Türkmen halk döredijiligi
Download 1.41 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
JAPBAKLAR HAKDAKY
ŞORTA SÖZLER Öküziň kellesi huma gaçypdyr Japbaklaryň bir garry öküzleri bar eken. Japbaklar bir-birine igenişip, öküzlerine idili ot-suw bermez eken. Bir gün öküz suwsap, gapdalyndaky suwly huma kellesini sokup, suwuny içipdir. Ondan soň öküz kellesini humdan çykarjak bolanda, kellesi humdan çykmandyr. Öküz humy kellesine göterip, howlynyň içinde molap, iki ýana ça- pypdyr. Japbaklar muny görüp ylgap öküzi tutup: − Indi bu öküziň kellesini nädip humdan çykarmak bolarka? – diýip maslahatlaşýarlar. Onda Japbaklaryň biri: − Humy döwüp, öküziň kellesini çykarmaly – diýipdir. Onda beýleki Japbak: − Ýok, humy döwjek bolup, öküzi haram öldüris, öňürti öküziň kellesini kesip, ondan soň humy döwüp, öküziň kellesini çykarmaly – diýipdir. Japbaklaryň hemmesi munuň sözüne: «Dogry-da dogry» diýşip, öňürti öküziň kellesini kesipdirler, ondan soň humy döwüp, öküziň kel- lesini çykarypdyrlar. Dört bolsaň pag-da Japbaklar dört dogan bolup bir gün degirmene un çykarmaga barypdyrlar. Degirmeniň kilwany: − Eý, Japbaklar, bu gün size nobat ýetmez, erte geliň – diýip aýdypdyr. Japbaklaryň birisi: − Biziň nobatymyz şu gündür – diýip, kilwany tutýar, beýlekisi hem dolyny boşadýar, galan ikisi hem bugdaýlaryny degirmene guýup, un çykaryp gaýdýarlar. Olar gaýdyp gelýärkäler, ýolda öňlerinden degirmene barýan bir adam çykyp: − Ýeri, Japbaklar, degirmende nobat köpmi? – diýip sorapdyr. Jap- baklar hem: − Nobatyň köpüni-azyny bilmeris, emma özüň dört bolsaň pag-da – diýipdir. 117 Geliň, süýräp çykaralyň Bir gün Japbaklaryň ekinine bir mal giripdir. Japbaklaryň birisi: − Geliň, bu maly ekinimiziň içinden itip çykaralyň – diýipdir. Onda beýlekisi: − Eger itip çykarsak, aýagymyzy basyp ganadar. Geliň, muny kowup çykaralyň – diýipdir. Ýene biri: − Muny kowup çykarsak, ekinimizi basgylap harap eder, muny göterip çykarmak gerek – diýipdir. Onda ululary: − Eý, akmaklar, göterip çykarsaň, bir-biriňize çolaşyp, ýykylyp ölersiňiz, ony süýräp çykarmak gerek – diýipdir. Halky kyssalar. Şorta sözler |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling