Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet56/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Şadessanlar. Gorkut ata


144
Türkmen halk döredijiligi
144
− Girdim − diýdi. 
Depegöz: 
− Men seni şeýlebir çalaýyn, gümmez bile birlikde dagap gider 
sen! − diýdi.
Beset Haka ýalbardy. Gümmeziň ýedi ýerinden gapy açyldy, biri-
sinden daşary çykdy.
Depegöz gümmeziň içine elini aýlap urdy welin, gümmez astyn-
üstün boldy. Depegöz:
− Oglan, gutuldyňmy? − diýdi. 
Beset:
− Taňrym gutardy! − diýdi. 
Depegöz aýdar:
− Ýigit, saňa ölüm ýok. Sen şol gowagy gördüňmi? 
Beset aýdar: 
− Gördüm. 
Depegöz aýdar:
− Onda iki gylyç bar, biri gynly, biri gynsyz. Ol gynsyz keser meniň 
başymy. Bar getir, meniň başymy kes!
Beset gowagyň gapysyna bardy. Gördi, bir gynsyz gylyç durmaz, 
aşak-ýokaryk iner, çykar. Beset aýdar:
− Men muňa ýapyşmaýyn − diýip, öz gylyjyny çykardy, eltip gylyjyň 
aşagyna tutdy, ony hem iki para etdi. Ol ýaýyny eline alyp, ok bilen ol 
gylyjyň asylyp duran zynjyryny urdy, gylyç ýere düşdi, gömüldi. Gylyjy 
gynyna sokdy, ol gylyjyň baljagyndan berk tutdy. Geldi, aýdar: 
− Ýeri, Depegöz, niçik sen? 
Depegöz aýdar:
− Ýeri, oglan, sen heniz hem ölmediňmi? 
Beset aýdar: 
− Taňrym gutardy. 
Depegöz aýdar: 
− Saňa ölüm ýok eken!
Depegöz gygyryp söýlemiş, göreliň, ne söýlemiş. Aýdar:
− Gözüm, gözüm, ýalňyz gözüm,
Sen ýalňyz göz bile oguzy syndyrmyşdym.
Ala gözden aýyrdyň, ýigit, meni,
Datly jandan aýyrsyn kadyr seni!


145
145
Beýle çeker men göz muňyny;
Hiç ýigide bermesin kadyr Taňry göz muňyny!
Depegöz ýene aýdar:
− Galarda, goparda, ýigit, ýeriň niredir? 
Garaňky gijede azaşsaň, ümiň nedir? 
Gaba baýdak göteren hanyňyz kim? 
Göreş güni öňden depen alpyňyz kim? 
Ak sakgally babaň ady nedir? 
Alp äre adyny ýaşyrmak aýyp bolar. 
Adyň nedir, ýigit, diýgil maňa!
Beset Depegöze söýlemiş, göreliň, hanym, ne söýlemiş: 
− Galarda, goparda, ýerim günorta, garaňky gijede azaşsam, ümüm 
Alla, gaba alam
1
göteren hanymyz Baýandyr han, göreş güni öňden depen 
alpymyz Salyr Gazan, atam adyn sorar olsaň, Gaba Agaç, enem adyn 
sorasaň, Kagan Arslan, meniň adym sorsaň, Oraz ogly Besetdir.
Depegöz aýdar:
− Indi ikimiz dogan ekenik, maňa gyýma! 
Beset aýdar:
− Eý, akmak, ak sakgally atamy agladyp sen, 
Garryja ak bürenjekli enemi bozladyp sen, 
Garyndaşym Koýany öldürip sen, 
Akja ýüzli ýeňňemi dul eýlemiş sen. 
Duşmanym! Seni gara polat, uz gylyjym tartmynça, 
Gapyl-görkli başyň kesmeýençä, 
Alja ganyň ýer ýüzüne dökmeýençä, 
Gardaşym − Koýanyň ganyn almaýança, goýmanam.
Depegöz hem bu ýerde söýlemiş. Aýdar:
− Galkyban ýerimden turam diýerdim,
Galyň oguz beglerinden ähtim pozam diýerdim.
Ýaňadan doganyn gyram diýerdim,
1
Alam – baýdak
* 10. Sargyt № 3166
Şadessanlar. Gorkut ata


146
Türkmen halk döredijiligi
Bir gez adam etine doýam diýerdim.
Galyň oguz begleri üzrüme ýygylyp gele diýerdim.
Gaçyban salahana gaýasyna girem diýerdim,
Agyr manjanak daşyn atam diýerdim,
Inip daş başyma düşüp, ölem diýerdim.
Ala gözden aýyrdyň, ýigit, meni,
Datly jandan aýyrsyn kadyr seni!
Depegöz bir dahy söýlemiş. Aýdar:
− Aksakgally (gojalary) köp aglatmyşam,
Ak sakgalyň gargyşy tutdy ola, gözüm, seni,
Ak bürenjekli (aýallary) köp aglatmyşam.
Göz ýaşy tutdy ola, gözüm, seni.
Ýaňagy gararan ýigitjikleri köp iýmişem,
Ýigitlikleri tutdy ola, gözüm, seni.
Eljagazy hynaly gyzjagazlary köp iýmişem,
Gargyşlary tutdy ola, gözüm, seni...
Eýle kim çekerem göz muňyny,
Hiç ýigide bermesin kadyr tasry göz muňuny!
Gözüm-gözüm, eý, gözüm, ýalňyz gözüm!
Beset gaharly ýerinden tura geldi. Bugra kimin Depegözi dyzynyň 
üstüne çökerdi. Depegözüň öz gylyjy bilen boýnuny ordy. Dildi, ýaý kirşin 
dakdy, süýreý-süýreý, gowak gapysyna geldi. Ýüňli goja bilen Ýapagly go-
jany oguza buşlukçy gönderdi. Ýerli-ýerden gyr atlar münübän ýörüşdiler. 
Galyň oguz illerine habar geldi. At agyzly Oraz gojanyň öýüne çapar geldi. 
«Buşluk, ogluň Depegözi depeledi!» diýdi. Galyň oguz begleri Depegözüň 
bolan gaýasyna geldiler. Depegözüň başyny oba getirdiler.
Dädem Gorkut gelip, şatlyk çaldy. Gazy erenler başyna näme geldigin 
aýdyp berdi hem Besede alkyş berdi: − Gara daga indiginde aşyt bersin, 
derýa-suwlardan geçit bersin!
Ärligiň bile gardaşyň ganyny aldyň. 
Galyň oguz beglerini mundan gutardyň, 
Kadyr Alla ýüzüňi ak etsin, Beset! −
diýdi.


147

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   52   53   54   55   56   57   58   59   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling