyzy her ýerden tapar men» diýip, bir gazal aýtdy: Muhabbetli göwnüm açyp, Onda ahy-zarym galdy. Dessanlar. Saýatly Hemra 268 Türkmen halk döredijiligi Zülplerin her ýana saçyp, Ala gözli ýarym galdy. Ömrüm galdy, göwün çagym, Köp meniň synamda dagym, Ter açylan bakja-bagym, Gülşenim, gülzarym galdy. Her säherler ahyn çekip, Gözden ganly ýaşyn döküp, Jeren kibi oýnap, böküp, Maral gözli ýarym galdy. Mansur deý dara çekildim, Halyl deý nara atyldym, Ýusup deý Müsüre satyldym, Onda hyrydarym galdy. Hemra diýer, öz ilimde, Hak senasy bar dilimde, Häzirbeýjanyň ilinde, Selbi atly ýarym galdy. Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Ondan soň bagdan çykyp ýöri- berdi. Muny gören Gummaz çory Saýat hanyň ýanyna baryp: «Hemra siziň söýünji bereniňizi eşidip, öýkeläp bagdan çykyp barýar. Ol herdem- hyýal eken, onuň başga ýary bar eken. Size ýallandan dil beren eken» diýdi. Saýat han bu sözi eşidip, Hemranyň yzyndan ýetip, gahar bilen: «Eý, Hemra jan, ýol bolsun, nirä barar sen? « diýdi. Hemra Saýat hana garasa, gahary gelipdir, her gözi pyýala dek bolup, içinden ot çykýar. Hemra gorkup, başyndan huşy gidip, Saýat hana garap, bir söz diýdi: Maral kibi kirpikleri san bermiş, Habar alyň, han Saýada ne boldy? Aşygyn öldürip ýa-da jan bermiş, Habar alyň, han Saýada ne boldy? 269 Ak ýüzünde bardyr bir jüre haly, Leblerinde bardyr şekeri, baly, Men bilmenem, nedir gözel hyýaly, Habar alyň, han Saýada ne boldy? Habar alyň näzli ýaryň näzinden, Ibrişim nikabyn alyň ýüzünden, Saçy şamar kibi öter dyzyndan, Habar alyň, han Saýada ne boldy? Sözleýende dür saçylar sözünden, Elip dek kaddyndan, Aý dek ýüzünden, Hemra diýer, aýrylmanam özünden, Habar alyň, han Saýada ne boldy? Elkyssa, Hemra sözüni tamam etdi. Hemranyň gorkanyny bilip: − Eý, Hemra jan, sen kaýan gitseň, men hem seniň bile gider men. Meniň senden başga göwün hoşum bolmaz. «Duşman bilmesin» diýip, gelen adamlara söýünji berdim − diýdi. Saýat han bilen Hemra her atyň sagrysyna bir horjun tyllany goýup, Saýat han hem erkek lybasyny geýip, şahana lybaslaryny atyň ardyna goýup, ikisi hem ata münüp: «Kaýda sen, Häzirbeýjan» diýip, ýola rowa- na boldular. Emma kenizleriň biri olaryň syryny aňlap, şeraby az içipdi. Ol tiz huşuna geldi. Görse, Saýat han Hemra bilen gaçypdyr. Keniz niçe menzil ýol ýöräp: − Eý, patyşahym, Häzirbeýjan welaýatynda Aşyk Hemra diýen bir oglan gelip gezip ýördi. Saýat han bibimiz şol oglan bile gaçypdyr − diýip, Mämmet hana habar berdi. Mämmet hanyň gahary gelip: − Neüçin ozal habar bermediňiz? − diýip, bu kenizi öldürer boldy. Onda keniz: − Patyşanyň işi bilen gedanyň dahyly bolarmy? Ol biziň patyşamyzyň gyzydyr − diýip jogap berdi. Mämmet hanyň gahary gaçdy. Patyşanyň Mämmetsöýün diýen bir serdary bardy. Onuň ýanynda kyrk ýigit nökeri bardy. Mämmet han Mämmetsöýün serdary kyrk ýigide baş edip, Saýat han bilen Hemranyň yzyndan iberdi. Emma Saýat han, Hemra niçe menzil ýol ýöräp, bir daga ýetişdiler. Download 1.41 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling