Türkmen halk döredijiligi


Download 1.41 Mb.
Pdf ko'rish
bet15/109
Sana31.01.2023
Hajmi1.41 Mb.
#1144816
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   109
Bog'liq
Türkmen halk döredijiligi II-2017`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Halky kyssalar. Jadyly ertekiler


44
Türkmen halk döredijiligi
gyz doganlaryny ýagşy görüpdirler. Aýallar muny gabanyşyp: «Bizi şu 
gyzça görmeýär, geliň, bir maslahat edeliň» diýşipdirler. Onda iň uly 
doganynyň aýaly:
− Geliň, şuny basyp, bogazyna we gulagyna gurşun guýalyň − diýip-
dir. 
Iň kiçi doganynyň aýalyndan özgesi şu maslahata goşulypdyr, emma 
ol:
− Beýle iş etmek bolmaz – diýip, garşylyk görkezende, oňa:
− Seniňem bogazyňa gurşun guýarys – diýip gorkuzypdyrlar.
Bular Akpamygy basyp, bogazyna we gulaklaryna gurşun guýupdyr-
lar. Şonda iň kiçi doganynyň aýaly hem gorkusyna Akpamygyň bir 
syçalasyndan tutupdyr. Akpamygy şeýdip, lal we güň edipdirler. Emma 
Akpamygyň körpe gelnejesi gorkusyna gaýynagalaryna hiç zat aýdyp 
bilmändir. Akpamyk gün geldigiçe horlanypdyr.
Doganlary:
− Uýam jan, saňa näme bolýar? – diýseler hem ol jogap bermändir.
Ahyry ýeňňeleriniň iň ulusy:
− Muňa näme bolýanyny men bilýän – diýipdir.
− Ýeri, bilseň, näme bolýar, aýt-da!
Ol aýal:
− Akpamyga är gerek, ýürejigine kär gerek – diýipdir. 
Onda agalary: 
− Kimi halasa, baraýsyn – diýipdirler. 
Şonda ýeňňeleriniň kiçisi:
− Muny bir düýä mündürip goýberiň, kimi halasa, özi barar – diýipdir. 
Doganlary bir akmaýany kejebeläp, bezäp, Akpamygy mündürip 
goýberýärler. Şol wagtlarda patyşanyň ogly bilen weziriň ogly awa çykan 
ekenler, olaryň gözleri çölüstanda bir gara kaklyşýar. Gelseler, üsti bezegli, 
kejebeli maýa öz ugruna otlap ýör.
Patyşanyň ogly:
− Içi meniňki – diýipdir.
Weziriň ogly:
− Daşy meniňki – diýipdir.
Ikisi iki ýerden at salyp barýarlar welin, ine, akmaýanyň üstünde 
kejebäniň içinde şeýle bir gyz bar welin, iýme-içme-de seret-de otur.
Ýigitler:
− Aý, gyz, ynsmysyň, jynsmysyň, dillen – diýip sorapdyrlar. 


45
Jogap ýok. «Gyz hiç geplemese-de, lal bolsa-da aljak» diýip,
patyşanyň ogly Akpamyga öýlenipdir.
Aradan bir ýyl töweregi geçensoň, onuň bir ogly bolupdyr. Bu oglan 
dört-bäş ýaşapdyr. Emma Akpamyk entegem geplemändir. 
Patyşanyň ogly:
− Gel, indi bir aýal alaýyn, ýogsam boljak däl – diýip, aýal göz-
lemäge çykypdyr.
Akpamyk öz içinden: «Bu kembagtlyk hemme ýerde maňa zyýan 
getirýär» diýip, çörek hem bişirmän oturyberipdir. 
Akpamygyň ogly gelip:
− Eje, çörek – diýipdir. 
Akpamyk öňki dilsizliginiň üstüne äri hem öýlenmegiň ugruna 
çykansoň, gamgyn bolup oturşyna ogluna çörek hem bermändir. Onda 
ogly ony ýeňsesinden itip: «Eje, çörek diýýän» diýip, gaty kakypdyr 
welin, bogazyndaky gurşun «lark» edip gaçypdyr we onuň dili açylypdyr. 
Ondan soň Akpamyk ogluna:
− Balam, gulagyma-da bir ur – diýipdir. 
Onuň ogly gulagyna-da urýar welin, gulagyndaky gurşun hem ga-
çyp, gulagy hem açylypdyr. 
− Beýleki gulagyma hem ur – diýýär. Ogly ol gulagyna hem «Eje, 
çörek» diýip urupdyr, şonda onuň ol gulagyndaky gurşun hem gaçyp, 
Akpamyk salamat bolupdyr. 
Patyşanyň ogly şol gün yzyna bir ýaş gelni tirkäp gelipdir. Ol gelen 
wagty, Akpamyk çökelik
1
gaýnadyp oturan eken. Çökelik çogup, dökülip 
duran eken. Täze alnyp gelen gelin atyň üstünden:
− Mesdi haýran, 
Döküldi aýran!
– diýip gygyrypdyr.
Heniz gelip atdan düşmedik gelniň beýle zäherli sözüne Akpamyk:
Geline bak, geline.
Gele-gelmän diline,
Özi eýer gaşynda,
Gözi ojak başynda
– diýip jogap beripdir. 
Şazada Akpamygyň diliniň açylandygyny görüp, begenjinden yzyna 
tirkäp gelýän gelnini şol wagt atdanam düşürmän, yzyna iberipdir. Ol 
Akpamyk bilen täzeden bagtly ýaşaşyp başlapdyr.

Çökelik – peýnir etmek üçin ýagy alnan süýdüň ýa-da gatygyň gaýnadyl-
magy.

Download 1.41 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   11   12   13   14   15   16   17   18   ...   109




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling